Ýermeýa 32:1—44
32 Ýahuda patyşasy Sadykýaryň hökümdarlygynyň 10-njy ýylynda, Nawuhodonosoryň*+ hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda Ýehowa Ýermeýa pygamber bilen gepleşdi.
2 Şol wagt Wawilon patyşasynyň goşunlary Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber tussag edilip, Ýahuda patyşasynyň köşgüne ýanaşyp duran Garawulhananyň howlusynda+ saklanýardy.
3 Ýahuda patyşasy Sadykýar ony tussag edip+, şeýle diýipdi: «Sen näme üçin şeýle pygamberlik etdiň? Sen Ýehowa şeýle aýdýar diýdiň: „Şäheri Wawilon patyşasynyň eline bererin. Ol şäheri basyp alar+.
4 Ýahuda patyşasy Sadykýar haldeýlerden gaçyp bilmez. Sadykýary Wawilon patyşasynyň huzuryna elterler. Sadykýar onuň gözüne seredip, ýüzbe-ýüz gepleşmeli bolar+.
5 Patyşa Sadykýary Wawilona alyp gider. Men Sadykýara nazar salýançam, şol ýerde bolar. Sen haldeýlere garşy söweşseň-de, ýeňiş gazanyp bilmersiň“+. Muny Ýehowa aýdýar».
6 Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Ýehowadan maňa habar geldi:
7 „Agaň Şalumyň ogly Hanamel gelip: „Anatotdaky+ mellegimi satyn al, sebäbi satyn almaga birinji seniň hakyň bar“+ diýer“».
8 Ýehowanyň aýdyşy ýaly, agamyň ogly Hanamel Garawulhananyň howlusyna gelip, maňa: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatotdaky mellegimi satyn alaý, sebäbi satyn alyp, eýe çykmaga birinji seniň hakyň bar. Mellegimi satyn alaý» diýdi. Şonda men munuň Ýehowanyň sözüdigini bildim.
9 Men agamyň ogly Hanameliň Anatotdaky mellegini satyn aldym. Men oňa ýedi şekel* we on kümüş çekip berdim+.
10 Men şertnama baglaşyp+, möhür basdym. Şaýatlary çagyrdym+ we altyn-kümşi terezide çekip berdim.
11 Men kanuna laýyklykda, möhürli we möhürsiz aluw-satuw şertnamany aldym.
12 Men aluw-satuw şertnamany agamyň ogly Hanameliň, şertnama gol çeken şaýatlaryň, Garawulhananyň howlusynda+ oturan ähli ýehudylaryň öňünde Mahseýanyň agtygy, Nuryýaryň+ ogly Baruga+ berdim.
13 Men olaryň öňünde Baruga diýdim:
14 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şertnamalary — möhürli we möhürsiz aluw-satuw şertnamalaryny al. Uzak wagtlyk saklanar ýaly, olary küýzä salyp goý“.
15 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýurtda ýene-de jaýlar, mellekler we üzümçilikler satyn alnar“»+.
16 Men aluw-satuw şertnamany Nuryýaryň ogly Baruga berenimden soň, Ýehowa doga etdim:
17 «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Sen beýik güýjüň, kuwwatly goluň bilen gögi we ýeri ýaratdyň+. Seniň başarmaýan zadyň ýok.
18 Sen müňlerçe ynsanlary söýýärsiň*. Atalarynyň günäsi üçin çagalaryna jeza berýärsiň+. Sen beýik, gudratly hak Hudaýsyň, adyň Serkerdebaşy Ýehowadyr.
19 Seniň maksatlaryň* beýikdir, gudratly işleri edýärsiň+. Ynsanlaryň ähli ýollaryny görüp+, her kimiň saýlan ýoluna, eden işine görä hakyny berýärsiň+.
20 Müsür ýurdunda görkezen alamatlaryň we gudratlaryň şu günlerem il-günüň dilinden düşmeýär. Ysraýylyň we ähli halklaryň arasynda adyňy beýgeltdiň+, şu günem adyň beýikdir.
21 Sen alamatlary, gudratlary görkezip, güýç-kuwwatly goluň, gorkunç işleriň bilen ysraýyl halkyňy Müsür ýurdundan azat etdiň+.
22 Ata-babalaryna ant içip beren wadaňy ýerine ýetirip, olara süýt we bal akýan ýurdy berdiň+.
23 Olar gelip, şol ýurtda mesgen tutdular. Emma olar seni diňlemediler, kanunyňy berjaý etmediler, tabşyryklaryň hiç birini ýerine ýetirmediler. Sen hem olaryň başyndan betbagtçylyklary inderdiň+.
