Ýermeýa 14:1—22

  • Gurakçylyk, açlyk we gylyç (1—12)

  • Ýalan pygamberler höküm edilýär (13—18)

  • Ýermeýa halkyň günäsini boýun alýar (19—22)

14  Ýehowa gurakçylyk+ barada Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:   Ýahuda ýas tutýar+, derwezeleri çüýreýär. Olar gaýgy⁠-⁠gamdan ýaňa ýere çökýär.Iýerusalimiň perýady göge ýetýär.   Hojaýynlar hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýär. Olar guýynyň başyna barýarlar, ýöne suw tapmaýarlar. Boş küýzeli yzyna dolanýarlar. Utançdan, gaýgy⁠-⁠gamdan ýaňa başlaryny örtýärler.   Ýurda ýagyş ýagmansoň, ýer jaýrylýar+.Daýhanlar gaýgy⁠-⁠gussadan ýaňa başyny örtýärler.   Sähranyň keýigi ot tapman,Guzlan owlagyny taşlap gidýär.   Gulanlar gurap ýatan baýyrlara çykyp,Şagallar ýaly haşlap dem alýar. Al⁠-⁠ýaşyl ýaýlalar gurap ýatansoň,Gulanlaryň gözleriniň nury öçýär+.   Günälerimiz bize garşy şaýatlyk edýär,Eý Ýehowa, öz adyň hatyrasyna aýaga gal+. Ençeme sapar dönüklik etdik+,Saňa garşy günä etdik.   Eý Ysraýylyň umydy,Hasrat çekýän halkyň Halasgäri!+Sen ýurtda näme üçin ýat adam kimin,Bir gijelik myhman ýaly bolýarsyň?   Sen näme üçin howsala düşen,Halkyny halas edip bilmeýän pälwan ýaly bolýarsyň? Eý Ýehowa, sen biziň bilensiň+,Seniň adyňy göterýäris+, Bizi ýeke goýma. 10  Ýehowa halky barada şeýle diýýär: «Olar enteşip ýörmegi halaýarlar+, aýaklaryna dynç bermeýärler+. Ýehowa olardan razy däldir+. Hudaý olaryň etmişlerini ýatlar, günäleri üçin hasabat sorar»+. 11  Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Halka ýagşylyk diläp doga etme+. 12  Olar agyz bekleseler⁠-⁠de, perýadyny eşitmerin+. Ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny kabul etmerin+. Men gylyç, açlyk we mergi bilen olary gyraryn»+. 13  Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Pygamberler halka: „Uruş görmersiňiz, açlyk çekmersiňiz, Hudaý sizi ýurduňyzda sag⁠-⁠salamat ýaşadar“ diýýärler»+ diýdim. 14  Ýehowa maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler meniň adymdan ýalan welilik edýärler+. Men olary ibermedim, hiç zat tabşyrmadym, olara bir sözem aýtmadym+. Olar ýalan görnüşleri* aýdýarlar, biderek pal atýarlar we ýalan zatlary toslap tapýarlar+. 15  Ýehowa şeýle diýýär: „Men pygamberleri ibermesem⁠-⁠de, olar meniň adymdan: „Uruş görmersiňiz, açlyk çekmersiňiz“ diýip welilik edýärler. Emma olaryň özleri uruşdan we açlykdan heläk bolarlar+. 16  Pygamberleriň sözlerini diňlän adamlar hem açlykdan we gylyçdan gyrlyp, Iýerusalimiň köçelerinde ýatarlar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul⁠-⁠gyzlaryny hiç kim jaýlamaz+. Men olaryň eden işlerine laýyk heläkçiligi başlaryna indererin“+. 17  Olara şeýle diý:„Gije⁠-⁠gündiz gözýaşym sil bolup akýar+.Halkymyň gyzyny urdular+,Ol agyr ýaralandy. 18  Şäherden çyksam,Gylyçdan gyrlanlary görýärin+. Şähere girsem,Açlykdan heläk bolanlary görýärin+. Pygamberler we ruhanylar ýat ýurtda enteşip ýörler“»+. 19  Eý Alla, Ýahudany doly terk etdiňmi? Siony ýigrendiňmi?+ Derdimiziň dermany ýok. Bize näme üçin jeza berýärsiň?+ Parahatlyga umyt edýärdik, ýöne ýagşylyk görmedik,Sagalmaga garaşýardyk, ýöne janymyz howp astynda+. 20  Eý Ýehowa, erbet işlerimizi,Ata⁠-⁠babalarymyzyň ýazyklaryny boýun alýarys.Biz saňa garşy günä etdik+. 21  Öz adyň hatyrasyna bizi terk etme+,Şöhratly tagtyňdan ýüz öwürme. Biziň bilen baglaşan ähtiňi ýada sal, ony bozma+. 22  Halklaryň dereksiz butlary ýagyş ýagdyryp bilermi?Asmandan ýagyş öz⁠-⁠özünden ýagarmy? Eý Hudaýymyz Ýehowa, muny diňe sen başarýarsyň!+ Diňe saňa umyt baglaýarys,Sebäbi ählisini diňe sen edip bilersiň!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.