Ýahýa 21:1—25
21 Isa şägirtlerine Tiberiýa deňziniň kenarynda hem göründi. Şonda şeýle waka boldy.
2 Ol ýerde Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas+, Jeliläniň Kana şäherinden Natanaýyl+, Zebedeýiň ogullary+ we ýene-de iki şägirt bardy.
3 Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga barýaryn» diýdi. Olar: «Bizem gitjek» diýdiler. Olar gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije balyk tutup bilmediler+.
4 Daň atanda, Isa kenarda durdy, emma şägirtler ony tanamadylar+.
5 Isa olardan: «Balalarym, iýere zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok!» diýdiler.
6 Isa: «Tory gaýygyň sag tarapyna taşlaň, balyk tutarsyňyz» diýdi. Olar tory taşladylar welin, köp balyk tutdular, ýöne tory çekip çykaryp bilmediler+.
7 Isanyň gowy görýän şägirdi+ Petrusa: «Ol Halypamyz!» diýdi. Simun Petrus muny eşidip, ýarym-ýalaňaç egnine eşigini geýip, özüni deňze oklady.
8 Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýykly ýüzüp geldiler. Sebäbi olar kenardan bary-ýogy 100 metr* töweregi uzakdadylar.
9 Olar kenara gelenlerinde, otda bişip duran balygy gördüler, çörek hem bardy.
10 Isa olara: «Tutan balygyňyzdan biraz getiriň» diýdi.
11 Simun Petrus gaýygyň ýanyna baryp, uly balyklardan doly tory çekip, kenara çykardy. Torda 153 balyk bardy. Balyklar köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.
12 Isa olara: «Geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Şägirtleri ondan: «Sen kim?» diýip sorap bilmediler, sebäbi olar Halypasyny tanadylar.
13 Isa şägirtleriniň ýanyna gelip, olara çörek we balyk berdi.
14 Şeýlelikde, Isa direlenden soň, şägirtlerine üçünji sapar göründi+.
15 Olar ertirlik edinip bolansoň, Isa Simun Petrusdan: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni bulardan has köp söýýäňmi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, Halypam! Seni gowy görýändigimi bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa: «Guzularymy otlat»+ diýdi.
16 Isa ikinji gezek: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni söýýäňmi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, Halypam! Seni gowy görýändigimi bilýänsiň» diýdi. Isa: «Guzularymy bak»+ diýdi.
17 Isa üçünji gezek: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni gowy görýäňmi?» diýip sorady. Petrus onuň üçünji gezek: «Meni gowy görýäňmi?» diýip sorandygyna gynanyp: «Halypam, sen ähli zady bilýärsiň. Seni gowy görýändigimi hem bilýänsiň» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Guzularymy otlat+.
18 Saňa hakykaty aýdýaryn, sen ýaşkaň, özüň geýnip, islän ýeriňe gidýärdiň. Ýöne garranyňda eliňi uzadarsyň, seni başga biri geýindirer, islemeýän ýeriňe äkider».
19 Şeýlelikde, Isa Petrusyň nähili ölüm bilen Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny aýtdy. Soňra oňa: «Hemişe yzyma eýer»+ diýdi.
20 Petrus yzyna seredende, Isanyň gowy görýän şägirdiniň+ yzlaryna düşüp gelýändigini gördi. Ol agşamlyk naharynda Isanyň döşüne ýaplanyp: «Halypam, saňa dönüklik etjek kim?» diýip soran şägirtdi.
21 Petrus ony görüp, Isa: «Halypam, oňa näme bolar?» diýdi.
22 Isa: «Men gelýänçäm, onuň ýaşamagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen hemişe yzyma eýer» diýdi.
23 Şonda şägirtleriň arasynda onuň ölmejekdigi hakda gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigini aýtmandy. Ol: «Men gelýänçäm, onuň ýaşamagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.
24 Ähli zady ýazan we şaýat bolan şol şägirtdir+. Biz onuň aýdanlarynyň hakykatdygyny bilýäris.
25 Isanyň eden işleri köpdi, ýöne olar jikme-jik ýazylsa, ýazylan kitaplar tutuş dünýä sygmasa gerek+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: takmynan 200 tirsek. Goşmaça maglumata serediň: B14.