Ýewreýler 8:1—13

  • Ýerdäki çadyr gökdäki zatlaryň nusgasy (1—6)

  • Köne we täze ähtiň tapawudy (7—13)

8  Biziň aýtmak isleýän esasy zadymyz şudur: gökdäki Beýik Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturan+ baş ruhanymyz bar+.  Ol adam eli bilen däl-de, Ýehowanyň* guran hakyky çadyrynyň we iň mukaddes otagynyň hyzmatkäridir+.  Her bir baş ruhany Hudaýa sadakalary we gurbanlyklary bermek üçin bellenendir. Şonuň ýaly ol hem gurbanlyk bermelidi+.  Eger ol ýer ýüzünde bolsady, ruhany bolup bilmezdi+, sebäbi Töwrada görä sadakalary berýän ruhanylar eýýäm bardy.  Şol adamlaryň ýerine ýetirýän mukaddes gullugy gökdäki zatlaryň+ nusgasy we kölegesidir+. Musa çadyr gurmaly bolanda, Hudaý: «Ähli zady dagda görkezilen nusga boýunça ýasa»+ diýipdi.  Emma Isa beýleki ruhanylara garanyňda, has ajaýyp gulluga bellendi, sebäbi ol has gowy ähtiň+ araçysydyr+. Ol äht öňküden hem has gowy wadalara esaslanýandyr+.  Eger birinji äht kemçiliksiz bolan bolsady, onda ikinjisi gerek bolmazdy+.  Sebäbi Hudaý ysraýyl halkyndan kemçilik tapyp, şeýle diýdi: «„Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşjak günlerim geler“. Muny Ýehowa* aýdýar.  „Şu äht olaryň ata-babalary bilen baglaşan ähtim ýaly bolmaz. Men ata-babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaran günüm+ äht baglaşypdym. Olar meniň ähtimi bozdular. Şonuň üçin indi olaryň aladasyny etmerin“. Muny Ýehowa* aýdýar. 10  Şol günlerden soň men ysraýyl halky bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa* aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup, ýüreklerine ýazaryn+. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar+. 11  Olaryň hiç biri doganyna we ildeşine: „Ýehowany* tanaň!“ diýip öwretmez. Sebäbi olaryň ählisi, uludan-kiçisine çenli meni tanarlar. 12  Olar erbet işleri eden bolsalar-da, men rehim ederin we olaryň günälerini ýatlamaryn“»+. 13  Hudaý «täze äht» diýmek bilen, öňküsini köne diýip yglan etdi+. Köne äht gitdigiçe könelýändir, wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýändir+.