Ýuşa 12:1—24
12 Ysraýyllar Iordanyň gündogarynda, Arnon jülgesinden+ tä Hermon dagyna+ çenli, gündogardaky Araba çenli aralygy basyp aldylar+. Olar şu hanlaryň ýurduny eýelediler:
2 Heşbonda ýaşan amor hany Sihon+. Ol Arnon jülgesine+ ýanaşyp duran Arogerden+ we jülgäniň ortasyndan başlap, Gileadyň ýarysyna, ammonlaryň serhedindäki Ýabok jülgesine çenli aralykda höküm sürýärdi.
3 Arabanyň gündogar tarapy, Kinneret deňzine*+, gündogardaky Beýt-ýeşimotdan Araba deňzine, ýagny Duz deňzine* we günortadaky Pisga baýyrlygyna+ çenli aralyk hem Sihona degişlidi.
4 Ysraýyllar Aştarotda we Edreýde ýaşan Başan hany Oguň+ ýurduny hem basyp aldylar. Og han refaýimleriň iň soňkusydy+.
5 Hermon dagy, Saleka, geşurlylaryň we magakatlylaryň+ serhedine çenli tutuş Başan+ ýurdy, Gileadyň ýarysy, Heşbon+ hany Sihonyň serhedine çenli aralyk Og hana degişlidi.
6 Ýehowanyň guly Musa bilen ysraýyllar olary derbi-dagyn etdiler+. Ýehowanyň guly Musa olaryň ýurduny rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülk edip berdi+.
7 Ýuşa bilen ysraýyllar Iordanyň günbataryndaky hanlary derbi-dagyn edip, Liwan jülgesinde+ ýerleşýän Bagal-gaddan+ tä Segiriň+ golaýyndaky Halak dagyna+ çenli aralygy basyp aldylar. Ýuşa şol hanlaryň ýurduny ysraýyl taýpalaryna mülk edip paýlady+.
8 Şeýlelikde, ysraýyllar hetleriň, amorlaryň+, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduny — daglygy, Şepelany, Arabany, baýyrlyklary, çöli hem-de Negebi+ basyp aldylar. Ysraýyllaryň öldüren hanlary şulardyr:
9 Ýerihonyň hany+, Beýteliň golaýyndaky Aý şäheriniň hany+,
10 Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany+,
11 Ýarmutyň hany, Lakyşyň hany,
12 Eglonyň hany, Gezeriň hany+,
13 Debiriň hany+, Gederiň hany,
14 Hormanyň hany, Aratyň hany,
15 Libnanyň hany+, Adullamyň hany,
16 Makkedanyň hany+, Beýteliň hany+,
17 Tapuwyň hany, Heperiň hany,
18 Apegiň hany, Laşaronyň hany,
19 Madonyň hany, Hasoryň hany+,
20 Şimron-meronyň hany, Akşabyň hany,
21 Tanahyň hany, Megiddonyň hany,
22 Kedeşiň hany, Karmeldäki Ýoknegamyň hany+,
23 Dor baýyrlygyndaky Doruň hany+, Gilgaldaky Goýimiň hany,
24 Tirsanyň hany; jemi 31 han.