Ýermeýa 8:1—22

  • Halk köpçüligiň yzyna düşýär (1—7)

  • Olar Ýehowany diňlemese, nädip paýhasly bolsun? (8—17)

  • Halkyň ýarasyny görüp, Ýermeýanyň ýüregi paralanýar (18—22)

    • «Gileadda melhem ýokmy?» (22)

8  Ýehowa şeýle diýýär: «Şol günler Ýahuda patyşalarynyň, han⁠-⁠begleriniň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň we Iýerusalim ilatynyň süňkleri mazardan çykarylar.  Süňkler halkyň söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, agtaran, sežde eden Gününiň we Aýynyň, ähli asman jisimleriniň*+ astyna pytradylar. Olary hiç kim ýygnamaz, hiç kim jaýlamaz, topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatarlar»+.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň iberjek ýerlerimde betnebis halkyň aman galanlary janyndan doýup, ölesi geler».  «Olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ýykylan adam aýaga galmazmy? Bir adam yzyna öwrülse, beýlekisem yzyna öwrülmezmi?   Iýerusalim halky näme üçin hemişe biwepalyk edýär? Olar ýalana berk ýapyşýarlar,Yzlaryna dolanmaýarlar+.   Men olary ünsli diňledim, ýöne hiç kim hakykaty aýtmady. Erbet işlerine toba edip:„Men näme edipdirin?!“ diýýän adam ýok+. Olar söweş meýdanyna okdurylýan atlar ýaly köpçüligiň yzyna düşýärler.   Hatda leglek hem göçmeli wagtyny bilýär.Gumry, atgarlawaç we jokjoky* hem dolanmaly wagtyny unutmaýar. Ýöne halkym Ýehowanyň hökümine düşünmeýär“+.   „Biz akylly, bizde Ýehowanyň kanuny bar“ diýmäge nädip diliňiz barýar? Aslynda, hilegär kätipler galamy+ bilenDiňe ýalan zatlary ýazýar.   Akyldarlar masgara boldular+, Gorkup, ýesir düşerler. Olar Ýehowanyň sözüni diňlemediler.Olar nädip paýhasly bolsun? 10  Olaryň aýalyny, melleklerini başgalara bererin+.Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine çenli haram gazanç edýärler+.Pygamberleri, ruhanylary hilegärlik edýärler+. 11  Halkymyň* ýarasyny* çala bejerýärler.Hiç hili parahatlyk bolmasa⁠-⁠da: „Parahatlyk, parahatlyk!“ diýýärler+. 12  Olar ýigrenji işlerine utanýarlarmy? Asla utanmaýarlar, Utanç⁠-⁠haýany bilmeýärler+. Şonuň üçin olar ýykylanlaryň arasynda bolarlar, Men jeza berenimde büdrärler+ — muny Ýehowa aýdýar. 13  Men olaryň baryny bir ýere jemläp, ýok ederin — muny Ýehowa aýdýar. Indi ne üzüm, ne⁠-⁠de injir agajynyň miwesi galar, Ýapraklary saralyp solar. Olara beren zadymy ellerinden alarlar». 14  «Biz näme üçin bärde otyrys? Jem bolup, galalara gaçalyň+, ölsek⁠-⁠de şol ýerde öleliň.Ýehowa Hudaýymyz bizi ýok eder,Bize zäherli suw içirer+.Sebäbi biz Ýehowa garşy günä etdik. 15  Parahatlyga umyt edýärdik, ýöne ýagşylyk görmedik,Sagalmaga garaşýardyk, ýöne janymyz howp astynda+. 16  Danda duşman atlary kişňeýär, Olaryň sesinden tutuş ýurt sarsýar. Duşmanlar ýurdy eýeläp, ähli zadyny,Şäheri we onuň halkyny ýok eder». 17  «Men siziň üstüňize ýylanlary iberýärin.Zäherli ýylanlardan gutulyp bolmaz.Olar sizi çakarlar». Muny Ýehowa aýdýar. 18  Derdime derman ýokdur,Ýüregim ýaralydyr. 19  Halkymyň gyzy uzak ýurtdanZaryn ses bilen kömek soraýar: «Ýehowa Sionda dälmi? Sionyň patyşasy ýokmy?» «Olar näme üçin guýma butlara,Dereksiz, ýat taňrylara sežde edip, meni ynjatdylar?» 20  «Hasyl ýygyldy, tomus sowuldy,Bizi hiç kim halas etmedi». 21  Halkymyň ýarasyny görüp, ýüregim paralandy+,Halym harap boldy. Men juda gorkdum. 22  Gileadda melhem ýokmy?+ Ol ýerde lukman ýokmy?+ Halkym näme üçin henizem sagalmady?+

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlarynyň.
Başga manysy: durna.
Sözme⁠-⁠söz: Halkymyň gyzynyň.
Ýa⁠-⁠da: döwügini.