Ýuşa 23:1—16

  • Ýuşa baştutanlara öwüt⁠-⁠ündew berýär (1—16)

    • Ýehowanyň her bir sözi ýerine ýetýär (14)

23  Aradan ep-esli wagt geçdi. Ýehowa ysraýyllary ähli duşmanlaryndan goraýardy*+. Ýuşa bolsa garrap, ýaşy bir çene ýetipdi+.  Ýuşa ähli ysraýyllary+, ýaşululary, baştutanlary, kazylary we ýolbaşçylary+ ýygnap, şeýle diýdi: «Indi men garradym, ýaşym bir çene ýetdi.  Ýehowanyň siziň üçin duşmanlary ýok edişini gözüňiz bilen gördüňiz. Siziň üçin Ýehowa Hudaýyňyz söweşdi+.  Biz Iordandan tä günbatardaky Beýik deňze* çenli aralykda ýaşaýan halklary derbi-dagyn etdik+. Käbir halklar galan bolsa-da, bije atyp+, ýurdy taýpalara paýladym+.  Ýehowa Hudaýyňyz halklary öňüňizden aýyrdy, ýurtdan kowup çykardy+. Ýehowa Hudaýyň wada berişi ýaly, olaryň ýurduny eýelediňiz+.  Indi batyrgaý boluň, Musanyň kanunyndaky+ tabşyryklary gyşarnyksyz ýerine ýetiriň, saga-sola sowulmaň+.  Daş-töweregiňizde ýaşaýan halklar bilen gatnaşmaň+. Olaryň taňrylarynyň adyny-da agzamaň+, olaryň adyndan ant içmäň, olara sežde etmäň, tagzym etmäň+.  Häzirkiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyza wepaly boluň+.  Ýehowa uly hem güýçli halklary ýurtdan kowup çykarar+. Şu wagta çenli hiç kim size garşy çykyp bilmedi+. 10  Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, siz üçin söweşer+, bir esgeriňiz müň esgerden üstün çykar*+. 11  Hemişe Ýehowa Hudaýyňyzy söýseňiz+, aman-sag ýaşarsyňyz+. 12  Emma Hudaýdan ýüz öwrüp, daş-töweregiňizde ýaşaýan halklara+ goşulyp, olar bilen gatnaşsaňyz, garyndaşlyk açsaňyz+, 13  bilip goýuň, Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykarmaz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy ýurdunda gyrlyp gutarýançaňyz, olar size duzak hem tor, arkaňyza urlan gamçy+, gözüňize dürtülen tiken ýaly bolar. 14  Indi meniň ölümim golaýlap gelýär. Bilşiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy. Her bir sözi ýerine ýetdi+. 15  Ýehowa Hudaýyňyz gowy wadalaryny ýerine ýetirýän bolsa+, onda Ýehowa size duýduran ähli betbagtçylyklaryny hem başyňyzdan inderer. Ýehowa Hudaýyňyz sizi beren gowy ýurdundan bütinleý ýok edibem biler+. 16  Eger siz Ýehowa Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňizi bozup, başga taňrylara sežde etseňiz, tagzym etseňiz, Ýehowanyň gahary gelip+, mülk edip beren gowy ýurdundan sizi dessine ýok eder»+.

Çykgytlar

Sözme-söz: dynçlyk berýärdi.
Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýa-da: kowalar.