Ýermeýa 41:1—18

  • Ysmaýyl Gedalýany öldürýär (1—10)

  • Ysmaýyl Ýohanandan gaçyp gidýär (11—18)

41  Ýedinji aýda Alyşamyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl+ on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ysmaýyl patyşanyň neslinden köşk emeldarlarynyň biridi. Olar Mispada+ iýip⁠-⁠içip otyrkalar,  Netanýanyň ogly Ysmaýyl we onuň ýanyndaky on adam ýerinden turup, Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdiler. Ysmaýyl Wawilon patyşasynyň ýurduň üstünden bellän adamyny öldürdi.  Şeýle⁠-⁠de ol Mispada Gedalýanyň ýanyndaky ýehudylary we haldeý esgerlerini gylyçdan geçirdi.  Gedalýanyň ölenine bir gün bolupdy, ýöne hiç kimiň mundan habary ýokdy.  Şonda Şekemden+, Şilodan+ we Samariýadan+ 80 adam geldi. Olaryň sakgallary syrylandy, ýakalary ýyrtylandy, endam⁠-⁠jany dilim⁠-⁠dilimdi+, ellerinde bolsa Ýehowanyň öýüne getirilen galla sadakalary we ladan*+ bardy.  Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary garşy almak üçin Mispadan çykdy. Ysmaýyl ýolboýy aglady we olaryň ýanyna gelip: «Ýörüň, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baralyň» diýdi.  Emma olar şähere giren badyna, Netanýanyň ogly Ysmaýyl nökerleri bilen olary öldürip, guýa taşlady.  Olaryň arasynda on adam Ysmaýyla: «Bizi öldürme! Biz bugdaý, arpa, ýag we bal gizläp goýduk» diýdiler. Şonda Ysmaýyl olara degmedi, doganlaryny⁠-⁠da diri galdyrdy.  Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetlerini çuňňur guýa taşlady. Guýyny Asa patyşa Ysraýyl patyşasy Başa+ bilen söweşende gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl guýyny jesetden doldurdy. 10  Ysmaýyl Mispada+ galan halky, patyşanyň gyzlaryny we beýleki adamlary ýesir aldy. Garawullaryň baştutany Nawuzardan Ahykamyň ogly Gedalýany olara häkim edip belläpdi+. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ýesirleri alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi+. 11  Kareýiň ogly Ýohanan+ we ýanyndaky ähli goşunbaşylary Netanýanyň ogly Ysmaýylyň zalym işlerini eşitdiler. 12  Olar adamlary ýygnap, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen söweşmäge çykdylar. Olar Gibgondaky kölüň* golaýynda Ysmaýylyň yzyndan ýetdiler. 13  Ysmaýylyň eline ýesir düşen adamlar Kareýiň ogly Ýohanany we goşunbaşylary görüp begendiler. 14  Ysmaýylyň Mispadan+ ýesir alan adamlary yzyna öwrülip, Kareýiň ogly Ýohanan bilen gaýtdylar. 15  Emma Netanýanyň ogly Ysmaýyl sekiz adamy bilen Ýohanandan gaçyp, ammonlaryň ýanyna geldi. 16  Kareýiň ogly Ýohanan we goşunbaşylar Netanýanyň ogly Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlaryny halas etdiler. Ysmaýyl Ahykamyň ogly Gedalýany öldüripdi+. Olar aýal⁠-⁠erkekleri, çagalary, köşk emeldarlaryny we esgerleri Gibgondan alyp gaýtdylar. 17  Olar Müsüre gitmek üçin+ Beýtullahamyň+ golaýynda ýerleşýän Kimhamdaky kerwensaraýda düşlediler. 18  Olar haldeýlerden gorkýardylar. Sebäbi Netanýanyň ogly Ysmaýyl Wawilon patyşasynyň ýurduň üstünden bellän adamyny, Ahykamyň ogly Gedalýany öldüripdi+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: uly howzuň.