Ýuşa 24:1—33

  • Ýuşa Ysraýylyň taryhyny ýatlaýar (1—13)

  • Halk Ýehowa gulluk etmäge höweslendirilýär (14—24)

    • «Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» (15)

  • Ýuşanyň ysraýyllar bilen baglaşan ähti (25—28)

  • Ýuşanyň ölümi we jaýlanyşy (29—31)

  • Şekemde Ýusubyň süňkleri gömülýär (32)

  • Algazaryň ölümi we jaýlanyşy (33)

24  Ýuşa ysraýyl taýpalaryny Şekeme ýygnap, ýaşululary, baştutanlary, kazylary, ýolbaşçylary çagyrdy+. Olar hak Hudaýyň huzurynda durdular.  Şonda Ýuşa halka: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Öňler ata-babalaryňyz Ybraýymyň we Nahuryň kakasy Tarah Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda ýaşaýardy+, başga taňrylara sežde edýärdi+.  Ataňyz Ybraýymy+ derýanyň* aňyrsyndan alyp gaýdyp, Kengan ýurduny görkezdim, neslini köpeltdim+. Oňa Yshagy berdim+,  Yshaga Ýakup bilen Ysawy berdim+. Ysawa Segir dagyny mülk edip berdim+. Ýakup ogullary bilen Müsüre gitdi+.  Soňra Musa bilen Haruny iberip+, müsürlilere jeza berip+, sizi Müsürden çykardym.  Ata-babalaryňyzy Müsürden alyp gelýärkäm+, müsürliler söweş arabalary we atlylary bilen olary Gyzyl deňze çenli kowaladylar. Deňziň ýakasyna ýetip+,  atalaryňyz Ýehowadan kömek soradylar+. Şonda men olar bilen müsürlileriň arasyna gara bulut goýdum, müsürlileri deňze gark etdim+. Müsürde eden zatlarymy gözüňiz bilen gördüňiz+. Soňra ençeme ýyllap çölde ýaşadyňyz+.  Sizi Iordanyň aňyrsynda* ýaşaýan amorlaryň ýurduna eltdim. Amorlar siziň garşyňyza çyksa-da+, olary eliňize berdim. Men olary ýok etdim, olaryň ýurduny eýelediňiz+.  Soňra Mowap patyşasy Sefur ogly Ballak aýaga galyp, ysraýyllar bilen söweşdi. Ol size gargyş okatmak üçin Benur ogly Bilgamy çagyrdy+. 10  Emma men Bilgamy diňlemedim+, gaýtam diňe alkyş okar*+ ýaly edip, sizi halas etdim+. 11  Soňra Iordandan geçip+, Ýerihona geldiňiz+. Ýerihonyň baştutanlary*, amorlar, perizler, kenganlar, hetler, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar size garşy çykdy, emma men olary eliňize berdim+. 12  Heniz ýurda gelmänkäňiz, duşmanlaryňyzy ruhdan düşürdim*+. Amorlaryň iki hany ýaly, olar hem sizden gaçdylar. Ýöne muny öz gylyjyňyz, ýaýyňyz bilen etmediňiz+. 13  Men size azabyňyz siňmedik topragy, gurmadyk şäherleriňizi berdim+. Ýurtda mesgen tutup, ekmedik üzümleriňizi we zeýtunlaryňyzy iýýäňiz“+. 14  Şonuň üçin Ýehowadan gorkuň, ak ýürekden* we wepaly gulluk ediň+. Ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda we Müsürde sežde eden taňrylaryny araňyzdan aýryp+, Ýehowa gulluk ediň. 15  Eger Ýehowa gulluk etmek islemeseňiz, onda kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň+. Isleseňiz, ata-babalaryňyzyň derýanyň* aňyrsynda sežde eden taňrylaryna+, isleseňiz hem, amorlaryň taňrylaryna sežde ediň+. Men bolsa maşgalam bilen Ýehowa gulluk etjek» diýdi. 16  Şonda ysraýyllar: «Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etmekden Hudaý saklasyn! 17  Ýehowa Hudaýymyz bizi, ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan çykardy+, gözümiziň alnynda gudrat görkezdi+, ýolboýy gorap, halklaryň arasyndan geçirdi+. 18  Ýehowa ähli halklary, hatda amorlary-da ýurtdan kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Ýehowa gulluk etjek, ol biziň Hudaýymyz» diýdiler. 19  Emma Ýuşa olara: «Siz Ýehowa gulluk edip bilmersiňiz, sebäbi ol mukaddes Hudaý+, ýürekden wepaly bolmagy talap edýär*+. Ol siziň ýazyklaryňyzy* we günäleriňizi bagyşlamaz+. 20  Eger Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etseňiz, ol hem sizden ýüz öwrer*. Ýagşylyk eden Hudaý sizi bütinleý ýok eder»+ diýdi. 21  Halk bolsa: «Ýok, biz Ýehowa gulluk etjek!»+ diýdi. 22  Şonda Ýuşa: «Bu gün öz islegiňiz bilen Ýehowa gulluk etmegi saýladyňyz+, muňa özüňiz şaýat» diýdi. Olar hem: «Hawa, şaýatdyrys!» diýdiler. 23  Ýuşa: «Onda ýalan taňrylary araňyzdan aýryp, bütin ýüregiňiz bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk ediň» diýdi. 24  Şonda ysraýyllar: «Ýehowa Hudaýymyza gulluk ederis, gulak asarys!» diýdiler. 25  Şol gün Ýuşa halk bilen äht baglaşdy we Şekemde olara kada-kanunlary berdi. 26  Ýuşa olary Hudaýyň kanun kitabyna ýazdy+. Soňra ullakan daş alyp+, Ýehowanyň mukaddes ýerindäki uly agajyň aşagynda goýdy. 27  Ýuşa halka: «Şu daş bize şaýat bolar+, sebäbi ol Ýehowanyň aýdan ähli sözüni eşitdi. Eger Hudaýdan ýüz öwürseňiz, şu daş size garşy şaýat bolar» diýdi. 28  Soňra Ýuşa halky ugratdy, olaryň hersi öz mülküne dolandy+. 29  Ýehowanyň guly Nun ogly Ýuşa 110 ýaşynda aradan çykdy+. 30  Ýuşany öz mülkünde, Efraýym daglaryndaky Timnat-serada+, Gagaş dagynyň demirgazygynda jaýladylar. 31  Ýuşanyň döwründe we ondan uzak ýaşap, Ýehowanyň ysraýyl halky üçin eden işlerini gören ýaşulularyň döwründe halk Ýehowa wepaly boldy+. 32  Ysraýyllar Ýusubyň süňklerini+ Müsürden alyp gaýdypdylar. Olary Şekemde bir mellekde gömdüler. Ýakup şol mellegi Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan+ 100 kümüş teňňä satyn alypdy+. Şol mellek Ýusubyň nesliniň mülki boldy+. 33  Harunyň ogly Algazar hem aradan çykdy+. Algazary Efraýym daglarynda, ogluna berlen Pinehas+ baýrynda jaýladylar.

Çykgytlar

Ýagny Ýewfrat derýasy.
Ýagny gündogar tarapy.
Ýa-da: ak pata berer.
Başga manysy: ýer eýeleri.
Başga manysy: galagoplyga düşürdim; howsala saldym.
Ýagny Ýewfrat derýasy.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýagny Ýewfrat derýasy.
Ýa-da: gabanjaň; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýär.
Ýa-da: boýnuýogynlygyňyzy.
Ýa-da: size garşy aýaga galar.