Ýuşa 22:1—34

  • Gündogar taýpalar öýüne gaýdýar (1—8)

  • Iordanyň boýundaky gurbanlyk ojagy (9—12)

  • Gurbanlyk ojagynyň gurulmagynyň sebäbi (13—29)

  • Düşünişmezlik çözülýär (30—34)

22  Soňra Ýuşa rubenleri, gadlary we manaşa taýpasynyň ýarysyny ýygnap,  şeýle diýdi: «Siz Ýehowanyň guly Musanyň ähli tabşyrygyny berjaý etdiňiz+, maňa-da gulak asdyňyz+.  Şu wagta çenli doganlaryňyzy ýeke goýmadyňyz+, Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdiňiz+.  Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, doganlaryňyza rahatlyk* berdi+. Indi Ýehowanyň guly Musanyň Iordanyň aňyrsyndan* beren mülküne gaýdyp bilersiňiz+.  Ýöne Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryklaryny we kanunyny gyşarnyksyz berjaý edip+, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüň+, hemişe onuň ýolundan ýöräň+, Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip+, wepaly boluň+ we bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+ bilen gulluk ediň»+.  Ýuşa ak pata berip, olary ugratdy. Olar hem öýlerine* gaýtdy.  Manaşa taýpasynyň ýarysyna Musa Başandan mülk beripdi+, galan ýarysyna bolsa Ýuşa Iordanyň günbataryndan, doganlarynyň arasyndan mülk berdi+. Ýuşa olary öýüne iberende, ak pata berip:  «Ine, sizde birgiden baýlyk, mal-gara, altyn-kümüş, mis, demir, egin-eşik bar+. Öýüňize sag-aman baryň. Duşmanlardan alan oljaňyzy hem äkidip, doganlaryňyz bilen paýlaşyň»+ diýdi.  Şeýlelikde, rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Kengan ýurdundaky Şilodan, ysraýyl doganlarynyň ýanyndan gaýdyp, Ýehowanyň Musa arkaly mülk edip beren ýurdy+ Gileada+ ýola düşdüler. 10  Kengan ýurdundaky Iordan derýasyna ýetip, rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Iordanyň boýunda ägirt uly gurbanlyk ojagyny* gurdular. 11  Biraz wagtdan beýleki ysraýyllara: «Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Kenganyň serhedinde, Iordan boýunda, ysraýyllar tarapda gurbanlyk ojagyny gurupdyr» diýip habar berdiler+. 12  Muny eşidip, bütin ysraýyl halky olar bilen söweşmek üçin Şilo+ ýygnandy. 13  Soňra ysraýyllar Gileaddaky rubenleriň, gadlaryň we manaşa taýpasynyň ýarysynyň ýanyna Algazaryň ogly Pinehas+ ruhanyny iberdiler. 14  Ysraýyllaryň on baştutany, ýagny her taýpadan bir baştutan hem Pinehas bilen gitdi. Olaryň hersi ysraýyl tirelerine* ýolbaşçylyk edýärdi+. 15  Olar Gileaddaky rubenleriň, gadlaryň we manaşa taýpasynyň ýarysynyň ýanyna baryp: 16  «Ýehowanyň halky şeýle diýýär: „Siz näme üçin Ysraýyl Hudaýyna biwepalyk etdiňiz?+ Ýehowa gulak asman, gurbanlyk ojagyny gurup, näme üçin Ýehowa garşy çykdyňyz?+ 17  Pegorda eden günämizi az görýäňizmi? Şonda Ýehowa halkynyň başyna betbagtçylyk inderipdi. Şol günä sebäpli entegem kösenip ýörüs+. 18  Siz bolsa ýene-de Ýehowadan ýüz öwürdiňiz! Eger häzir Ýehowa garşy çyksaňyz, ol dessine bütin ysraýyl halkyna gaharlanmazmy?+ 19  Özüňize berlen mülki mukaddes hasaplamaýan bolsaňyz*, Ýehowanyň mülküne+, Ýehowanyň çadyry goýlan ýere+ geliň-de, aramyzda ýaşaň. Ýöne Ýehowanyň garşysyna çykmaň, Ýehowa Hudaýymyzyň gurbanlyk ojagyndan başga gurbanlyk ojagyny gurup, bizi hem günä galdyrmaň+. 