Ýuşa 2:1—24

  • Ýuşa Ýerihona iki içaly iberýär (1—3)

  • Rahaw içalylary gizleýär (4—7)

  • Rahawa berlen wada (8—21a)

    • Gyrmyzy ýüp (18)

  • Içalylar Ýuşanyň ýanyna dolanýar (21b—24)

2  Soňra Nun ogly Ýuşa Şitimden+ iki içaly iberip: «Gidiň-de, ýurdy, esasanam, Ýerihony gözden geçiriň» diýdi. Içalylar ýola düşüp, Rahaw+ atly ahlaksyz aýalyň öýüne bardylar we gijäni şol ýerde geçirdiler.  Ýerihonyň hanyna: «Agşam ýurdumyza ysraýyllardan içalylar gelipdir» diýip habar berdiler.  Şonda ol nökerlerini Rahawyň ýanyna iberip: «Öýüňe gelen adamlary çykar, olar içaly, ýurdy gözden geçirmäge gelipdirler» diýdi.  Rahaw bolsa iki içalyny gizläp, hanyň nökerlerine: «Hawa, öýüme iki adam geldi, ýöne olaryň kimdigini bilemok.  Garaňky düşüp barýarka, şäher derwezesi ýapylmanka gitdiler. Nirä gidenlerini bilemok. Haýal etmän gitseňiz, yzlaryndan ýetersiňiz» diýdi.  Aslynda, Rahaw içalylary üçegindäki zygyr* desseleriň arasynda gizläpdi.  Nökerler içalylary tutmak üçin Iordanyň ýalpak ýerine+ tarap gitdiler. Olar şäherden çykan badyna, derweze ýapyldy.  Içalylar heniz ýatmanka, Rahaw üçege çykyp, olaryň ýanyna bardy.  Rahaw olara: «Bilýärin, Ýehowa ýurdy size berer+. Halkymyz sizden öler ýaly gorkýar+, indi hiç kimde ýürek galmady+. 10  Müsürden gelýärkäňiz, Ýehowanyň öňüňizde Gyzyl deňzi guradandygyny+, Iordandan geçmänkäňiz*, amorlaryň iki hany Sihon+ bilen Ogy+ derbi-dagyn edendigiňizi hem eşitdik. 11  Şol zatlary eşidip, ýüregimiz ýaryldy, gorkudan ýaňa hiç kimde gaýrat galmady. Siziň Hudaýyňyz Ýehowa ýerde-gökde ýeke-täk Hudaý!+ 12  Ýalbarýaryn, size ýagşylyk edişim* ýaly, sizem atamyň hojalygyna ýagşylyk etjekdigiňize Ýehowanyň adyndan ant içiň. Sözüňizde durjakdygyňyzy biler ýaly, maňa bir alamat* beriň. 13  Ene-atamy, doganlarymy, olaryň öýündäkileri öldürmäň, hiç birine degmäň»+ diýdi. 14  Içalylar Rahawa: «Biz seniň maşgalaň üçin janymyzy bermäge-de taýyn! Biziň gelenimizi hiç kime aýtmasaň, Ýehowa ýurdy elimize berende, sözümizde durup, size ýagşylyk ederis*» diýdiler. 15  Soňra Rahaw penjireden ýüp sallap, içalylary aşak düşürdi, sebäbi öýi şäher diwaryna degip durdy. Aslynda, onuň öýi şäher diwarynda ýerleşýärdi+. 16  Rahaw olara: «Nökerler sizi tapmaz ýaly, üç gün daglykda gizleniň. Nökerler yzyna gaýdanda, ýoluňyzy dowam edersiňiz» diýdi. 17  Içalylar bolsa: «Biz içen antymyzy hökman berjaý ederis, günä galmarys+. 18  Ýöne ýurdy basyp almaga gelenimizde, penjiräňden şu gyrmyzy ýüpi sallap goý. Ene-ataňy, doganlaryňy, ataň hojalygyny öýüňe ýygna+. 19  Öýden çykan adamyň gany öz boýnunadyr, ölümine biz günäkär bolmarys. Ýöne öýüňde oturan adamlaryň birine zyýan ýetäýse, kellämiz bilen jogap bereris*. 20  Ýöne biziň syrymyzy açsaň+, içen antymyzy berjaý etmeris*» diýdiler. 21  Rahaw: «Goý, aýdyşyňyz ýaly bolsun!» diýdi. Rahaw içalylary ugratdy. Soňra ol gyrmyzy ýüpi penjirä daňdy. 22  Içalylar şäherden çykyp, daglyga gitdiler. Olary gözleýän nökerler yzyna dolanýança, üç gün daglykda boldular. Nökerler näçe gözleseler-de, olary tapyp bilmän gaýtdylar. 23  Şonda iki içaly dagdan düşüp, derýadan geçdi. Olar Nun ogly Ýuşanyň ýanyna baryp, bolan zatlary birin-birin gürrüň berdiler. 24  Olar Ýuşa: «Ýehowa ýurdy elimize berdi+. Ýurduň ilaty gorkuda otyr»+ diýdiler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny Iordanyň gündogar tarapy.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirişim.
Ýa-da: kepilnama.
Ýa-da: wepaly söýgi bildireris.
Ýa-da: gany biziň boýnumyzadyr.
Ýa-da: antymyzdan azat bolarys.