Ýermeýa 52:1—34
52 Sadykýar+ 21 ýaşynda patyşa boldy. Ol Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy+.
2 Sadykýar hem Ýehoýakym ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+.
3 Ýehowanyň gahary gelip, Iýerusalime we Ýahuda betbagtçylyk iberdi. Ahyrsoňy Hudaý olary huzuryndan kowdy+. Soňra Sadykýar Wawilon patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy+.
4 Sadykýaryň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, onunjy aýyň onuna Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* goşuny bilen Iýerusalime geldi. Olar şäheriň daşyna gabaw diwarlaryny gurdular+.
5 Sadykýaryň hökümdarlygynyň 11-nji ýylyna çenli şäher gabawda saklandy.
6 Dördünji aýyň dokuzydy+, şäherde güýçli açlyk höküm sürýärdi, halkyň iýere zady ýokdy+.
7 Ahyry şäheriň diwaryny ýykyp ýumurdylar. Şol gije haldeýler şäheri gabap otyrkalar, esgerler şa bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp, Araba tarap gaçyp gitdiler+.
8 Emma haldeýler Sadykýar patyşanyň yzyndan kowdular we Ýerihon düzlüginde ele saldylar+. Şonda nökerleri patyşany taşlap, çar tarapa gaçyp gitdiler.
9 Haldeýler Sadykýary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Ol Sadykýaryň üstünden höküm çykardy.
10 Riblada Wawilon patyşasy Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi. Soňra Ýahudanyň ähli han-beglerini hem öldürdi.
11 Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup+, el-aýagyny mis gandal bilen baglady we Wawilona alyp gitdi. Ol ömrüniň ahyryna çenli zyndanda oturdy.
12 Bäşinji aýyň onuna, ýagny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 19-njy ýylynda Wawilon patyşasynyň geňeşçisi*, garawullaryň baştutany Nawuzardan Iýerusalime geldi+.
13 Ol Ýehowanyň öýüni, köşgi, Iýerusalimdäki jaýlaryň baryny, atly-abraýly adamlaryň öýlerini otlady+.
14 Garawullaryň baştutany we haldeý goşuny Iýerusalimiň diwarlaryny ýumurdylar+.
15 Garawullaryň baştutany Nawuzardan şäherde aman galan halky, ussalary, käbir garyp-gasar adamlary we Wawilon patyşasynyň tarapyna geçenleri sürgün etdi+.
16 Garawullaryň baştutany Nawuzardan üzümlikde işletmek we ekin ekdirmek üçin käbir garyp adamlary ýurtda goýup gitdi+.
17 Haldeýler Ýehowanyň öýündäki mis sütünleri+, Ýehowanyň öýündäki arabalary+ we mis howzy*+ çym-pytrak edip, ähli misi Wawilona äkitdiler+.
18 Şeýle-de olar gaplary, pilçeleri, ot söndürgiçleri, tabaklary+, käseleri+ we ybadathanada ulanylýan mis gap-gaçlaryň hemmesini alyp gitdiler.
19 Garawullaryň baştutany arassa altyn-kümüşden ýasalan legenleri+, külatarlary, jamlary, gaplary, şemdanlary+, käseleri we tabaklary alyp gitdi+.
20 Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi üçin iki sütüni, 12 sany mis öküzi+, olaryň üstünde duran mis howzy* we arabalary ýasatdy. Olary ýasamak üçin ummasyz köp mis ulanylypdy.
21 Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi*. Ölçeg ýüpi bilen daşyny aýlanlarynda 12 tirsek çykdy+. Sütüniň içi boşdy, diwarynyň galyňlygy dört barmakdy*.
22 Sütüniň depesinde misden ýasalan täç bardy. Täjiň beýikligi bäş tirsekdi*+. Onuň daşyndaky toruň we naryň şekilleri misdendi. Ikinji sütün hem birinji sütün ýaly narlar bilen bezelipdi.
23 Onda 100 sany nar bardy+, ýöne 96-sy görünýärdi.
24 Garawullaryň baştutany Nawuzardan uly ruhany Seraýany+, orunbasary Sepanýa ruhanyny+ we üç sany derwezebany hem ýesir aldy+.
25 Şeýle-de ol esgerleriň üstünden goýlan emeldary, şäherde galan patyşanyň ýedi maslahatçysyny, garamaýak halkdan 60 adamy we serkerdäniň kätibini äkitdi. Ol kätip ilaty harby gullugyna çagyrýardy.
26 Garawullaryň baştutany Nawuzardan olary Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň öňüne eltdi.
27 Wawilon patyşasy olary Hamat ýurdunyň Ribla+ şäherinde öldürdi. Şeýlelikde, ýahuda halky watanyndan sürgün edilip äkidildi+.
28 Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda 3 023 ýehudy sürgün edildi+.
29 Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda+ 832 adam Iýerusalimden sürgün edildi.
30 Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 23-nji ýylynda garawullaryň baştutany Nawuzardan 745 ýehudyny sürgün etdi+.
Sürgün edilenleriň jemi sany 4 600 adamdy.
31 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň+ sürgün edileniniň 37-nji ýyly Wawilon patyşasy Ewilmerodak tagta geçdi. Ol şol ýylyň 12-nji aýynyň 25-ne Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna rehim edip, zyndandan boşatdy+.
32 Ol Ýehoýakyna ýagşylyk edip, Wawilondaky beýleki patyşalardan has köp hormat goýýardy.
33 Zyndandan çykan Ýehoýakyna täze lybas geýdirdiler. Ol ömrüniň ahyryna çenli patyşanyň saçagyndan iýip içdi.
34 Wawilon patyşasy oňa ömrüniň ahyryna çenli iýjek-içjegini ýetirip durdy.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
^ Ýa-da: hyzmatkäri.
^ Sözme-söz: deňzi.
^ Sözme-söz: deňzi.
^ Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Bir barmagyň ini 1,85 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.