Ýermeýa 24:1—10

  • Gowy we zaýa injirler (1—10)

24  Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň+ ogly Ýehonýany*+, Ýahudanyň hanlaryny, ussalaryny we demirçilerini* Iýerusalimden Wawilona sürgün etdi+. Soňra Ýehowa maňa iki sebet injir görkezdi. Olar Ýehowanyň ybadathanasynyň öňünde durdy.  Bir sebetde ir ýetişýän, örän gowy injirler bardy, beýleki sebetde zaýa* injirler bardy. Olary iýer ýaly däldi.  Ýehowa: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Menem: «Injirleri görýärin. Gowy injirler örän gowy, zaýa injirler örän erbet, iýer ýaly däl»+ diýdim.  Ýehowa maňa şeýle diýdi:  «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men öz elim bilen Ýahuda halkyny watanyndan haldeýleriň ýurduna sürgün edipdim. Indi men gowy injirlere näme edilýän bolsa, olara hem şonuň ýaly ederin.  Men olara nazar salaryn, ýurduna gaýtaryp getirerin+. Men olary dikelderin, indi ýykmaryn; ekerin, indi köki bilen sogurmaryn+.  Men olaryň ýüreginde Ýehowany tanamak islegini oýararyn+. Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+. Sebäbi olar bütin ýüregi bilen maňa dolanarlar“+.  Emma zaýa, iýer ýaly bolmadyk injirler+ barada Ýehowa şeýle diýýär: „Zaýa injirlere näme edilýän bolsa, menem Ýahuda patyşasy Sadykýary+, han⁠-⁠begleri, ýurtda aman galan Iýerusalimiň ilatyny we Müsüre+ gidenleri şonuň ýaly ederin.  Men halkymy ähli ýurtlara dargadaryn+. Olaryň başyna injek betbagtçylygy gören halklar gorkarlar+. Olary baran ýurtlarynda ýaňsylarlar, masgara ederler, dilden düşürmezler, üstünden gülüp gargarlar+. 10  Ata⁠-⁠babalaryna we özlerine beren ýurdumdan ýok edýänçäm, başlaryna gylyç, açlyk, mergi indererin“»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
Şeýle⁠-⁠de oňa Ýehoýakyn we Konyýa diýilýär.
Başga manysy: berkitme gurýanlaryny.
Ýa⁠-⁠da: çüýrük.