Ýowel 2:1—32

  • Ýehowanyň güni we goşuny (1—11)

  • Ýehowa dolanyň (12—17)

    • «Ýürekden toba ediň» (13)

  • Ýehowa halkyna jogap berýär (18—32)

    • «Ruhumy indererin» (28)

    • Asmandaky we ýerdäki alamatlar (30)

    • Ýehowanyň adyny çagyran halas bolar (32)

2  «Sionda surnaý çalyň!+ Mukaddes dagymda söweş surnaýyny çalyň. Goý, ýurduň halky titresin.Sebäbi Ýehowanyň güni ýetip gelýär+. Ol gün ýakyndyr!   Ol gün tümlük, garaňkylyk günüdir+,Bulutly, gap⁠-⁠gara bulutly gündür+,Daglara düşýän daň şapagy kimindir. Güýçli bir halk geler, san⁠-⁠sajagy ýokdur+,Gadymy döwürde⁠-⁠de, geljekki nesillerde⁠-⁠deOňa taý geljek ýokdur.   Onuň öňünde ýalmap⁠-⁠ýuwudýan ot,Yzynda ýakyp kül edýän alaw bardyr+. Öňünde Erem bagy kimin ýurt+,Yzynda gurap ýatan çöl bardyr.Elinden hiç bir zat gutulyp bilmez.   Görnüşi ata meňzeýär,Söweş bedewleri kimin ýüwrükdir+.   Dagyň depesine çykanda,Olaryň sesi söweş arabalarynyň güpürdisi kimin+,Otda ýanýan samanyň şatyrdysy ýalydyr. Olar söweş nyzamyna düzülen güýçli halk kimindir+.   Olaryň elinden halklar jebir çeker. Gorkudan ýaňa ýüzleri ak tam ýaly bolar.   Olar pälwan kimin topulýarlar.Esger kimin diwara dyrmaşýarlar.Her biri nyzam bilen ýöreýär,Hiç biri ýolundan sowulmaýar.   Biri⁠-⁠birini iteklemeýärler,Olaryň her biri nyzam bilen ýöreýärler. Atylan okdan ýykylsa⁠-⁠da ýoldaşy,Nyzamyndan çykmaýar gardaşy.   Olar şähere çozýarlar, diwarlardan aşýarlar. Öýlere dyrmaşyp çykyp,Penjireden ogry kimin girýärler. 10  Olaryň öňünde ýer we gök titreýär. Gün we Aý tutulýar+,Ýyldyzlar şöhle saçmaýar. 11  Ýehowa goşunynyň+ başynda batly seslener,Esgerleriniň san⁠-⁠sajagy bolmaz+. Onuň sözüni ýerine ýetirýän güýçlüdir.Ýehowanyň güni beýik hem gorkunçdyr+. Kim çydap biler?»+ 12  Ýehowa şeýle diýýär: «Heniz wagt barka,Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň+.Agyz bekläň+, aglaň, perýat ediň. 13  Diňe ýakaňyzy ýyrtman+, ýürekden toba ediň*+.Ýehowa Hudaýyňyza dolanyň.Şonda ol pikirinden dänip*,Başyňyza betbagtçylyk indermez.Sebäbi ol mähirli* hem rehimdar,Giň göwünli*+ hem wepaly söýgä* baý+ Hudaýdyr. 14  Kim bilýär, belki, gahary köşeşer, pikirini üýtgeder*+,Size bol bereketleri berer.Şonda siz Ýehowa Hudaýyňyza galla,Şerap sadakasyny berip bilersiňiz. 15  Sionda surnaý çalyň! Agyz bekläň, halky uly baýramçylyga çagyryň!+ 16  Halky ýygnaň, jemagaty mukaddes ediň+. Ýaşululary, çagalary hem bäbekleri jemläň+. Goý, ýigit öz gelni bilen otagyndan çyksyn. 17  Minara bilen gurbanlyk ojagynyň*+ arasyndaRuhanylar bilen Ýehowanyň gullary aglap, şeýle diýsin: „Ýehowa, halkyňa rehim et!Halkyňy masgara etme,Ýat halklar olaryň üstünden agalyk etmesin. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýmesin“+. 18  Şonda Ýehowa ýurduny gabanjaňlyk bilen gorar.Halkyna rehimi iner+. 19  Ýehowa halkyna şeýle diýer: „Indi men size galla, täze şerap, ýag bererin.Siz doýup ganarsyňyz+.Indi siz halklaryň arasynda masgara bolmarsyňyz+. 20  Demirgazykdan gelenleri kowaryn.Men olary takyrlyga hem çöle pytradaryn.Goşunyň öňüni* gündogar deňzine*,Yzyny* günbatar deňzine* kowaryn. Jesetleri porsar.Porsy ysy älem⁠-⁠jahany tutar+.Sebäbi Hudaý beýik işleri eder“. 21  Eý ýurt, gorkma! Şatlan we begen, sebäbi Ýehowa beýik işleri eder. 22  Ýabany haýwanlar, gorkmaň!Sebäbi sähralar ýaşyl dona bürener+.Agaçlar miwe berer+.Injir we üzüm agaçlary bol hasyl berer+. 23  Sion ogullary, Ýehowa Hudaýyňyzyň işlerine şatlanyň+.Sebäbi ol gadymky günlerde bolşy ýaly,Güýzde ýagyşly⁠-⁠ýagmyrly günleri köpelder.Siziň üçin çabga, güýz we ýaz ýagyşlaryny ýagdyrar+. 24  Harmanlar galladan dolar.Çelekler täze şerapdan, ýagdan püre⁠-⁠pür bolar+. 25  Men siziň üstüňize uly goşunymy+:Çekirtgeleriň sürüsini, ganatsyz çekirtgeleri,Ýalmap⁠-⁠ýuwudýan çekirtgeleri, uly çekirtgeleri iberdim.Olar şunça ýyllap zyýan ýetirdi, indi öwezini dolaryn. 26  Siz doýup ganarsyňyz+.Siziň üçin ajaýyp işleri edenÝehowa Hudaýyňyzyň adyna alkyş aýdarsyňyz+.Halkym indi hiç haçan utanja galmaz+. 27  Meniň ysraýylyň arasyndadygyma+,Olaryň Hudaýy Ýehowadygyma+ şonda düşünersiňiz! Halkym indi hiç haçan ýüzügara bolmaz. 28  Şondan soňra her biriniň üstüne ruhumy indererin+.Ogul⁠-⁠gyzlaryňyz pygamberlik ederler.Gojalaryňyz düýşler,Ýigitleriňiz görnüşler* görerler+. 29  Men gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüneŞol günler ruhumy indererin. 30  Men asmanda we ýer ýüzünde alamatlary:Gan, ot we gara tüsse görkezerin+. 31  Ýehowanyň beýik we gorkunç güni gelmezinden öň+,Gün tümlüge döner, Aý gana boýalar+. 32  Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar+.Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Sion dagynda,Iýerusalimde aman galanlar bolar+.Ýehowanyň çagyranlarynyň başy dik bolar».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ýürekleriňizi ýyrtyň.
Ýa⁠-⁠da: ökünip.
Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.
Ýa⁠-⁠da: Sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: öküner.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýüzüni.
Ýagny Öli deňzi.
Sözme⁠-⁠söz: Ýeňsesini.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Sözlüge serediň.