Ýuşa 14:1—15

  • Iordanyň günbatarynda mülk paýlanýar (1—5)

  • Kalebiň mülki — Hebron (6—15)

14  Algazar ruhany, Nunuň ogly Ýuşa we ysraýyl tirebaşylary Kengan ýurdundan ysraýyllara mülk paýladylar+.  Ýehowanyň Musa arkaly tabşyryşy ýaly, ýurdy dokuz ýarym taýpa+ bije atyp+ paýladylar.  Musa beýleki iki ýarym taýpa Iordanyň aňyrsyndan* mülk berdi+. Lewilere bolsa ysraýyl taýpalarynyň arasyndan mülk bermedi+.  Ýusubyň neslinden iki taýpa+, manaşa we efraýym taýpasy+ döräpdi. Lewilere diňe ýaşar ýaly şäher we mal-garasy üçin öri meýdanlar berildi, başga hiç hili mülk berilmedi+.  Şeýlelikde, Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, ysraýyllar ýurdy paýlaşdylar.  Ýahuda taýpasyndan birnäçe adam Gilgala+, Ýuşanyň ýanyna geldi. Kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ Ýuşa şeýle diýdi: «Hak Hudaý Ýehowanyň Musa+ arkaly Kadeş-barneýada+ ikimize näme diýeni ýadyňdadyr+.  Ýehowanyň guly Musa bizi Kadeş-barneýadan ýurdy gözden geçirmäge iberipdi+, şonda 40 ýaşymdadym. Men gelip, bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim*+.  Ýanymda giden ýoldaşlarym halky howsala düşürse-de*, men Ýehowa Hudaýyma bütin ýüregim bilen gulak asdym+.  Şol gün Musa ant içip: „Aýak basan ýeriňi saňa we nesliňe hemişelik mülk edip bererin, sebäbi sen Ýehowa Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulak asdyň“ diýdi+. 10  Ysraýyl halky çölde ýaşap ýörkä+, Ýehowa Musa arkaly söz berişi ýaly+, meni 45 ýyllap gorady+. Ýehowa sözünde durdy, häzir men 85 ýaşymda. 11  Güýç-gurbatym Musanyň iberen wagtyndakydan pes däl. Öňkim ýaly söweşe gitmäge-de, başga işleri etmäge-de güýjüm bar. 12  Şonuň üçin Ýehowanyň wada berişi ýaly, daglygy maňa mülk edip beräý. Şol ýerde anaklar+ ýaşaýar, beýik galalary+ bar diýipdiler, ýöne men Ýehowa bil baglaýaryn+. Ýehowanyň söz berişi ýaly, olary ýurtdan kowup çykararyn»+. 13  Şonda Ýuşa Ýepunnanyň ogly Kalebe ak pata berip, Hebrony mülk edip berdi+. 14  Hebronda häzire çenli kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalebiň nesli ýaşaýar, sebäbi Kalep Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asypdy+. 15  Öňler Hebronyň ady Kirýat-arbady+. Arba anaklaryň arasynda at-abraýly adamdy. Şeýlelikde, uruş tamamlanyp, ýurtda parahatlyk boldy+.

Çykgytlar

Ýagny gündogar tarapy.
Sözme-söz: ýüregimdäkini aýtdym.
Ýa-da: halkyň ýüregine gorky salsa-da.