24 Duşmanlar şäheri basyp almak üçin gabaw depelerini galdyrdylar+. Şäheriň üstüne gylyç, açlyk we mergi iner+. Şäher haldeýleriň eline geçer. Görşüň ýaly, aýdan ähli zadyň berjaý boldy.
25 Älemiň Hökümdary Ýehowa, şäheriň haldeýleriň eline geçjegi gümansyz. Emma sen maňa: „Pul töläp, mellek satyn al, şaýatlary çagyr“ diýdiň».
26 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi:
27 «Men Ýehowa, ähli ynsanlaryň Hudaýy. Meniň başarmajak zadym barmy?
28 Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheri haldeýleriň we Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň eline bererin, ol şäheri basyp alar+.
29 Haldeýler şähere garşy söweşip, oňa girerler. Olar şäheri we jaýlary otlap kül ederler+. Sebäbi halkym meni ynjatmak üçin, öýleriniň üçeginde Bagala gurbanlyklar we ýat taňrylara şerap sadakalaryny berdiler+.
30 Ysraýyl we ýahuda halky ýaşlygyndan bäri meniň ýigrenýän işlerimi edip gelýär+. Ysraýyl halky edýän işleri bilen meni ynjatdy — muny Ýehowa aýdýar.
31 — Şäher gurlan gününden bäri, halkym gaharymy getirýär+. Şonuň üçin olar huzurymdan ýok ediler+.
32 Ysraýyl we ýahuda halky, olaryň patyşalary+, hanlary+, ruhanylary, pygamberleri+, Ýahudanyň hem Iýerusalimiň ilaty zalym işleri edip, meni ynjatdylar.
33 Olar maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler+. Olara gaýta-gaýta* öwüt-nesihat berdim, emma olaryň hiç biri diňlemedi, terbiýämi kabul etmedi+.
34 Olar meniň adymy göterýän öýde nejis butlary dikip, ony haram etdiler+.
35 Şeýle-de olar Hennem+ oglunyň jülgesinde* Bagal taňrysyna seždegähleri* gurup, Molek taňrysyna gurbanlyk hökmünde ogul-gyzlaryny otda ýakdylar+. Muny men tabşyrmandym+, beýle zat pikirime-de gelmändi. Emma Ýahuda şeýle ýigrenji işlere baş goşup, günä etdi“.
36 Siz: „Şäheriň üstüne gylyç, açlyk we mergi inip, Wawilon patyşasynyň eline berler“ diýýärsiňiz. Emma Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:
37 „Men gahar-gazaba münüp, halkymy dürli ýurtlara dargadypdym, indi olary ýygnaryn+. Olary watanyna getirip, asuda ýaşadaryn+.
38 Olar meniň halkym bolar, menem olaryň Hudaýy bolaryn+.
39 Halkym hemişe menden gorkar ýaly, men olara bir ýürek+, bir ýol bererin. Şonda halkym hem, çagalary hem bereket alarlar+.
40 Olar bilen ebedilik äht baglaşaryn+, olara ýagşylyk etmekden ýadamaryn+. Ýüreklerine gorky salaryn, şonda olar menden ýüz öwürmezler+.
41 Halkyma ýagşylyk etmekden şatlanaryn+, olar ýurtda ornaşarlar+. Muny bütin ýüregim, bütin janym* bilen ederin“.
42 Ýehowa şeýle diýýär: „Men halkymyň başyna betbagtçylyk inderipdim, indi wada eden bereketlerimi bererin“+.
43 Siz: „Ýurt haraba öwrüldi, ol ýerde adam-da ýok, haýwan-da. Ol haldeýleriň eline berildi“ diýersiňiz. Ýöne ýurtda ýene-de mellekler satyn alnar+.
44 Benýamin ýurdunda, Iýerusalimiň daş-töwereginde, Ýahuda şäherlerinde+, daglardaky we düzlükdäki şäherlerde+, günorta şäherlerinde mellekler satyn alnar, aluw-satuw şertnamalary baglaşylar+, olara möhür basylar, şaýatlar çagyrylar, sebäbi men ýesir düşenleri gaýtaryp getirerin+ — muny Ýehowa aýdýar».
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
^ Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: ynsanlara wepaly söýgiňi bildirýärsiň.
^ Sözme-söz: maslahatlaryň.
^ Sözme-söz: daň bilen turup.