Ýuşa 10:1—43

  • Ysraýyllar Gibgony goraýar (1—7)

  • Ysraýyllar üçin Ýehowa söweşýär (8—15)

    • Duşmanlaryň üstüne jöwenek ýagýar (11)

    • Gün saklanýar (12—14)

  • Bäş hanyň öldürilmegi (16—28)

  • Günortada basylyp alnan şäherler (29—43)

10  Iýerusalimiň hany Adonysadyk Ýuşanyň Aý şäherini basyp alandygyny eşitdi. Ýuşa Aý şäheri bilen hanyny-da Ýerihon bilen hanyny edişi ýaly+ gylyçdan geçiripdi+. Adonysadyk gibgonlylaryň hem ylalaşyk baglaşyp+, ysraýyllara goşulandygyny eşitdi.  Ol howsala düşdi+, sebäbi Gibgon uly şäherleriň biridi, Aý şäherinden-de uludy+. Gibgonyň ähli erkekleri gaýduwsyz adamlardy.  Iýerusalimiň hany Adonysadyk Hebron+ hany Hohama, Ýarmut hany Pirama, Lakyş hany Ýapa, Eglon hany+ Debire habar ýollap:  «Maňa kömege geliň, ählimiz üýşüp, Gibgona çozalyň. Olar Ýuşa hem-de ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşypdyr»+ diýdi.  Şeýlelikde, amorlaryň+ bäş hany — Iýerusalimiň, Hebronyň, Ýarmutyň, Lakyşyň we Eglonyň hany goşunlary bilen gelip, Gibgon şäherini gabady.  Gibgonlylar Gilgalda+ düşelge guran Ýuşa habar ýollap: «Dadymyza ýetiş!*+ Tizräk gel-de, bizi halas et! Daglykda ýaşaýan amor hanlary birleşip, üstümize çozjak bolýar» diýdiler.  Şonda Ýuşa tutuş goşuny, edermen esgerleri bilen Gilgaldan ýola düşdi+.  Ýehowa Ýuşa: «Gorkma+, olary eliňe berýärin+. Hiç biri saňa garşy çykyp bilmez»+ diýdi.  Ýuşa Gilgaldan çykdy-da, uzak gije ýöräp, duşmanyň üstüne duýdansyz döküldi. 10  Ýehowa bolsa olary aljyratdy+, ysraýyllar Gibgonda duşmanlaryň köpüsini gyrdylar. Soňra olary Beýthoronyň ýoly bilen kowalap, Azeka we Makkeda çenli gyrdylar. 11  Duşmanlar ysraýyllardan gaçyp, Beýthorondan düşüp barýarka, Ýehowa Azeka çenli güýçli jöwenek* ýagdyryp, olary heläk etdi. Jöwenekden ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden köp boldy. 12  Ýehowa ysraýyllaryň öňünde amorlary derbi-dagyn etdi. Şol gün Ýuşa halkyň öňünde Ýehowa şeýle dileg edipdi: «Gün Gibgonyň üstünde saklansyn!+Aý hem Aýalon jülgesinde dursun!» 13  Halk duşmany ýeňýänçä, Gün hem, Aý hem ýerini üýtgetmedi. Gün ýaşman, uzakly gün süýr depede durdy. Şol waka hakda Ýaşer kitabynda+ hem aýdylýar. 14  Ýehowa ynsanyň dilegine jogap berip, hiç haçan şeýle gudrat görkezmändi+. Şol gün Ýehowa ysraýyllar üçin söweşdi+. 15  Soňra Ýuşa esgerleri bilen Gilgaldaky+ düşelgä gaýtdy. 16  Bäş han bolsa gaçyp, Makkedadaky+ gowakda gizlendi. 17  Ýuşa: «Bäş han Makkedadaky+ gowakda gizlenipdir» diýip habar berdiler. 18  Şonda Ýuşa: «Gowagyň agzyna ullakan daşlary togalap, garawul goýuň. 19  Galanyňyz bolsa durmaň-da, duşmanlary kowalap, şäherlerine girip ýetişmänkä, ählisini öldüriň+. Ýehowa Hudaýyňyz olary eliňize berýär» diýdi. 20  Ýuşa bilen ysraýyllar duşmanlary gyryp ýok etdiler, olaryň diňe käbiri galalara girip ýetişdi. 21  Ysraýyl esgerleri sag-aman Ýuşanyň ýanyna, Makkedadaky düşelgä gaýdyp geldiler. Indi ysraýyllara haýbat atmaga hiç kimiň gaýraty çatmaýardy. 