Ýahýa 13:1—38

  • Isa şägirtleriniň aýagyny ýuwýar (1—20)

  • Isa Iudanyň dönüklik etjekdigini aýdýar (21—30)

  • Täze tabşyryk (31—35)

    • Biri⁠-⁠biriňizi söýüň (35)

  • Petrusyň ýüz öwürjekdigi aýdylýar (36—38)

13  Isa şu dünýäden gidip, Atasynyň ýanyna dolanmaly wagtynyň+ gelendigini Pasha baýramyndan öň hem bilýärdi+. Ol şu dünýäde ýaşaýan şägirtlerini soňky demine çenli söýdi+.  Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis Isa dönüklik etjek+ Simunyň ogly Iuda Iskariýotyň içine giripdi+.  Isa Atasynyň ähli zady oňa tabşyrandygyny we Hudaýdan gelip, ýene yzyna dolanmalydygyny bilýärdi+.  Isa saçak başyndan turup, donuny çykardy-da, ýaglyk bilen bilini guşady+.  Soňra legene suw guýup, şägirtleriniň aýagyny ýuwup başlady, biline daňan ýaglygy bilen aýaklaryny süpürdi.  Soňra ol Simun Petrusyň ýanyna bardy. Petrus bolsa: «Halypam, aýagymy ýuwjak bolýaňmy?» diýdi.  Isa: «Näme edýändigime häzir düşünmersiň, soň düşünersiň» diýdi.  Ýöne Petrus: «Saňa aýagymy ýuwdurmaryn» diýdi. Isa: «Ýuwdurmasaň+, meniň ýanymda bolup bilmersiň» diýdi.  Simun Petrus: «Halypam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, kellämi-de ýuw» diýdi. 10  Isa: «Suwa düşen adamyň bedeni arassadyr, şonuň üçin aýagyny ýuwmak ýeterlikdir. Ýöne araňyzda biriňiz arassa däl» diýdi. 11  Isa kimiň dönüklik etjekdigini bilýärdi+. Şonuň üçin hem: «Araňyzda biriňiz arassa däl» diýdi. 12  Isa olaryň aýagyny ýuwansoň, donuny geýip, saçak başyna geçdi. Ol: «Meniň näme edendigime düşündiňizmi? 13  Siz maňa „Mugallym“ we „Halypa“ diýýärsiňiz. Men, dogrudanam, Mugallymyňyz we Halypaňyz+. 14  Men Halypaňyz we Mugallymyňyz bolup-da, aýagyňyzy ýuwan bolsam+, onda siz hem biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmaly+. 15  Men size görelde görkezdim. Men näme eden bolsam, sizem şeýle etmeli+. 16  Size hakykaty aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir. Iberilen hem iberenden beýik däldir. 17  Siz muňa düşünip, ýerine ýetirseňiz, bagtly bolarsyňyz+. 18  Men siziň ähliňiz hakda aýtmaýaryn. Men saýlan adamlarymy tanaýaryn. Ýöne: „Bile çörek iýenim arkamdan pyçak sokdy*+ diýen sözler ýerine ýetmeli+. 19  Men size boljak zatlary öňünden aýdýaryn. Ähli zat berjaý bolanda, meniň Mesihdigime iman edersiňiz+. 20  Size hakykaty aýdýaryn, iberenimi kabul edýän meni-de kabul edýändir+, meni kabul edýän bolsa, meni Ibereni-de kabul edýändir»+ diýdi. 21  Isa sözüni tamamlansoň, gam-gussa batyp, şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz maňa dönüklik edersiňiz»+. 22  Şägirtleri bolsa Isanyň kim hakda aýdýandygyna düşünmän, geň galyp biri-birine seretdiler+. 23  Resullaryň biri, Isanyň gowy görýän şägirdi+ ýanynda* ýassanyp otyrdy. 24  Simun Petrus oňa seredip: «Kimi göz öňünde tutýandygyny sorasana» diýip yşarat etdi. 25  Ýassanyp oturan şägirt Isa ýakynrak süýşüp: «Halypam, kim ol?» diýip sorady+. 26  Isa: «Çöregi nahara batyryp, kime bersem, şoldur»+ diýdi. Soňra çöregi nahara batyryp, Simunyň ogly Iuda Iskariýota uzatdy. 27  Iuda çöregi alan badyna, içine Şeýtan girdi+. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, çaltrak et» diýdi. 28  Emma saçak başynda oturanlaryň hiç biri Isanyň näme üçin şeýle diýendigine düşünmedi. 29  Pully gutyny Iuda göterýärdi+, şonuň üçin käbirleri Isa oňa: «Baýramçylyga gerek zatlary satyn al» diýendir ýa-da garyplara sadaka bermegi tabşyrandyr öýtdüler. 30  Iuda çöregi alan badyna çykyp gitdi. Eýýäm garaňky düşüpdi+. 31  Iuda gidensoň, Isa şägirtlerine: «Ynsan ogly şöhratlandy+, ol arkaly Hudaý hem şöhratlandy. 32  Hudaý hem Ynsan ogluny tizden şöhratlandyrar+. 33  Balalarym, siziň bilen ýene biraz wagt bolaryn. Meni gözlärsiňiz, ýöne ýehudylara aýdyşym ýaly, size-de aýdýaryn: „Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz“+. 34  Size täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, meniň sizi söýşüm ýaly+, siz hem biri-biriňizi söýüň+. 35  Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler»+ diýdi. 36  Simun Petrus: «Halypam, nirä barýaň?» diýip sorady. Isa: «Meniň barjak ýerime häzir baryp bilmersiň, soň bararsyň»+ diýdi. 37  Petrus: «Halypam, häzir näme üçin gidip bilmeýän? Seniň üçin janymy bermäge-de taýyn»+ diýdi. 38  Isa: «Janyňy berjek diýýäňmi? Saňa hakykaty aýdýaryn, horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme-söz: maňa garşy ökjesini galdyrdy.
Sözme-söz: gujagynda.