Ýuşa 17:1—18

  • Manaşalaryň günbatardaky mülki (1—13)

  • Ýusubyň nesline ýene⁠-⁠de mülk berilýär (14—18)

17  Soňra Ýusubyň nowbahar ogly+ Manaşanyň+ taýpasyna bije atyldy+. Manaşanyň uly ogly, ýagny Gileadyň kakasy Mahyr+ edermen adamdy. Şol sebäpli oňa Gileady we Başany berdiler+.  Manaşa taýpasynyň beýleki tirelerine: Abygezeriň+, Helegiň, Asryýeliň, Şekemiň, Heperiň, Şemidanyň ogullaryna-da bije atdylar. Olar Ýusubyň ogly Manaşanyň nesliniň tirebaşylarydy+.  Emma Manaşanyň ýuwlugy, Mahyryň çowlugy, Gileadyň agtygy, Heperiň ogly Selophatyň+ diňe gyzy bardy, ogly ýokdy. Gyzlarynyň ady Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady.  Olar Algazar+ ruhanynyň, Nun ogly Ýuşanyň we halkyň baştutanlarynyň ýanyna gelip: «Ýehowa Musa pygambere doganlarymyzyň arasyndan bize-de mülk bermegi tabşyrypdy»+ diýdiler. Şeýlelikde, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, olara kakasynyň doganlarynyň arasyndan mülk berildi+.  Manaşa taýpasyna Iordanyň aňyrsynda* ýerleşýän Gilead bilen Başandan başga ýene-de on mülk berildi+.  Sebäbi manaşa taýpasyndaky gyzlaram erkekler bilen deň hatarda mülk aldy. Gilead bolsa manaşa taýpasynyň beýleki ýarysynyň mülki boldy.  Manaşa taýpasynyň serhedi Aşerden başlap, Şekemiň+ garşysyndaky Mikmetata+ baryp ýetýärdi. Soňra günorta tarapa*, En-tapuwyň ilatynyň ýaşaýan ýerine çenli uzalýardy.  Tapuw+ topragy manaşa taýpasynyňky boldy. Manaşalaryň serhedinde ýerleşýän Tapuw şäheri bolsa efraýymlara degişlidi.  Serhet aşaklygyna Kanah jülgesine, jülgäniň günortasyna çenli uzalýardy. Şol ýerde manaşa taýpasynyň şäherleriniň arasynda efraýymlaryň hem şäherleri bardy+. Manaşalaryň serhedi jülgäniň demirgazygyndan geçip, deňizde gutarýardy+. 10  Günortadaky ýerler efraýymlara, demirgazykdaky ýerler manaşalara degişlidi, deňiz bolsa manaşalaryň serhedidi+. Olaryň demirgazyk serhedinde aşer taýpasynyň mülki, gündogar serhedinde ysahar taýpasynyň mülki bardy. 11  Ysahar we aşer taýpasynyň mülkünden şu ýerleri ilaty we galalary bilen manaşa taýpasyna berdiler: Beýtşeýan, Iblegam+, Dor+, Endor+, Tanah+, Megiddo. Soňky üç şäher baýyrlykda ýerleşýärdi. 12  Emma manaşalar şol şäherleri doly basyp alyp bilmediler, sebäbi kenganlar ol ýerden çykmadylar+. 13  Wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllar kuwwatlanyp, kenganlary gul edip işletdiler+, emma ýurtdan doly kowup bilmediler+. 14  Ýusubyň nesilleri Ýuşanyň ýanyna gelip: «Ýehowa ak pata berip, sanymyzy köpeltdi+. Bize näme üçin ýekeje gezek bije atyp, ýurtdan bir bölek ýer berýäň?»+ diýdiler. 15  Ýuşa olara: «Köplügiňizden ýaňa Efraýym daglygy+ size darlyk edýän bolsa, onda perizleriň+ we refaýimleriň+ ýurduna gidiň. Tokaýyň agaçlaryny çapyň-da, şol ýerde ýaşaberiň» diýip jogap berdi. 16  Olar bolsa: «Daglyk ýerler bize az bolýar. Onsoňam, jülgede, Beýtşeýan+ bilen töweregindäki galalarda, Ýizregel jülgesinde+ ýaşaýan kenganlaryň tigirleri kesgir gylyçly söweş arabalary* bar»+ diýdiler. 17  Şonda Ýuşa Ýusubyň nesline, efraýymlara we manaşalara: «Hawa, sanyňyz-a köpelipdir, güýçli halk bolupsyňyz. Size bir bölek ýer ýetmez+, 18  daglaryň tokaýlyk ýerlerini hem alarsyňyz+. Tokaýy çapyp aýryň-da, ýaşaberiň, şol siziň serhediňiz bolar. Kenganlar güýçli bolsa-da, söweş arabalarynyň* tigirleri kesgir gylyçly bolsa-da, olary ýurtdan kowup çykararsyňyz»+ diýdi.

Çykgytlar

Ýagny gündogar tarapy.
Sözme-söz: saga.
Sözme-söz: demir arabalary.
Sözme-söz: demir arabalarynyň.