Ýuşa 19:1—51

19  Ikinji bije+ şimgon+ taýpasynyň tirelerine düşdi. Olara ýahuda taýpasynyň arasyndan mülk berildi+.  Olara berlen şäherler: Beýer-şeba+ bilen Şeba, Molad+,  Hasar-şuwal+, Balah, Esem+,  Eltolat+, Betul, Horma,  Ziklag+, Beýt-markabot, Hasar-suza,  Beýt-lebagot+, Şaruhen — obalary bilen 13 şäher;  Aýn, Rimmon, Eter, Aşan+ — obalary bilen dört şäher;  şol şäherleriň Bagalat-beýere, ýagny günortadaky Rama çenli uzalýan obalary. Şol ýerler şimgonlaryň tirelerine berildi.  Ýahuda taýpasynyň paýyna düşen mülk uludy, şonuň üçin şimgonlara olaryň mülkünden ýer berildi. Şeýlelikde, şimgonlar ýahuda taýpasynyň arasyndan mülk aldy+. 10  Üçünji bije+ zebulun+ taýpasynyň tirelerine düşdi. Olaryň serhedi Saryta çenli uzalýardy. 11  Serhet günbatar tarapa, Margala we Dabeşete çenli uzalyp, Ýoknegamyň garşysyndaky jülgä baryp ýetýärdi. 12  Soňra Sarytdan gündogara, Kislot-taboryň serhedine we Daberata+ çenli uzalyp, Ýapa tarap ýokarlygyna galýardy. 13  Şol ýerden hem gündogar tarapa, Get-hepere+, Eýtkazyna we Rimmona çenli uzalyp, Nega baryp ýetýärdi. 14  Serhet demirgazykda Hanatona tarap öwrülip, Ýyptahel jülgesinde gutarýardy. 15  Olaryň mülküne Katat, Nahalal, Şimron+, Idala, Beýtullaham+ — obalary bilen jemi 12 şäher degişlidi. 16  Şol şäherler we obalar zebulun taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+. 17  Dördünji bije+ ysahar+ taýpasynyň tirelerine düşdi. 18  Olaryň serhedi Ýizregel+, Kesullot, Şunem+, 19  Hafraýym, Şiýon, Anaharat, 20  Rabit, Kişýon, Ebes, 21  Remet, En-gannim+, En-hadda we Beýtpas şäherlerine çenli uzalýardy. 22  Soňra Tabora+, Şahatsuma, Beýtşemeşe çenli ýetip, Iordan derýasynda gutarýardy. Olara obalary bilen 16 şäher berildi. 23  Şol şäherler we obalar ysahar taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+. 24  Bäşinji bije+ aşer+ taýpasynyň tirelerine düşdi. 25  Olaryň serhedi Helkat+, Haly, Beten, Akşap, 26  Allammälik, Amat we Mişal şäherine çenli uzalyp, günbatardaky Karmele+ we Şihor-libnata baryp ýetýärdi. 27  Soňra gündogara, Beýt-dagona tarap öwrülip, Zebuluna, Ýyptahel jülgesiniň demirgazygyna, Beýtemege we Negaýyla çenli uzalýardy. Kabulyň çep tarapyndan geçip, 28  Ebrona, Rehoba, Hammona, Kanaha we Beýik Sidona+ çenli uzalýardy. 29  Serhet Rama öwrülip, Tir+ galasyna baryp ýetýärdi. Soňra Hosaýa öwrülip, deňziň ýakasynda ýerleşýän Akzypda, 30  Ummada, Apekde+ we Rehopda+ gutarýardy. Olara obalary bilen 22 şäher berildi. 31  Şol şäherler we obalar aşer taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+. 32  Altynjy bije+ naftaly taýpasynyň tirelerine düşdi. 33  Olaryň serhedi Helepden, Sawananimde+ duran uly agaçdan başlap, Adamynekebe, Ýabneýele we Lakkuma çenli uzalyp, Iordan derýasynda gutarýardy. 34  Soňra günbatara, Aznot-tabora tarap öwrülip, Hukkoga baryp ýetýärdi. Serhet günortada Zebuluna, günbatarda Aşere, gündogarda bolsa Iordanyň boýundaky Ýahuda çenli uzalýardy. 35  Olaryň galalary: Sidim, Zer, Hammat+, Rakat, Kinneret, 36  Adamah, Rama, Hasor+, 37  Kedeş+, Edreý, En-hazor, 38  Ýiron, Migdalel, Horem, Beýtanat, Beýtşemeş+ — obalary bilen 19 şäher. 39  Şol şäherler we obalar naftaly taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi+. 40  Ýedinji bije+ dan+ taýpasynyň tirelerine düşdi. 41  Olaryň serhedi Zora+, Eştawol, Irşemeş, 42  Şalabin+, Aýalon+, Itla, 43  Elon, Timnah+, Ekron+, 44  Elteke, Gibeton+, Bagalat, 45  Ýehut, Bene-berak, Get-rimmon+, 46  Meýarkon, Rakkon şäherlerine çenli uzalyp, Ýafanyň+ öňünden geçýärdi. 47  Emma dan taýpasynyň mülki darlyk edýärdi+. Şol sebäpli olar Leşeme+ çozup, şäheri basyp aldylar, ilatyny bolsa gylyçdan geçirdiler. Olar Leşemi eýeläp, ýaşap başladylar. Leşemiň adyny üýtgedip, atasy Danyň adyny goýdular+. 48  Şol şäherler we obalar dan taýpasyna tirelerine görä mülk edip berildi. 49  Şeýlelikde, ýurt ysraýyllara mülk edip paýlandy. Ysraýyllar Nun ogly Ýuşa-da aralaryndan mülk berdiler. 50  Ýehowanyň buýrugy bilen, olar Ýuşanyň soran şäherini, Efraýym daglygynda ýerleşýän Timnat-serany+ mülk edip berdiler. Ýuşa şäheri dikeldip, ýaşap başlady. 51  Algazar ruhany, Nun ogly Ýuşa we ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary Şilodaky+ ýygnak çadyrynyň*+ agzynda, Ýehowanyň huzurynda bije atyp, ysraýyllara mülk paýladylar+. Şeýlelikde, ýurt tutuşlygyna paýlandy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.