22  Ýuşa: «Gowagyň agzyny açyň-da, bäş hany getiriň!» diýdi. 23  Bäş hany — Iýerusalimiň, Hebronyň, Ýarmutyň, Lakyşyň we Eglonyň hanyny+ gowakdan çykaryp, 24  Ýuşanyň ýanyna getirdiler. Şonda Ýuşa esgerleri ýygnap, goşun serkerdelerine: «Geliň-de, aýagyňyz bilen şu hanlaryň boýnuna basyň» diýdi. Serkerdeler baryp, olaryň boýnuna basdylar+. 25  Ýuşa: «Gorkmaň, howsala düşmäň+. Batyrgaý hem dogumly boluň, Ýehowa ähli duşmanlaryňyzy şularyň gününe salar»+ diýdi. 26  Ýuşa bäş hany öldürip, hersini bir pürsden* asdy. Jesetler agşama çenli pürsde asylgy durdy. 27  Gün ýaşyp barýarka, Ýuşa hanlaryň jesedini pürsden düşürip+, olaryň gizlenen gowagyna zyňmagy buýurdy. Gowagyň agzyna ullakan daşlary goýdular, olar häzirem bar. 28  Şol gün Ýuşa Makkedany+ basyp alyp, ilatyny gylyçdan geçirdi, hiç kimi diri galdyrmady+, hatda hanyny-da öldürdi. Ýerihonyň hanyny edişi ýaly, Makkedanyň hanyny+ hem öldürdi. 29  Ýuşa goşuny bilen Makkedadan Libna+ gitdi we şäheri basyp almak üçin söweşdi. 30  Ýehowa Libnanyň ilatyny we hanyny+ ysraýyllaryň eline berdi. Olar şäheri derbi-dagyn edip, ilatyny gylyçdan geçirdiler, birini-de diri galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny edişleri ýaly, Libnanyň hanyny hem öldürdiler+. 31  Soňra Ýuşa goşuny bilen Libnadan Lakyşa+ gidip, şäheriň daşyny gabady. 32  Ýehowa Lakyşy ysraýyllaryň eline berdi, ertesi gün olar şäheri basyp aldylar. Libnany edişleri ýaly, şäheri derbi-dagyn edip, ilatyny gylyçdan geçirdiler+. 33  Gezer+ hany Horam Lakyş şäherine kömege geldi, emma Ýuşa Horamy-da goşuny bilen ýok etdi, hiç kimi diri galdyrmady. 34  Ýuşa goşuny bilen Lakyşdan Eglona+ gidip, şäheri basyp almak üçin daşyny gabady. 35  Olar şol gün şäheri basyp alyp, ilatyny gylyçdan geçirdiler. Lakyşy edişleri ýaly, şäherde ýekeje adamy hem diri galdyrmadylar+. 36  Soňra Ýuşa goşuny bilen Eglondan Hebrona+ gitdi we şäheri basyp almak üçin söweşdi. 37  Olar Hebrony we daş-töweregindäki galalary derbi-dagyn edip, hanyny, ilatyny gylyçdan geçirdiler, birini-de diri galdyrmadylar. Ýuşa Eglony edişi ýaly, Hebrony hem derbi-dagyn edip, ilatyny gyrdy. 38  Ahyry Ýuşa goşuny bilen Debire+ gitdi we şäheri basyp almak üçin söweşdi. 39  Debiri we daş-töweregindäki galalary derbi-dagyn edip, hanyny, ilatyny gylyçdan geçirdi+, birini-de diri galdyrmady+. Hebrony, Libnany we hanyny edişi ýaly, Debir şäherini we hanyny ýok etdi. 40  Ýuşa tutuş ýurdy: daglygy, Negebi, Şepelany+, baýyrlary basyp aldy. Olaryň ilatyny gyryp, hanlaryna çenli öldürdi. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň tabşyryşy ýaly+, ýekeje adamy hem diri goýmady+. 41  Ýuşa Kadeş-barneýa+ bilen Gaza+ çenli aralygy, tutuş Goşeni+, Gibgona+ çenli ýerleri basyp aldy. 42  Ýuşa şol hanlary we ýurduny bir gezekde basyp aldy, sebäbi halk üçin Ysraýyl Hudaýy Ýehowa söweşýärdi+. 43  Soňra Ýuşa goşuny bilen Gilgaldaky düşelgä geldi+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Gullaryňdan ýüz öwürme.
Ýa-da: doly; buz.
Ýa-da: agaçdan.