Ýermeýa 43:1—13

  • Halk gulak asman Müsüre gidýär (1—7)

  • Ýehowa Müsürde Ýermeýa bilen gepleşýär (8—13)

43  Ýermeýa halka Ýehowa Hudaýyň ähli sözlerini aýdyp berdi. Ol Ýehowanyň olara aýtmagy tabşyran sözüniň birinem ýere gaçyrman halka ýetirdi.  Şonda Hoşaýaryň ogly Azarýa, Kareýiň ogly Ýohanan+ we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Ýalan aýdýarsyň! Ýehowa Hudaýymyz „Müsüre gidip ýaşamaň“ diýmedi.  Haldeýleriň eline berip, Wawilona sürgün etmek ýa⁠-⁠da öldürtmek üçin+ Nuryýaryň ogly Baruk+ saňa gep berýär».  Kareýiň ogly Ýohanan, goşunbaşylar we tutuş halk Ýehowanyň Ýahuda ýurdundan gitmäň diýen tabşyrygyna gulak asmadylar.  Kareýiň ogly Ýohanan we goşunbaşylar aman galan halky, ýagny çar tarapa dargan ýerlerinden Ýahuda dolanan ähli adamlary alyp gitdiler+.  Olar garawullaryň baştutany Nawuzardanyň+ Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýanyň+ ýanynda goýan ähli adamlaryny: aýal⁠-⁠erkekleri, çagalary, şa gyzlaryny, Ýermeýa pygamberi we Nuryýaryň ogly Barugy alyp gitdiler.  Olar Ýehowanyň tabşyrygyna tabyn bolman, Müsüre gitdiler we Tahpanese+ baryp ýetdiler.  Soňra Tahpanesde Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi:  «Eliňe uly daşlary alyp, Tahpanesde faraonyň köşgüniň öňünden geçýän daşly ýolda göm⁠-⁠de, üstüni suwap goý. Muny ýehudylaryň gözüniň alnynda et. 10  Soňra olara Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men gulumy+, Wawilon patyşasy Nawuhodonosory* çagyraryn we tagtyny gömlen daşlaryň üstünde goýaryn. Ol çadyryny şu daşlaryň üstünde diker+. 11  Ol gelip, Müsür ýurduna çozar+. Mergä höküm edilen mergiden gyrlar, sürgüne höküm edilen sürgüne gider, gylyja höküm edilen gylyçdan geçiriler+. 12  Men Müsür taňrylarynyň buthanalaryny otlaryn+. Wawilon patyşasy hem olary oda berer we ýesirlige äkider. Çopanyň ýapynjasyny üstüne örtüşi ýaly, ol hem Müsür ýurduny öz üstüne örter. Soňra ýurtdan sag⁠-⁠aman yzyna gaýdar. 13  Ol Müsürdäki Beýtşemeş* sütünlerini* çym⁠-⁠pytrak eder we Müsür taňrylarynyň buthanalaryny otlar“».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezary. Başgaça aýdylyşy.
Ýa⁠-⁠da: Gün öýi (buthanasy), ýagny Heliopolis.
Ýa⁠-⁠da: heýkellerini.