Ýewreýler 2:1—18

  • Eşiden zatlarymyza has⁠-⁠da ünsli bolmaly (1—4)

  • Ähli zat Isa tabyn edildi (5—9)

  • Isa we doganlary (10—18)

    • Baş Ýolbaşçy halas edýär (10)

    • Biziň rehimdar baş ruhanymyz bar (17)

2  Şeýlelikde, imandan azaşmaz ýaly+, eşiden zatlarymyza öňküden-de ünsli bolmaly+.  Eger perişdeler arkaly+ aýdylan sözler dogry bolsa, her bir günäkär, boýnuýogyn adam adalatly jeza alýan bolsa+,  onda Halypamyzyň wagyz eden has beýik gutulyşynyň gadyryny bilmesek, heý-de, jezadan gaçyp bilerismi?+ Bize muny Halypamyzdan eşiden adamlar+ gürrüň beripdi.  Hudaý hem olaryň sözlerini tassyklamak üçin alamatlary, görnüşleri, her dürli gudratlary görkezdi+. Niýetini ýerine ýetirmek üçin gullukçylaryna mukaddes ruhy berdi+.  Hudaý gelejekki dünýäni+ perişdelere tabyn etmedi.  Emma biri şeýle şaýatlyk edipdi: «Ýatlap aladasyny ederiň ýaly, ynsan kimmişin?+  Ony perişdelerden sähelçe peseltdiň, başyna şöhrat we hormat täjini geýdirdiň. Ähli işleriňi oňa tabşyrdyň.  Ähli zady ygtyýaryna berdiň»+. Diýmek, Hudaý ähli zady ogluna tabyn etdi+, ogluna tabyn edilmedik hiç zat galmady+. Häzir welin, ähli zadyň ogla tabyn edilendigini görmeýäris+.  Ýöne şuny görýäris: Isa perişdelerden az-kem peseldildi+, soňra ölümi dadyp, şöhrat we hormat täjine eýe boldy+. Ol Hudaýyň ýagşylygy* bilen her bir adam üçin öldi+. 10  Ähli zat Hudaý üçindir, ähli zady Ol ýaradandyr. Hudaý ençeme ogullaryny şöhratlandyrmak+ we halas etmek üçin+ Baş Ýolbaşçynyň görgi görmegine+ ýol berdi. 11  Mukaddes edýän-de+, mukaddes edilýänler-de bir atadandyr+, şonuň üçin Isa olara doganlarym+ diýmäge utanmaýar. 12  Ol: «Adyňy doganlaryma aýdaryn, ýygnakda seni aýdym bilen wasp ederin»+ diýýär. 13  Başga bir ýerde: «Men saňa bil baglaryn»+ diýilýär. Şeýle-de: «Serediň, Ýehowanyň* beren ogullary+ meniň ýanymda» diýilýär. 14  «Ogullar» ynsan* bolany üçin, ol hem ynsan bolup geldi+. Sebäbi ol ölümi dadyp+, ölümiň sebäpkäri Iblisi ýok etmelidi+. 15  Şeýdip, bütin ömrüne ölümden gorkup ýaşaýan adamlary azatlyga çykarmalydy+. 16  Aslynda, ol perişdelere däl-de, Ybraýymyň nesline kömek etmek üçin geldi+. 17  Ol ähli zatda «doganlary» ýaly bolup+, Hudaýyň öňünde wepaly we rehimdar baş ruhany bolmagy öwrendi. Adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrar ýaly, olaryň günäleri üçin+ gurban hödürledi+. 18  Ol başyna düşen synaglarda köp görgi gördi+. Şol sebäpli-de synaga düşýänlere kömek etmegi başarýandyr+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gan we beden.