Ýermeýa 3:1—25
3 Adamlar şeýle diýýär: «Biri aýaly bilen aýrylyşsa, aýaly hem başga birine barsa, heý-de ol aýalyny yzyna alarmy?»
Ýurt bütinleý haram boldy+.
«Sen köpler bilen ahlaksyzlyk etdiň+,Indi ýene-de maňa gelýärmiň? — Muny Ýehowa aýdýar.
2 Başyňy galdyr-da, takrap ýatan depelere seret.
Ahlaksyzlyk etmedik ýeriň barmy?
Sen çölde ýaşaýan çarwa* ýaly,Ýollaryň ugrunda oýnaşlaryňa garaşdyň.
Sen ahlaksyzlyga we erbetlige baş goşup,Ýurdy haram etdiň+.
3 Şol sebäpli ýagyş ýagmasyny goýdy+,Ýaz ýagşy kesildi.
Sen haýasyz, ahlaksyz aýala meňzeýärsiň,Utanjyň nämedigini bilmeýärsiň+.
4 Indi bolsa meni çagyrýarsyň:„Atam, ýaşlygymdan bäri dostum sensiň!+
5 Sen ebedi gaharlanarmyň?Hemişe öýke-kine edermiň?“
Sen şeýle diýseň-de,Eliňden gelen zalymlygy edýärsiň»+.
6 Ýoşyýa patyşanyň+ döwründe Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýylyň eden işlerini gördüňmi? Ol beýik daglara çykyp, gür ýaprakly her bir agajyň aşagynda ahlaksyzlyk etdi+.
7 Ol şonça erbet işleri etse-de, men ony gaýta-gaýta yzyna çagyrdym+, emma ol dolanmady. Ýahuda bolsa biwepa uýasyna+ seredip durdy.
8 Şonda men biwepa+ Ysraýyla talak hatyny berip kowup goýberdim+. Emma onuň biwepa uýasy Ýahuda muny görse-de gorkmady. Olam gidip ahlaksyzlyk etdi+.
9 Ol* utanç-haýany bilmän ahlaksyzlyk etdi. Ol daşlar we agaçlar bilen zyna edip+, ýurdy haram etdi.
10 Biwepa uýasy Ýahuda şu zatlary görübem, maňa bütin ýüregi bilen däl-de, ýalandan dolandy — muny Ýehowa aýdýar».
11 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl dönüklik eden Ýahuda garanyňda dogruçylrak görünýär+.
12 Git-de, şu sözleri demirgazykda jar et+:
„Ýehowa şeýle diýýär: „Eý dönük Ysraýyl, yzyňa dolan+. Men saňa gahar bilen bakmaryn+, sebäbi men wepalydyryn — muny Ýehowa aýdýar. — Men ebedilik gaharlanmaryn.
13 Günäleriňi boýun al, sebäbi sen Hudaýyň Ýehowa garşy gozgalaň turuzdyň. Sen gür ýaprakly her bir agajyň aşagynda kesekiler* bilen ahlaksyzlyk etdiň, maňa bolsa gulak asmadyň — muny Ýehowa aýdýar“».
14 Ýehowa şeýle diýýär: «Eý dönük ogullar, yzyňyza dolanyň! Sebäbi men siziň hakyky hojaýynyňyz*. Men şäherden bir adamy, taýpadan iki adamy alyp, sizi Siona getirerin+.
15 Men size göwnümden turýan çopanlary bererin+. Olar sizi bilim we düşünje bilen bakar.
16 Şol günlerde siz ýurtda köpelersiňiz, sanyňyz artar — muny Ýehowa aýdýar+. — Hiç kim „Ýehowanyň äht sandygy!“ diýip aýtmaz. Şeýle sözleri aýtmak olaryň pikirine-de gelmez. Olar muny ýatlamazlar ýa-da küýsemezler, başgasyny ýasamazlar.
17 Ol günlerde Iýerusalime Ýehowanyň tagty diýler+. Ähli milletler Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak üçin Iýerusalime ýygnanarlar+. Olar indi kesirlik edip, gara ýüreklerini diňlemezler».
18 «Şol günlerde ýahuda halky bilen ysraýyl halky bilelikde+ demirgazyk ýurtdan çykyp, ata-babalaryňyza miras beren ýurduma gelerler+.
19 Men şeýle diýdim: „Ogullarymyň arasyna getirip, size owadan ýurdy, milletleriň arasyndaky iň gözel ýeri miras berdim“+. Siz maňa: „Atam!“ diýersiňiz, ýollarymdan dänmersiňiz diýip pikir etdim.
20 Eý ysraýyl halky, aýalyň ärine biwepalyk edişi ýaly, siz hem maňa biwepalyk etdiňiz+ — muny Ýehowa aýdýar».
21 Takrap ýatan depelerden ses eşidilýär,Ysraýyl halky aglaýar, perýat edýär.Olar ýoldan çykdylar,Ýehowa Hudaýyny unutdylar+.
22 «Eý dönük ogullar, yzyňyza dolanyň!
Men siziň biwepa ýüregiňizi bejereýin»+.
Şonda biz diýeris: «Ine biz seniň ýanyňa geldik,sebäbi biziň Hudaýymyz sensiň, eý Ýehowa!+
23 Depelerden we daglardan gelýän sesler ýalandyr+.
Ýehowa Hudaýymyz Ysraýylyň halasgäridir+.
24 Emma ýigrenji taňry ýaşlygymyzdan+ bäriAta-babalarymyzyň daban azabyny,Goýunlaryny, sürülerini,Ogul-gyzlaryny ýalmap-ýuwudyp gelýär.
25 Goý, utanç düşegimiz bolsun,Ryswalyk üstümizi örtsün!Sebäbi ýaşlygymyzdan şu güne çenli,Biz ata-babalarymyz bilen+Ýehowa Hudaýymyza garşy günä edip gelýäris+,Biz Ýehowa Hudaýymyza gulak asmadyk».
Çykgytlar
^ Sözme-söz: arap.
^ Ysraýyl göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýa-da: keseki taňrylar.
^ Başga manysy: äriňiz.