Ýuşa 20:1—9

  • Gaçybatalga şäherleri (1—9)

20  Soňra Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt: „Musa arkaly tabşyryşym ýaly, gaçybatalga şäherlerini saýlaň+.  Kimdir biri bilmän* ýa-da tötänden adam öldürse, şol şähere gaçsyn, şonda ol gan algylydan* goranyp biler+.  Ol şäherleriň birine gaçyp barsyn-da+, derwezäniň agzynda+ durup, bolan zatlary şäher ýaşulularyna aýtsyn. Şondan soň ýaşulular ony şähere salyp, ýaşar ýaly jaý bersin.  Eger gan algyly adam* ganhory gözläp gelse, ýaşulular ony bermesin. Sebäbi ol bilgeşleýin ýa-da duşmançylyk edip adam öldürmedi+.  Halkyň öňünde höküm çykarylýança+, ol gaçybatalga şäherinde ýaşasyn. Şol wagtky baş ruhany ölýänçä, şäherden çykmasyn+. Baş ruhany ýogalansoň, öňki ýaşan şäherine, öýüne gaýdyp biler“»+.  Şonda ysraýyllar şu şäherleri saýladylar*: Naftaly daglygynda ýerleşýän Jeliledäki Kedeş+, Efraýym daglygynda ýerleşýän Şekem+, Ýahuda daglygynda ýerleşýän Kirýat-arba+, ýagny Hebron,  ruben taýpasynyň mülkünden Iordanyň aňyrsynda, Ýerihonyň gündogarynda, düzlükde ýerleşýän Bezer+, gad taýpasynyň mülkünden Gileaddaky Ramot+, manaşa+ taýpasynyň mülkünden Başandaky Golan+.  Ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, tötänden birini öldüren adam şol şäherleriň birine gaçyp+, jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, gan algylydan* goranyp bilýärdi+.

Çykgytlar

Ýa-da: duşmançylyksyz; ýigrençsiz.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşy.
Ýa-da: mukaddes etdiler.
Ýa-da: öleniň aryny alýan garyndaşyndan.