Ýermeýa 9:1—26

  • Ýermeýa aglaýar (1—3a)

  • Ýehowa Ýahudadan hasabat soraýar (3b—16)

  • Ýahuda üçin aglasynlar (17—22)

  • Ýehowany tanaýandygyňa buýsan (23—26)

9  Käşgä başym guýy,Gözlerim çeşme bolsady!+ Halkymyň heläk bolanlary üçinGije⁠-⁠gündiz aglardym.   Wah, çölde syýahatçylaryň kerwensaraýy bolsady, Halkymy taşlap, çykyp giderdim.Sebäbi olar zynahor+,Dönük halkdyr.   Atyljak ýaý ýaly, dilleri ýalan sözlemäge taýyn.Ýurtda wepalylyk däl⁠-⁠de, ýalan höküm sürýär+. Ýehowa şeýle diýýär: «Olar zalym işlerde ökdeleşdiler.Meni äsgermeýärler+.   Her bir adam goňşusyndan ägä bolsun,Süýtdeş doganyna ynanmasyn. Doganlaryň ählisi dönükdir+,Goňşularyň bary töhmetçidir+.   Her kes goňşusyny aldaýar,Hakykaty aýdýan adam ýok. Olaryň dili ýalan sözlemäge öwrenişen+. Olar erbetlik edip güýçden gaçýarlar.   Sen ýalançylaryň arasynda ýaşaýarsyň, Olar ýalan sözleýärler. Meni tanamak islemeýärler».Muny Ýehowa aýdýar.   Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin+.Halkymyň gyzyna başga näme edeýin?   Dilleri ýalan ýagdyryp, zäherli peýkam kimin sanjylýar, Goňşusyna süýji sözleri aýdýar,Ýüreginde bolsa duzak gurýar.   Indi olardan hasabat soramarynmy? Şu milletden arymy almarynmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar. 10  Daglar üçin aglap, ahy⁠-⁠nala çekerin,Çölüň öri meýdanlary üçin agy* aýdaryn.Ol ýerleri ýakdylar, indi hiç kim deňinden geçmeýär,Mal⁠-⁠garanyň sesi eşidilmeýär, Guşlar uçdy, ýyrtyjy haýwanlar gaçyp gitdi+. 11  Men Iýerusalimi daş üýşmegine+,Şagallaryň sürenine öwrerin+.Ýahudanyň şäherleri boşap galar, janly⁠-⁠jemende galmaz+. 12  Muňa düşüner ýaly akyldar barmy? Jar etmegi Ýehowa kime tabşyrar? Ýurt näme üçin weýran boldy? Ýurt näme üçin çöle döndi?Indi hiç kim ol ýerlerden geçmeýär». 13  Ýehowa şeýle diýdi: «Olar beren kanunymdan* ýüz öwrüp, berjaý etmediler, sözüme gulak asmadylar. 14  Olar kesirlik bilen kellesine gelenini etdiler+, ata⁠-⁠babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butlarynyň yzyna eýerdiler+. 15  Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin+. 16  Olary özleriniň, atalarynyň tanamaýan halklarynyň arasyna pytradaryn+. Olaryň üstüne gylyç ibererin, hemmesini gyraryn“+. 17  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:„Bolýan zatlar hakda oýlanyň. Agy aýdýan aýallary çagyryň+,Ökdelerine habar ýollaň, gelsinler. 18  Tizräk gelsinler, siziň üçin agy aýtsynlar.Gözüňiziň ýaşy diňmesin,Kirpigiňiziň ýaşy guramasyn+. 19  Siondan agy sesi eşidilýär+: „Bizi weýran etdiler, Masgara bolduk! Ýurdumyzdan kowdular, öýümizi ýumurdylar“+. 20  Eý aýallar, Ýehowanyň sesini eşidiň, Sözüne gulak asyň! Şu agyny gyzlaryňyza,Biri⁠-⁠biriňize öwrediň+. 21  Ölüm penjirämizden girdi,Berk diňlerimize geldi,Köçelerden çagalary,Şäher meýdançasyndan* ýigitleri alyp gitdi“+. 22  Olara şeýle diý: „Ýehowa yglan edýär: „Jesetler topragyň ýüzünde ders ýaly pytrap ýatar.Jesetler orlan bugdaý ýaly çaşyp ýatar.Hiç kim olary ýygnamaz“»+. 23  Ýehowa şeýle diýýär: «Paýhasly adam öz akylyna öwünmesin+,Pälwan güýjüne guwanmasyn,Baý mal⁠-⁠mülküne buýsanmasyn»+. 24  Ýehowa şeýle diýýär: «Öwünýän adam Meni tanaýandygyna, bilýändigine öwünsin+.Goý, ol adam meniň, Ýehowanyň ýer ýüzünde wepaly*,Adalatly we dogruçyl höküm sürýändigime buýsansyn+.Men şu zatlardan şatlyk tapýaryn»+. 25  Ýehowa diýýär: «Şeýle günler geler, sünnetli, ýöne ýüregi sünnetlenmedik her bir adamdan, 26  Müsürden+, Ýahudadan+, Edomdan+, Mowapdan+, ammonlardan+ we sakgaly gyrkylan çarwa halkyndan+ hasabat soraryn. Sebäbi olar sünnetsizdir, bütin ysraýyl halkynyň ýüregi hem sünnetsizdir»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny.
Ýa⁠-⁠da: görkezmämden.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bilen.