Ýermeýa 19:1—15

  • Ýermeýa küýzäni döwmeli (1—15)

    • Bagala çaga gurbanlyk berýärler (5)

19  Ýehowa şeýle diýdi: «Küýzegäriň ýanyna baryp, küýze satyn al+. Halkyň ýaşululary, abraýly ruhanylary bilen  Küýzegär derwezesiniň girelgesindäki Hennem oglunyň jülgesine+ git. Şol ýerde saňa aýtjak sözlerimi jar et:  „Ýahuda patyşalary, Iýerusalim ilaty, Ýehowanyň sözüni diňläň! Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýurda heläkçilik getirerin, muny eşidenler aňk⁠-⁠taňk bolar*.  Sebäbi olar meni terk etdiler+. Ýurdy tanalmaz ýaly etdiler+. Ol ýerde özleriniň, ata⁠-⁠babalarynyň we Ýahuda patyşalarynyň tanamadyk taňrylaryna gurbanlyk berdiler. Ol ýerde bigünä gan dökdüler+.  Olar ogul⁠-⁠gyzlaryny otda ýakyp, Bagala ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin Bagalyň seždegählerini* gurdular+. Men muny aýtmandym, tabşyrmandym, beýle zat pikireme⁠-⁠de gelmändi“+.  Ýehowa şeýle diýýär: „Ol ýere Topet ýa⁠-⁠da Hennem oglunyň jülgesi däl⁠-⁠de, Gyrgynçylyk jülgesi diýiljek günler geler+.  Ol ýerde Ýahudanyň we Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary duşman gylyjy bilen, janlarynyň kastyna çykanlaryň eli bilen gyraryn. Jesetleri ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara şam bolar+.  Şäheri gorkunç hala salaryn, adamlar oňa bakyp sykylyk çalarlar*. Geçip barýanlar haýran galarlar, onuň agyr halyny görüp sykylyk çalarlar+.  Halkyma ogul⁠-⁠gyzlarynyň etini iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykanlar olary gabawa salarlar; olar alaçsyzlykdan ýaňa biri⁠-⁠birleriniň etini iýerler“+. 10  Sen adamlaryň gözüniň alnynda küýzäni döw. 11  Soňra Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Çym⁠-⁠pytrak edilen küýzäni täzeden ýasap bolmaz. Men⁠-⁠de halky we şäheri çym⁠-⁠pytrak ederin. Topetde jesetleriň köplüginden ýaňa jaýlamaga ýer galmaz“+. 12  Ýehowa şeýle diýýär: „Men aýdanlarymy ýurduň we halkyň başyna indererin, şäheri Topet ýaly ederin. 13  Iýerusalimiň jaýlary, Ýahuda patyşalarynyň köşkleri Topet ýaly haram bolar+. Sebäbi olar öýleriniň üçeginde ähli asman jisimlerine* gurbanlyk berdiler+, ýat taňrylara şerap sadakalaryny getirdiler“»+. 14  Ýermeýa Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Topetden geldi. Ol Ýehowanyň öýüniň howlusynda durup, bütin halka şeýle diýdi: 15  «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheriň we onuň töweregindäki şäherçeleriň üstünden aýdan betbagtçylygymy indererin. Sebäbi halkym kesirlik edip, sözüme gulak asmady“»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: eşidenleriň gulagy şaňlar.
Sözlüge serediň.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.