Ýakubyň haty 3:1—18

  • Diliňi saklamak (1—12)

    • Köpiňiz mugallym bolup bilmeýärsiňiz (1)

  • Gökden inen akyldarlyk (13—18)

3  Doganlarym, köpiňiz mugallym bolup bilmersiňiz, sebäbi mugallym bolmak Hudaýyň öňünde uly jogapkärçilikdir+.  Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys*+. Eger kim sözünde ýalňyşlyk goýbermese, ol kämildir, tutuş bedenine⁠-⁠de erk edip* bilýändir.  Eger atlara baş öwretmek üçin agyzzyryk salsak, olaryň tutuş göwresini⁠-⁠de jylawlap bilýändiris.  Şeýle⁠-⁠de gämilere üns beriň. Ullakan gämiler ýeliň ugruna gitseler⁠-⁠de, kiçi rul bilen islän tarapyňa öwrüp bolýar.  Dil hem bedeniň kiçijik agzasy bolsa⁠-⁠da, çendenaşa öwünýär. Oduň uçguny tutuş tokaýy ýakyp kül edip bilýär.  Dil hem otdur+, ol beden agzalarynyň içinde iň zalymydyr. Dil tutuş bedeni hapalap+, adamyň durmuşyny kül edip bilýändir. Dil edil Jähennem* ody ýaly, ähli zady ýok edýändir.  Adamlar her dürli ýyrtyjy haýwanlary, guşlary, süýrenijileri we deňiz jandarlaryny eldekileşdirip bilýär.  Emma hiç bir adam dilini saklap bilýän däldir. Ol hemmelere zyýan ýetirýändir, zäherden doludyr+.  Biz dilimiz bilen hem Ýehowa* Atamyzy şöhratlandyrýarys, hem «Hudaýyň keşbinde»+ ýaradylan adamlara gargaýarys. 10  Şol bir agyz hem alkyş aýdýar, hem gargaýar. Doganlarym, şeýle etmek gowy däl+. 11  Bir çeşmeden hem süýji, hem ajy suw akýarmy? 12  Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa⁠-⁠da üzüm agajy injir berip bilermi?+ Çeşmäniň suwy şor bolsa, ondan süýji suw akmaz. 13  Araňyzda akyldar we düşünjeli adam barmy? Eger bar bolsa, muny edim⁠-⁠gylymy we ýumşaklygy bilen görkezsin. Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir. 14  Eger ýüregiňizde göriplik+ we dawa⁠-⁠jenjel*+ bar bolsa, onda öwünmäň+, ýogsam ýalan sözledigiňiz bolar. 15  Ol gökden inýän akyldarlyk däl⁠-⁠de, jynlara, ten höweslerine eýerýän adamlara we şu dünýä mahsus akyldarlykdyr+. 16  Sebäbi göripligiň, dawa⁠-⁠jenjeliň* bar ýerinde tertipsizlik we her hili erbetlik hem bardyr+. 17  Gökden inýän akyldarlyk bolsa, ilki bilen päk+, soňra parahat+, paýhasly*+ we gulak asmaga taýyndyr. Şeýle⁠-⁠de ol rehimdardyr, ýagşy işlere baýdyr+, ala tutýan däldir+ we ikiýüzli däldir+. 18  Onsoňam, parahatlygy döredýän adamlar+ üçin dogruçyllygyň miwesi parahat şertlerde ekilýändir*+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: büdreýäris.
Ýa⁠-⁠da: jylawlap.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: özdiýenlilik.
Başga manysy: özdiýenliligiň.
Sözme⁠-⁠söz: ýumşak; eglişikli.
Başga manysy: parahatlygy döredýän adamlaryň dogruçyllygy parahat şertlerde miwe berýändir.