Ýermeýa 31:1—40

  • Aman galanlar ýurduna dolanar (1—30)

    • Rahel ogullary üçin aglaýar (15)

  • Täze äht (31—40)

31  Ýehowa şeýle diýýär: «Şol döwürde men ysraýyl taýpalarynyň Hudaýy bolaryn, olar⁠-⁠da meniň halkym bolar+.   Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl çölüň içi bilen janyna rahatlyk tapmaga barýardy,Sebäbi Alla olara rehim edip, gylyçdan halas etdi“».   Ýehowa uzakdan gelip, şeýle diýdi: «Men seni ebedilik söýdüm. Wepaly söýgim* bilen çoýup, seni kabul etdim*+.   Men seni dikelderin, sen hökman aýaga galarsyň+. Ysraýyl gyzy, deprek kakarsyň,Şatlanyp tans edersiň*+.   Samariýanyň daglarynda ýene üzüm nahallaryny ekersiň+,Üzümçiler üzüm ekip, miwesinden hezil edip iýerler+.   Şeýle bir günler geler, garawullar Efraýym daglarynda: „Turuň, Siona, Ýehowa Hudaýymyzyň huzuryna gideliň!“ diýip, jar çekerler»+.   Ýehowa şeýle diýýär: «Ýakup üçin begenip aýdym aýdyň. Şatlykdan ýaňa gygyryň, sebäbi siz beýik millet+. Muny jar ediň. Hudaýy şöhratlandyryp şeýle diýiň:„Ýehowa, halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny halas et“+.   Men olary demirgazyk ýurdundan yzyna getirerin+. Ýeriň dürli künjeginden ýygnaryn+. Olaryň arasynda kör we agsak adamlar+,Göwreli we burgusy tutýan aýallar bolar. Olar ulus⁠-⁠il bolup, ýurduna dolanarlar+.   Olar aglaý⁠-⁠aglaý gelerler+, Rehim etmegimi sorarlar, men hem olara ýol görkezerin. Olar büdremez ýaly, tekiz ýol bilenAkar suwlaryň ýakasyna getirerin+. Sebäbi men Ysraýylyň Atasy, Efraýym nowbahar oglum»+. 10  Eý halklar, Ýehowanyň sözüni diňläň!Onuň sözüni uzak adalara jar ediň+: «Ysraýyly dargadan Hudaý ony jemlär. Sürüsini goraýan çopan kimin gorar+. 11  Ýehowa Ýakup üçin töleg tölär+,Güýçli duşmandan halas eder+. 12  Olar Siona gelip, joşup aýdym aýdarlar+.Ýehowanyň eden ýagşylygyny,Beren bugdaýyny, täze şerabyny+, ýagyny,Owlak⁠-⁠guzularyny we gölelerini+ görüp begenerler. Olar suwarylan bag ýaly bolarlar+,Hiç haçan saralyp solmazlar+. 13  Şol döwür gyzlar, ýigitler we garrylar,Bilelikde şatlanyp, tans ederler+. Olaryň ýasy toýa öwrüler+, Gaýgysy şatlyga öwrüler, göwünlik bererin+. 14  Ruhanylaryny näz⁠-⁠nygmatdan doýraryn,Halkyma bereket bererin»+. Muny Ýehowa aýdýar. 15  Ýehowa şeýle diýýär: «Rama+ şäherinde agy sesi, dady⁠-⁠perýat eşidilýär. Rahel ogullary üçin aglaýar+, Teselli sözlerini diňlemeýär,Indi onuň ogullary ýok»+. 16  Ýehowa şeýle diýýär: «Zar⁠-⁠zar aglama, gözýaş dökme,Çeken zähmetiň üçin sylaglaryn. Ogullaryň duşman ýurdundan gaýdyp gelerler»+.Muny Ýehowa aýdýar. 17  «Saňa ýagty gelejek garaşýar+, Ogullaryň dogduk mekanyna dolanar»+.Muny Ýehowa aýdýar. 18  «Men Efraýymyň agysyny eşitdim:„Sen maňa käýediň, menem düzeldim,Men nogta salynmadyk göle ýalydym. Meni yzyma gaýtar, men şol bada dolanaryn.Sebäbi meniň Hudaýym sensiň Ýehowa. 19  Men toba edip, yzyma dolandym+.Ýalňyşyma düşünip, dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden günälerime utandym,Utançdan ýaňa ýüzümi ýerden galdyryp bilmedim“+. 20  Efraýym meniň söwer oglum, eziz balam dälmi?+ Näçe käýesem⁠-⁠de, barybir balamy unutmaryn. Oglum üçin ýüregim gan aglaýar+, Oňa rehim ederin — muny Ýehowa aýdýar+. 