Ýowel 3:1—21

  • Ýehowa milletleri höküm eder (1—17)

    • Ýehoşapat jülgesi (2, 12)

    • Höküm jülgesi (14)

    • Ýehowa — Ysraýylyň galasy (16)

  • Ýehowa halkyna bereket berýär (18—21)

3  «Şol döwürde, şol günlerde,Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýesirlerini yzyna getirerin+.   Şonda ähli halklary hem ýygnap,Ýehoşapat* jülgesine getirerin. Halkymyň we mirasym Ysraýylyň hatyrasyna,Olara höküm çykararyn+.Sebäbi olar halkymy milletleriň arasyna dargatdylar,Olar meniň ýurdumy özara paýlaşdylar+.   Olar halkym üçin bije atdylar+,Ahlaksyz aýal bilen ýatmak üçin oglanlary satdylar,Gyzlary şeraba çalyşdylar.   Eý Tir, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary,Maňa garşy çykmaga neneň milt edip bildiňiz? Siz maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa,Derrew almytyňyzy bererin+.   Siz meniň altyn⁠-⁠kümşümi olja aldyňyz+,Hazynamy ybadathanalaryňyza eltip goýduňyz.   Siz Ýahuda we Iýerusalim halkynyÝurdundan uzaklara äkidip, greklere satdyňyz+.   Olary satan ýurduňyzdan yzyna getirerin+,Edenleriňizi öz başyňyzdan indererin.   Men ogul⁠-⁠gyzlaryňyzy ýahuda halkyna sataryn+,Halkym hem olary uzakda ýaşaýan şebalylara satar,Sebäbi muny Ýehowa aýtdy.   Halklaryň arasynda jar ediň+: „Söweşe taýýarlyk görüň, batyr ýigitler aýaga galsyn! Goý, ähli esgerler ýygnanyp, hüjüm etsin!+ 10  Azallaryňyzdan gylyçlar,Oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň. Goý, ejizler: „Men güýçli“ diýsin. 11  Goňşy milletler! Ýygnanyň+, biri⁠-⁠biriňize kömek ediň“». Eý Ýehowa, güýçli esgerleriňi şol ýere iber. 12  «Goý, halklar aýaga galyp, Ýehoşapat jülgesine gelsin,Sebäbi men ol ýere baryp, halklara höküm çykarjak+. 13  Hasyl ýetişdi, oraklaryňyzy alyň, Üzüm sykylýan çukurlar üzümden doldy+,Geliň, üzümi depeläň. Çelekler şerapdan dolup daşdy,Olaryň zalym işleri hetden aşdy. 14  Höküm jülgesine uly märeke ýygnandy,Sebäbi Ýehowanyň höküm çykarjak güni ýakyndyr+. 15  Günüň, Aýyň ýüzi tutular,Ýyldyzlar şöhle saçmaz. 16  Ýehowa Siondan arslan kimin arlar,Ol Iýerusalimden batly ses bilen gygyrar. Asman we ýer sarsar,Ýöne Ýehowa halkyna pena bolar+,Ysraýyl halkyna gala bolar. 17  Şonda meniň Ýehowa Hudaýyňyzdygymy bilersiňiz. Men Sionda, mukaddes dagymda+ bolaryn,Iýerusalim mukaddes mekan bolar+,Kesekiler ol ýere aýak basmaz+. 18  Şol gün daglardan täze şerap damar+,Baýyrlardan süýt akar,Ýahudanyň çeşmeleri dolup daşar. Ýehowanyň öýünden akýan çeşme+,Akasiýa jülgesini suwarar. 19  Emma Müsür harabaçylyga döner+,Edom çöllüge öwrüler+,Sebäbi olar ýahuda halkyna zalymlyk etdiler+,Bigünä adamlaryň ganyny dökdüler+. 20  Ýahuda hemişe ilatly bolar,Iýerusalimiň halky hiç haçan azalmaz+. 21  Olar näçe gan dökenem bolsa,Men olaryň günälerini geçerin+,Ýehowa Sionda mesgen tutar»+.

Çykgytlar

Manysy: Ýehowa Kazydyr.