Ýermeýa 26:1—24

  • Ýermeýa haýbat atýarlar (1—15)

  • Ýermeýa halas bolýar (16—19)

    • Mikaýyň pygamberligi (18)

  • Uryýah pygamber (20—24)

26  Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ patyşalygynyň başynda Ýehowadan maňa habar geldi:  «Ýehowa aýdýar: „Ýehowanyň öýüniň howlusynda dur, Ýahudanyň şäherlerinden Ýehowanyň öýüne sežde* etmäge gelýän ähli adamlara saňa tabşyran sözlerimiň hemmesini, ýekejesini⁠-⁠de gaçyrman aýt.  Belki⁠-⁠de, olar gulak asyp, zalym ýolundan dönerler. Men hem pikirimi üýtgedip*, olaryň eden zalym işleri üçin başlaryna betbagtçylyk indermerin+.  Olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Eger maňa gulak asmasaňyz, kanunlarymy berjaý etmeseňiz*,  gaýta⁠-⁠gaýta* iberen pygamberlerimi diňlemeseňiz+,  onda men ybadathanany Şilo+ ýaly ederin we ýer ýüzüniň ähli halklary şäheriňizi näletlärler“»+.  Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Ýermeýanyň Ýehowanyň öýünde aýdan sözlerini eşitdiler+.  Ýermeýa Ýehowanyň tabşyran sözlerini halka aýdan badyna, ruhanylar, pygamberler, ähli adamlar ony tutup, şeýle diýdiler: «Sen hökman ölersiň.  Näme üçin Ýehowanyň adyndan pygamberlik edip: „Ybadathana Şilo ýaly bolar, şäher haraba öwrüler, janly⁠-⁠jemende galmaz“ diýýärsiň?» Ýehowanyň öýündäki ähli adamlar Ýermeýanyň daşyna üýşdüler. 10  Ýahudanyň hanlary muny eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Ýehowanyň öýüne geldiler we Ýehowanyň öýüniň täze derwezesiniň öňünde oturdylar+. 11  Ruhanylar bilen pygamberler hanlara we tutuş halka ýüzlenip: «Ýermeýa ölüm jezasyna mynasyp+. Eşidişiňiz ýaly, ol şäherimize garşy pygamberlik edýär»+ diýdiler. 12  Şonda Ýermeýa ähli hanlara we halka şeýle diýdi: «Ybadathana we şäher barada pygamberlik etmäge Ýehowanyň özi iberdi. Siz Hudaýyň aýdan ähli sözlerini gulagyňyz bilen eşitdiňiz+. 13  Indi öz ýollaryňyzdan dönüň we işleriňizden el çekiň. Ýehowa Hudaýyňyza gulak asyň. Şonda Ýehowa pikirini üýtgedip*, başyňyza betbagtçylyk indermez+. 14  Ine men siziň eliňizde, nämäni makul bilseňiz, şony⁠-⁠da ediň. 15  Emma şuny bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, şäherem, onuň ilatam, sizem bigünä adamyň ganyna galarsyňyz. Sebäbi meni Ýehowanyň özi şu habary aýtmaga iberdi». 16  Hanlar bilen halk bolsa ruhanylara we pygamberlere: «Ol Ýehowa Hudaýymyzyň adyndan gepleýär, ölüme laýyk iş etmändir» diýdiler. 17  Ýurduň ýaşulularynyň käbirleri ýerinden turup, halka şeýle diýdiler: 18  «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ günlerinde moreşetli Mikaý+ pygamberlik edip, tutuş ýahuda halkyna: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar: „Sion mellek kimin sürler,Iýerusalim harabaçylyga döner+.Dagyň depesindäki ybadathana jeňňele öwrüler“+ diýipdi. 19  Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa we ýahuda halky ony öldürdimi? Patyşa Ýehowadan gorkup, Ýehowanyň rehim etmegini dilemedimi?* Ýehowa hem pikirinden el çekip*, olaryň başyna betbagtçylyk indermedi+. Biz bolsa öz başymyza özümiz bela satyn aljak bolýarys. 20  Kirýat⁠-⁠ýegarimli+ Şemaýanyň ogly Uryýah hem Ýehowanyň adyndan pygamberlik edýärdi. Ol hem Ýermeýa ýaly şähere we ýurdumyza garşy welilik edýärdi. 21  Ýehoýakym+ patyşa, onuň batyr esgerleri we hanlary muny eşidenlerinde, ony öldürmegiň küýüne düşdüler+. Şonda Uryýah gorkup, Müsüre gaçyp gitdi. 22  Ýehoýakym patyşa Ahboryň ogly Elnatany+ başga adamlar bilen bile Müsüre iberdi. 23  Olar Uryýahy Müsürden alyp gaýtdylar we Ýehoýakym patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa ony gylyjy bilen öldürdi+, jesedini garyplaryň gonamçylygyna zyňdyrdy». 24  Şapanyň+ ogly Ahykam+ Ýermeýanyň arkasyny aldy we öldürilmegine ýol bermedi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: tagzym.
Ýa⁠-⁠da: ökünip.
Ýa⁠-⁠da: görkezmäme eýermeseňiz.
Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.
Ýa⁠-⁠da: ökünip.
Ýa⁠-⁠da: ýüzüni ýumşatjak bolmadymy?
Ýa⁠-⁠da: ökünip.