Ýuşa 16:1—10

  • Ýusubyň nesliniň mülki (1—4)

  • Efraýymlaryň mülki (5—10)

16  Ýusubyň nesliniň+ bijesine+ Ýerihonyň golaýyndaky Iordan derýasyndan tä Ýerihon çeşmesiniň günortasyna çenli, Ýerihonyň garşysyndaky çölden Beýteliň+ daglygyna çenli aralyk düşdi.  Olaryň mülki Luzuň golaýyndaky Beýtelden arhytlaryň serhedi Atarota çenli uzalýardy.  Soňra günbatara, ýafletleriň we aşaky Beýthoronyň+ serhedine, Gezere+ çenli uzalyp, deňizde gutarýardy.  Şeýlelikde, Ýusubyň neslinden+ manaşa bilen efraýym taýpasyna mülk berildi+.  Efraýym taýpasyna tirelerine görä berlen mülküň serhedi şulardyr: gündogar serhedi Atarot-addardan+ başlap, ýokarky Beýthorona+  we deňze çenli uzalýardy. Mikmetat+ olaryň demirgazyk serhedidi. Soňra serhet gündogara, Tanat-şylo tarap aýlanyp, Ýanowanyň üstünden geçýärdi.  Ýanowadan aşaklygyna Atarota we Nara çenli uzalyp, Ýerihona+ we Iordan derýasyna baryp ýetýärdi.  Serhet Tapuwdan+ günbatara, Kanah jülgesine tarap uzalyp, deňizde gutarýardy+. Şol aralyk efraýym taýpasyna tirelerine görä mülk edip paýlandy.  Efraýymlaryň manaşa taýpasynyň arasynda-da şäherleri we obalary bardy+. 10  Emma olar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar+. Şol sebäpli kenganlar häzirem efraýymlaryň arasynda gul bolup ýaşaýar+.

Çykgytlar