Ýermeýa 18:1—23
18 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi:
2 «Küýzegäriň öýüne git+. Şol ýerde habarymy aýdaryn».
3 Men küýzegäriň öýüne bardym. Ol küýze ýasap oturan eken.
4 Toýundan ýasap oturan küýzesi döwüldi. Şonda küýzegär ondan öz isleýşi ýaly başga küýze ýasady.
5 Ýehowa maňa şeýle diýdi:
6 «Muny Ýehowa aýdýar: „Ysraýyl halky, küýzegär toýna näme eden bolsa, menem sizi şeýle edip bilmerinmi? Ysraýyl halky, siz meniň elimde küýzegäriň elindäki toýun ýalysyňyz+.
7 Eger men bir halky ýa-da patyşalygy sogrup taşlaryn, ýykyp ýok ederin+ diýsem,
8 ýöne halk erbet ýolundan dönse, men hem pikirimi üýtgedip*, olaryň başyna betbagtçylyk indermerin+.
9 Men bir milleti ýa patyşalygy dikelderin, berkiderin* diýsem,
10 emma olar meniň ýigrenýän işlerimi etseler, maňa gulak asmasalar, olara etjek ýagşylygymdan el çekerin“.
11 Indi ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna baryp, Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men başyňyza betbagtçylyk indermegi niýet etdim. Erbet ýollaryňyzdan dönüň, durmuşyňyzy üýtgediň we ýaman işleriňizden el çekiň“»+.
12 Emma olar: «Pikirem etme!+ Biz isleýşimiz ýaly ýaşarys, kesirlik ederis, zalym ýüregimize eýereris»+ diýdiler.
13 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär:
«Milletlerden sorap görüň.
Şeýle zady görüp-eşiden barmy?
Ysraýyl halky elhenç iş etdi+.
14 Liwan dagynyň gary erärmi?
Ýat ýurtlardan akýan sowuk suw kesilermi?
15 Emma halkym meni unutdy+.
Olar biderek zatlara gurbanlyk berýärler+.Olar adamlary ýoldan, gadymy ýollardan+ sowup,Büdür-südür ýodalardan ýöredýärler.
16 Şol sebäpli olaryň ýurdy elhenç ýagdaýa düşer+,Adamlar oňa bakyp sykylyk çalar*+,
Geçip barýanlar haýran galyp, başyny ýaýkarlar+.
17 Men olary gündogar ýeli bilenDuşmanlarynyň öňünde dargadaryn.
Betbagtçylyk güni men olardan ýüz öwrerin»+.
18 Olar: «Geliň, Ýermeýa garşy dildüwşük gurnalyň+. Ruhanylarymyz kanuny öwreder*, akyldarlarymyz maslahat berer we pygamberlerimiz Hudaýyň sözüni aýdar. Geliň, dawa turzup, Ýermeýany diňlemäliň» diýdiler.
19 Eý Ýehowa, maňa nazar sal,Duşmanlarymyň aýdýanlaryny eşit.
20 Ýagşylyga ýamanlyk edilermi?
Olar janymy almak üçin çukur gazýarlar+.
Gaharyňy olardan sow diýip ýalbarypdym,Huzuryňda durup töwella edipdim.
21 Indi ogullary aç bolsun,Atalary gylyçdan ölsün+.
Dul galan aýallary çagalaryndan mahrum bolsun+.
Erkekleri mergiden gyrylsyn.Ýaş ýigitleri söweş meýdanynda gylyçdan geçirilsin+.
22 Galtamanlar duýdansyz çozsun,Öýlerinden agy sesi eşidilsin.
Sebäbi olar meniň üçin çukur gazdylar,Meniň aýaklaryma duzak gurdular+.
23 Eý Ýehowa! Sen bilýärsiň,Olar meni öldürmek üçin hile gurdular+.
Olaryň günälerini bagyşlama,Ýazyklaryna gözüňi ýumma.
Gahar-gazap bilen temmi ber+,Goý, olar seniň öňüňde ýykylsynlar+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ökünip.
^ Ýa-da: ekerin.
^ Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
^ Ýa-da: görkezme berer.