20  Zera ogly Ahan+ ýok edilmeli zatlary ogurlap, biwepalyk edende, Hudaýyň bütin halka gahary gelmedimi?+ Şonda eden günäsi üçin diňe Ahan ölmedi“»+ diýdiler. 21  Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy ysraýyl tirebaşylaryna*+ şeýle jogap berdiler: 22  «Ýehowa Hudaý ähli taňrylardan beýikdir! Ähli taňrylardan beýik Ýehowa+ gurbanlyk ojagyny näme üçin gurandygymyzy bilýär, ysraýyl halky hem bilsin. Eger Ýehowa biwepalyk edip, garşysyna çykan bolsak, goý, ol häziriň özünde ählimizi gyrsyn! 23  Eger gurbanlyk ojagyny Ýehowa garşy çykmak üçin, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary, galla sadakalary hödürlemek üçin guran bolsak, Ýehowa bize jeza bersin+. 24  Aslynda, gurbanlyk ojagyny başga maksat bilen gurduk. Gelejekde siziň ogul-gyzlaryňyz biziňkilere: „Siziň Ysraýyl Hudaýy Ýehowa sežde etmäge hakyňyz ýok. 25  Eý rubenler we gadlar, Ýehowa Iordan derýasyny aramyza serhet edip goýdy. Siz Ýehowa sežde etmersiňiz“ diýer öýtdük. Şeýdip, siziň nesliňiz biziň neslimize Ýehowa sežde etdirmez öýtdük. 26  Şonuň üçin biz: „Geliň, gurbanlyk ojagyny guralyň, ýöne üstünde ýakma gurbanlyklary we sadakalary hödürlemäliň. 27  Goý, gurbanlyk ojagy siz bilen biziň aramyzda+, geljekki nesillerimiziň arasynda şaýat bolsun. Şonda ýakma we parahatlyk gurbanlyklarymyzy, sadakalarymyzy hödürläp, Ýehowa arkaýyn sežde ederis+. Siziň nesliňiz hem biziňkilere: „Ýehowa sežde etmäge hiç hili hakyňyz ýok“ diýip bilmez. 28  Birden diýäýselerem, olara: „Ine Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň nusgasy, ata-babalarymyz muny ýakma gurbanlyklary ýa-da sadakalary hödürlemek üçin däl, aramyzda şaýat bolmagy üçin gurupdyr“ diýip jogap bereris“ diýdik. 29  Ýehowa gulak asman, şu gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary we başga-da gurbanlyklary hödürlejek bolmadyk. Ýehowa Hudaýymyzyň çadyrynyň öňünde goýlan gurbanlyk ojagyndan başga gurbanlyk ojagyny gurup, Ýehowa garşy çykmak pikirimizde-de ýokdy!»+ 30  Ruben, gad we manaşa taýpasynyň aýdan zatlaryny eşidip, Pinehas ruhany we ýanynda giden ysraýyl baştutanlary, tirebaşylary* köşeşdi+. 31  Şonda Algazaryň ogly Pinehas ruhany ruben, gad we manaşa taýpasyna: «Siz Ýehowa biwepalyk etmänsiňiz, diýmek, Ýehowa bizden ýüz öwren däldir. Ýehowa halka jeza bermez» diýdi. 32  Algazaryň ogly Pinehas ruhany we baştutanlar Gileaddaky rubenleriň, gadlaryň ýanyndan gaýtdylar. Olar Kengana gelip, ähli zady ysraýyllara gürrüň berdiler. 33  Muny eşiden ysraýyllar köşeşdiler we Hudaýy şöhratlandyrdylar. Şondan soň hiç kim rubenler we gadlar bilen söweşip, olaryň ýurduny weýran etmek hakda dil ýarmady. 34  Rubenler bilen gadlar gurbanlyk ojagyna at goýdular*. Olar: «Gurbanlyk ojagy Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyna aramyzda şaýat bolar» diýdiler.

Çykgytlar

Sözme-söz: dynçlyk.
Ýagny gündogar tarapy.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: çadyrlaryna.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: müňlerine.
Ýa-da: hapa görýän bolsaňyz.
Sözme-söz: müňleriniň baştutanlaryna.
Sözme-söz: müňleriniň baştutanlary.
Şol taýpalaryň aýdan sözlerine görä, gurbanlyk ojagynyň ady «Şaýatlyk» bolmaly.