21  Özüň üçin ýol belgilerini,Ýol görkezýän daşlary dik+. Şaýola, ýörejek ýoluňa ünsli bol+. Gaýt yzyňa, eý Ysraýyl gyzy, şäherleriňe dolan! 22  Eý biwepa gyz, haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek? Ýehowa ýer ýüzünde täze bir zat etdi: Aýal erkegiň daşynda perwaz urar». 23  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men olaryň ýesir düşenlerini yzyna getirenimde, Ýahudada we galalarynda ýene⁠-⁠de: „Eý dogrulyk mekany+, eý mukaddes dag+, goý, seni Ýehowa ýalkasyn!“ diýerler. 24  Ýahudanyň galalarynda daýhanlar we çopanlar ýaşarlar+. 25  Men ýadaw adamyň göwnüni götererin, ysgyndan gaçanyň güýjüne güýç goşaryn»+. 26  Şonda men süýji ukudan oýanyp, gözlerimi açdym. 27  Ýehowa diýýär: «Şeýle günler geler, ysraýyl bilen ýahuda halkyny köpelderin, mallarynyň sanyny artdyraryn+. 28  Men olary sogrup taşlamaga, ýykmaga, weýran etmäge, ýer bilen ýegsan etmäge we urmaga taýýar duran bolsam+, olary dikmäge, ekmäge hem taýýar duraryn+ — muny Ýehowa aýdýar. 29  — Şol günler olar: „Atalary turşy üzüm iýdiler, ogullarynyň dişi gamaşdy*“ diýmezler+. 30  Emma her kim öz günäsi üçin öler. Turşy üzüm iýeniň öz dişi gamaşar. 31  Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşjak günlerim geler+ — muny Ýehowa aýdýar. 32  — Şu äht olaryň ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtim ýaly bolmaz. Men ata⁠-⁠babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaran günüm äht baglaşypdym+. Men olaryň hojaýyny* bolsam⁠-⁠da, meniň ähtimi bozdular+ — muny Ýehowa aýdýar. 33  Şol günlerden soň men ysraýyl halky bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup+, ýüreklerine ýazaryn+. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar+. 34  Olaryň hiç biri doganyna we goňşusyna: „Ýehowany tanaň!“+ diýip öwretmezler. Sebäbi olaryň ählisi, uludan⁠-⁠kiçisine çenli meni tanarlar+. Men halkymyň etmişlerini bagyşlaryn, günälerini ýatlamaryn»+. Muny Ýehowa aýdýar. 35  Ýehowa gündizine yşyk bolar ýaly, Güni ýaratdy,Gijesine ýagtylyk bolar ýaly,Aýa we ýyldyzlara kanun goýdy.Hudaýyň emri bilen deňiz möwç urýar, tolkun atýar.Ady Serkerdebaşy Ýehowa+ şeýle diýýär: 36  «Tebigatyň kanunlarynyň ebedilik bolşy ýaly,Ysraýyl nesilleri⁠-⁠de huzurymda ebedi durar+ — muny Ýehowa aýdýar. 37  Ýehowa şeýle diýýär: „Ynsan asmany ölçäp bilmez, ýeriň düýbüni barlap bilmez, men⁠-⁠de Ysraýyl nesillerini eden ähli işleri üçin terk edip bilmerin“. Muny Ýehowa aýdýar+. 38  Ýehowa diýýär: „Şeýle günler geler, Ýehowa üçin şäher gurlar+. Şäher Hananel diňinden+ Burç derwezesine+ çenli uzalyp gider. 39  Ölçeg ýüpi+ Garep depesine çenli, ol ýerden hem Gowa tarap uzalyp gider. 40  Jeset taşlanýan we kül* atylýan jülgeden başlap tä Kidron deresine+ we gündogardaky Bedew derwezesine+ çenli ähli ýerler Ýehowa üçin mukaddes bolar+. Şäher hiç haçan ýykylmaz, weýran edilmez“».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: özüme çekdim.
Ýa⁠-⁠da: Gülýänler bilen tans edersiň.
Sözme⁠-⁠söz: küteldi.
Başga manysy: äri.
Ýa⁠-⁠da: ýagly kül. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.