Ýuşa 13:1—33

  • Basyp alynmaly ýerler köp (1—7)

  • Iordanyň gündogarynda paýlanan mülk (8—14)

  • Rubenleriň mülki (15—23)

  • Gadlaryň mülki (24—28)

  • Manaşalaryň gündogardaky mülki (29—32)

  • Lewileriň paýy — Ýehowa (33)

13  Ýuşa garrap, ýaşy bir çene ýetdi+. Şonda Ýehowa: «Sen garradyň, basyp almaly ýerler bolsa köp.  Ine şu ýerleri basyp almaly+: piliştlileriň we geşurlylaryň+ ýaşaýan ýerleri,  ýagny Müsüriň Nil derýasynyň gündogar şahasyndan* tä demirgazykdaky Ekronyň serhedine çenli aralyk, öňler şol ýerler kenganlaryň ýurdy hasaplanýardy+. Şeýle-de piliştlileriň bäş hanynyň+ golastyndaky gazalylaryň, aşdotlylaryň+, aşkelonlylaryň+, getlileriň+ we ekronlylaryň+ ýerleri, günortada awimleriň+ ýurdy,  kenganlaryň ýurdy, sidonlylara+ degişli Megara, amorlaryň serhedindäki Apege çenli aralyk,  geballylaryň+ ýurdy, Hermon dagynyň eteginde ýerleşýän Bagal-gaddan tä Lebo-hamata*+ çenli uzalýan gündogar Liwan,  Liwandan+ tä Misrepot-maýyma+ çenli daglyk ýerler we sidonlylaryň+ ýurdy. Men şol halklary ysraýyllaryň öňünden kowup çykararyn+. Sen bolsa tabşyryşym ýaly, olaryň ýurduny ysraýyllara paýlap berersiň+.  Indi ýurdy dokuz taýpa we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülk edip ber» diýdi+.  Manaşa taýpasynyň ýarysy, rubenler we gadlar Iordanyň gündogaryndan eýýäm mülküni alypdy. Ýehowanyň guly Musa olara şu ýerleri beripdi+:  Arnon jülgesine+ ýanaşyp duran Arogerden+ başlap, jülgäniň ortasynda ýerleşýän şäher we Medeba düzlüginden Dibona çenli aralyk, 10  Heşbonda höküm süren amor hany Sihonyň ammonlaryň serhedine çenli ähli şäherleri+, 11  Gilead, geşurlylaryň we magakatlylaryň+ ýurdy, Hermon dagy, Saleka+ çenli tutuş Başan ýurdy+, 12  Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan hany Oguň golastyndaky ýerler. Og han refaýimleriň iň soňkusydy+. Musa şol halklary derbi-dagyn edip, ýurtdan kowup çykardy+. 13  Emma ysraýyllar geşurlylary we magakatlylary kowmadylar+, olar häzirem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýar. 14  Musa diňe lewi taýpasyna mülk bermedi+, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň aýdyşy ýaly+, Hudaýa hödürlenýän ýakma gurbanlyklar lewilere paý hökmünde berilýärdi+. 15  Musa rubenlere tirelerine görä mülk berdi. 16  Olara berlen ýerler: Arnon jülgesine ýanaşyp duran Arogerden başlap, jülgäniň ortasynda ýerleşýän şäher we Medebanyň golaýyndaky düzlük, 17  Heşbon bilen düzlükde ýerleşýän galalar+, Dibon, Bamot-bagal, Beýtbagal-megon+, 18  Ýahaz+, Kedemot+, Mepagat+, 19  Kirýataýym, Sibma+, jülgedäki dagda ýerleşýän Zeret-şahar, 20  Beýtpegor, Pisga+ baýyrlygy, Beýt-ýeşimot+, 21  düzlükde ýerleşýän şäherler, Heşbonda höküm süren amor hany Sihonyň golastyndaky ýerler+. Musa Sihony we onuň golastyndaky midýan baştutanlary — Ewini, Rekemy, Zury, Hury, Rebaýy+ derbi-dagyn etdi+. Olar öňler şol ýurtda ýaşaýardy. 22  Ysraýyllar duşmanlaryny öldürende, Benur ogly Bilgam+ palçyny+ hem gylyçdan geçiripdiler. 23  Iordan derýasy rubenleriň serhedidi, şol aralykdaky şäherler we obalar rubenlere tirelerine görä mülk edip berildi. 24  Musa gadlara tirelerine görä mülk paýlady. 25  Olara berlen ýerler: Ýazer+, Gileadyň şäherleri, Rapanyň+ garşysyndaky Arogere çenli tutuş ammon ýurdy+, 26  Heşbondan+ Ramat-mispä we Betonime çenli, Mahanaýymdan+ Debiriň serhedine çenli, 27  jülgedäki Beýtharam, Beýtnimra+, Sukot+, Zapon we Heşbon hany Sihonyň golastyndaky beýleki ýerler+. Olaryň serhedi Iordanyň gündogaryndan Kinneret deňziniň*+ günortasyna çenli uzalýardy. 28  Şol aralykdaky şäherler we obalar gadlara tirelerine görä mülk edip berildi. 29  Soňra Musa manaşa taýpasynyň ýarysyna tirelerine görä mülk paýlady+. 30  Olara berlen ýerler: Mahanaýymdan+ başlap, tutuş Başan, Başan hany Oguň golastyndaky ýerler, Başanda ýerleşýän Ýaýyr+ obalary* we 60 gala. 31  Gileadyň ýarysy, Başan hany Oguň golastyndaky Aştarot we Edreý şäheri+ Manaşanyň ogly Mahyryň+ nesline berildi. Şol ýerler Mahyryň nesliniň ýarysyna tirelerine görä mülk edip berildi. 32  Şeýlelikde, Musa Iordanyň aňyrsynda, Mowap düzlüginde, Ýerihonyň gündogarynda ysraýyllara mülk paýlady+. 33  Emma Musa lewi taýpasyna mülk bermedi+, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowa olaryň paýydy, muny Hudaýyň özi wada beripdi+.

Çykgytlar

Ýa-da: Şihordan.
Ýa-da: Hamatyň girelgesine.
Genesaret köli ýa-da Jelile deňzi hem diýilýär.
Ýa-da: çadyrly obalary.