Ýuşa 18:1—28
18 Soňra ysraýyl halky Şilo+ ýygnanyp, ýygnak çadyryny* gurdy+, sebäbi olar ýurdy basyp alypdy+.
2 Emma ysraýyllaryň ýedi taýpasyna heniz mülk berilmändi.
3 Ýuşa ysraýyllara: «Siz haçana çenli beýdip oturjak? Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň beren ýurduna eýe çykjak dälmi?+
4 Her taýpadan üç adamy saýlaň, olary ýurdy gözden geçirmäge ibereýin. Goý, olar ýurda aýlanyp çyksyn-da, her taýpa beriljek mülküň çyzgysyny çyzyp gelsinler.
5 Ýurdy öz aralarynda ýedä bölsünler+. Ýahuda taýpasy günortada+, Ýusubyň nesli demirgazykda alan mülkünde ýaşar+.
6 Siz bolsa ýurdy ýedi bölege bölüň-de, çyzgysyny maňa getirip beriň, Ýehowa Hudaýymyzyň öňünde bije ataýyn+.
7 Emma lewilere miras berilmez+, olaryň mirasy Ýehowa ruhany bolup hyzmat etmekdir+. Gadlara, rubenlere we manaşa taýpasynyň ýarysyna+ bolsa Ýehowanyň guly Musa Iordanyň gündogaryndan mülk beripdi» diýdi.
8 Ýaňky adamlar ýola düşjek bolup durka, Ýuşa olara: «Ýurda aýlanyp, çyzgysyny çyzyp geliň. Men Şiloda, Ýehowanyň öňünde bije ataýyn»+ diýdi.
9 Olar gidip, ýurda aýlandylar-da, ony ýedä bölüp, ähli şäherleriň adyny ýazdylar. Soňra Şilodaky düşelgä, Ýuşanyň ýanyna geldiler.
10 Ýuşa Şiloda, Ýehowanyň huzurynda bije atyp+, ýurdy ysraýyllara paýlap berdi+.
11 Ilkinji atylan bije benýamin taýpasynyň tirelerine düşdi. Olara Ýahudanyň nesli+ bilen Ýusubyň nesliniň+ aralygyndaky ýer berildi.
12 Olaryň demirgazyk serhedi Iordandan başlap, Ýerihonyň+ demirgazyk baýyrlygyna we günbatardaky daga çenli uzalyp, Beýtaweniň+ çölüne baryp ýetýärdi.
13 Soňra serhet Luza ýetip, Luzuň, ýagny Beýteliň+ günorta baýyrlygyna çenli uzalýardy we aşaky Beýthoronyň+ günortasyndaky dagda ýerleşýän Atarot-addara+ öwrülýärdi.
14 Soňra Beýthoronyň garşysynda ýerleşýän dagdan günorta uzalyp, ýahudalaryň şäheri Kirýat-bagalda, ýagny Kirýat-ýegarimde+ gutarýardy. Şol aralyk olaryň günbatar serhedidi.
15 Günorta serhet Kirýat-ýegarimiň çetinden başlap, günbatara uzalýardy we Neptowa çeşmesine baryp ýetýärdi+.
16 Soňra Refaýim+ jülgesiniň demirgazygynda ýerleşýän Hennem oglunyň jülgesiniň+ garşysyndaky dagyň etegine ýetip, aşaklygyna Hennem jülgesine, ýabuslaryň+ günorta baýyrlygyna we En-rogele+ çenli uzalýardy.
17 Şol ýerden demirgazyga, En-şemeşe we Adummym depesiniň+ garşysyndaky Gelilota tarap uzalyp, aşaklygyna+ Rubeniň ogly Bohanyň daşyna+ tarap öwrülýärdi.
18 Soňra Arabanyň garşysyndaky demirgazyk baýyrlykdan geçip, Araba baryp ýetýärdi.
19 Beýthoglanyň+ demirgazyk baýyrlygyndan hem geçip, Duz deňziniň*+ demirgazyk aýlagynda, Iordanyň günorta çetinde gutarýardy. Şol aralyk olaryň günorta serhedidi.
20 Gündogar serhedi bolsa Iordan derýasydy. Benýaminleriň tirelerine berlen mülküň serhedi şulardan ybaratdy.
21 Benýamin taýpasynyň tirelerine paýlanan şäherler: Ýerihon, Beýthogla, Emek-keziz,
22 Beýtarba+, Zemaraýym, Beýtel+,
23 Awim, Paraý, Opra,
24 Keparammony, Opna, Geba+ — obalary bilen 12 şäher.
25 Gibgon+, Rama, Beýerot,
26 Mispa, Kepira, Mosa,
27 Rekem, Irpeýel, Taral,
28 Zelah+, Haýelep, Ýabus, ýagny Iýerusalim+, Gibeýa+, Kirýat — obalary bilen 14 şäher.
Şol şäherler benýamin taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi.