Ýowel 1:1—20

  • Çekirtgeleriň çozuşy (1—14)

  • «Ýehowanyň güni ýetip gelýär» (15—20)

    • Pygamber Ýehowany çagyrýar (19, 20)

1  Ýehowa Petuweliň ogly Ýowele* şeýle sözleri aýtmagy tabşyrdy:   «Eý ýaşulular, eşidiň!Ýurduň ilaty, diňläň! Ata⁠-⁠babalaryňyzyň günlerinden bäri,Şeýle zady gören⁠-⁠eşiden barmy?+   Ol hakda ogullaryňyza gürrüň beriň.Ogullaryňyz hem agtyklaryňyza,Agtyklaryňyz hem çowluklaryňyza gürrüň bersin.   Uly çekirtgeden galan zady çekirtge sürüsi iýdi+,Çekirtge sürüsinden galanyny ganatsyz çekirtge iýdi,Ganatsyz çekirtgeden galanynyÝalmap⁠-⁠ýuwudýan çekirtge iýdi+.   Serhoşlar+, turuň, zar⁠-⁠zar aglaň! Arakhorlar, perýat ediň!Sebäbi täze şerabyňyz gutardy+.   Ýurduma güýçli, sansyz⁠-⁠sajaksyz halk geldi+. Olaryň dişleri arslanyňky+, äňleri ýolbarsyňky ýaly.   Olar üzüm agaçlarymy çapdylar,Injir agaçlaryň töňňesi galdy.Olaryň gabygyny sypyryp,Dumly⁠-⁠duşa zyňdylar,Şahalaryny ýalaňaçladylar.   Adaglysy* aradan çykan,Ýas eşigini* geýen gyz* ýaly aglaň.   Ýehowanyň öýüne galla+, şerap sadakalary+ getirilmeýär,Ýehowanyň gullary, ruhanylary ýas tutýarlar. 10  Ekin meýdanlary weýran edildi, toprak ýas tutýar+,Sebäbi galla ýok edildi, täze şerap, ýag gutardy+. 11  Daýhanlar gorkýarlar, üzümçiler zar⁠-⁠zar aglaýarlar,Sebäbi bugdaý, arpa,Ekin meýdanlaryň hasyly zaýalandy. 12  Üzüm agajy saralyp soldy,Injir agajy gurap galdy. Nar, hurma*, alma agaçlary,Meýdanyň ähli agaçlary gurap galdy+.Il arasynda şatlyk⁠-⁠şagalaň kesildi. 13  Eý ruhanylar, jul* geýip, perýat ediň,Gurbanlyk ojagynyň* öňünde gulluk edýänler+, Zaryn⁠-⁠zaryn aglaň.Allanyň gullary, geliň, gijäni jul içinde geçiriň!Sebäbi Hudaýyň öýüne şerap+,Galla sadakasy+ getirilmeýär. 14  Halk agyz beklesin, uly baýrama gelsin+. Ýaşulular we tutuş halk Ýehowa Hudaýyň öýüne+ gelip,Ýehowadan kömek sorap ýalbarsynlar. 15  Ol gün ýetip gelýär. Ýehowanyň güni ýetip gelýär+.Şonda Gudratygüýçli ähli zady ýok eder. 16  Gözümiziň alnynda çöregimizi elimizden aldylar,Allanyň öýünde şatlyk⁠-⁠şagalaň kesildi. 17  Ýeri agdarsalar⁠-⁠da, tohum gögermedi*. Ammarlar boşap galdy. Ekin meýdanlary galla bermedi, ammarlar weýran edildi. 18  Öküzler molaýar, Sygyr sürüsi öri meýdanyny tapman, eýläk⁠-⁠beýläk enteýär. Goýun sürüsi mäleýär. 19  Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn!+Sebäbi öri meýdanlary kül boldy,Alaw ody ähli agaçlary ýalmap ýuwutdy. 20  Ýabany haýwanlar hem saňa ýalbarýar,Sebäbi çeşmeleriň ählisi gurady,Alaw ody öri meýdanlary kül etdi».

Çykgytlar

Manysy: Ýehowa Hudaýdyr.
Ýa⁠-⁠da: Äri.
Sözme⁠-⁠söz: Jul.
Ýa⁠-⁠da: gelin.
Hurma bitýän palma agajy göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: injir agajy gurady.