Ýermeýa 21:1—14

  • Ýehowa Sadykýaryň haýyşyny bitirmeýär (1—7)

  • Ýaşaýyş we ölüm ýoly (8—14)

21  Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. Şol wagt Sadykýar+ patyşanyň iberen adamlary Mälikýaryň ogly Paşhur+ we Maseýanyň ogly Sepanýa+ ruhany Ýermeýa pygamberiň ýanyna gelip şeýle diýdiler:  «Haýyş edýäris, bize näme boljagyny Ýehowadan sorap ber. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* bize garşy söweşýär+. Belki, Ýehowa bizi halas etmek üçin gudrat görkezer we Nawuhodonosor patyşa yzyna dolanar»+.  Ýermeýa olara şeýle jogap berdi: «Sadykýar patyşa  Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar diýiň: „Haldeýler we Wawilon patyşasy sizi gabady. Siz olar bilen söweşseňiz⁠-⁠de, öz ýaragyňyz bilen özüňizi heläk ederin+. Olary şäheriň ortasyna üýşürerin.  Men gahar⁠-⁠gazaba münüp, güýç⁠-⁠kuwwatly golum bilen size garşy söweşerin+.  Şäheriň ilatyny, mal⁠-⁠garalaryny ýok ederin. Olary mergi bilen gyraryn“+.  Ýehowa şeýle diýýär: „Mergiden, gylyçdan we açlykdan ölmedik her kesi: Ýahuda patyşasy Sadykýary, gul⁠-⁠gyrnaklaryny we şäher ilatyny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň eline bererin. Olary duşmanlarynyň we janynyň kastyna çykanlaryň eline tabşyraryn+. Patyşa olaryň ählisini gylyçdan geçirer. Olara haýpy gelmez, ýüregi awamaz, rehimi inmez“+.  Halka bolsa Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ine ýaşaýyş we ölüm ýoly:  şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Ýöne şäherden çykyp, haldeýlere boýun bolan adam janyny halas edip, aman galar“+. 10  Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheriň üstüne bereket däl⁠-⁠de, betbagtçylyk ýagdyraryn+. Men şäherden ýüz öwrüp, Wawilon patyşasynyň eline bererin+. Ol tutuş şäheri otlar“+. 11  Eý Ýahuda patyşasynyň öý⁠-⁠içerisi, Ýehowanyň sözüni diňläň! 12  Eý Dawut öýi, Ýehowa şeýle diýýär: „Her gün adalatly boluň,Talaňçylaryň eline düşeni halas ediň+,Ýogsa zalym işleriňiz üçin,Gahar⁠-⁠gazabym ot kimin tutaşar+,Hiç kim söndürip bilmez“+. 13  Ýehowa şeýle diýýär: „Eý jülgäniň ýaşaýjylary,Gaýanyň üstündäki şäheriň ilaty, siziň bilen söweşerin“. „Kim biziň bilen söweşer? Kim ýurdumyza çozup biler?“ diýýänlere, 14  Ýehowa şeýle aýdýar: „Men işleriňize görä jeza bererin+. Tokaýlaryňyzy oda ýakaryn,Siziň daş⁠-⁠töweregiňizdäki ähli zady ýakyp kül ederin“»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.