Ýuşa 3:1—17

  • Ysraýyllar derýadan geçýär (1—17)

3  Ýuşa daň bilen turdy-da, ysraýyllar bilen Şitimden+ ýola düşüp, Iordanyň boýuna geldi. Olar derýadan geçmän, gijäni şol ýerde geçirdiler.  Üç günden halkyň ýolbaşçylary+ düşelgä aýlanyp,  şeýle tabşyryk berdiler: «Lewi ruhanylary Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygyny göterip ýörär+, olary gören badyňyza ýola düşüň.  Siz ýola belet däl, şonuň üçin nirä gitmelidigini biler ýaly, takmynan 2 000 tirsek* aralygy saklap, sandygyň yzyndan ýöräň. Emma sandyga golaýlaşmaň».  Ýuşa halka: «Özüňizi tämizläň+, ertir Ýehowa size täsin gudratlary görkezer»+ diýdi.  Soňra ol ruhanylara: «Äht sandygyny+ alyň-da, halkyň öňünden ýöräň» diýdi. Ruhanylar äht sandygyny alyp, halkyň öňünden ýörediler.  Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi: «Şu gün ysraýyllaryň öňünde abraýyňy artdyraryn+. Şonda olar Musany goldaýşym ýaly+, seni hem goldaýandygymy bilerler+.  Äht sandygyny göterýän ruhanylara: „Iordan derýasyna giriň-de, aýagyňyz suwa degen badyna saklanyň“+ diýip tabşyr».  Ýuşa ysraýyllara: «Geliň, Ýehowa Hudaýyňyzyň sözüni diňläň!» diýdi. 10  Soňra ol: «Adamlar, Biribar sizi goldaýar+, muňa özüňizem şaýat bolarsyňyz. Ol kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary, ýabuslary ýurtdan kowup çykarar+. 11  Ine, ýer ýüzüniň Hökümdarynyň äht sandygy öňüňizden Iordan derýasyna girýär. 12  Ysraýylyň her taýpasyndan bir adamy, jemi 12 adamy saýlaň+. 13  Ýer ýüzüniň Hökümdary Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna aýak basan badyna, derýanyň akymy kesilip, suw diwar ýaly bolup durar»+ diýdi. 14  Halk Iordandan geçmek üçin ýola düşdi. Äht sandygyny+ göterýän ruhanylar halkyň öňünden ýörediler. 15  Şol wagt hasyl döwrüdi, Iordan derýasynyň joşýan wagtydy+. Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna ýetip, suwa aýak basan badyna, 16  derýanyň akymy kesildi. Suw uzakda, Zaretan şäheriniň golaýynda ýerleşýän Adam şäheriniň deňinde kesilip, diwar ýaly bolup durdy. Iordan derýasynyň Araba deňzine, ýagny Duz deňzine* guýýan tarapy bolsa gurady. Derýanyň akymy kesilende, halk Ýerihona tarap geçdi. 17  Bütin ysraýyl halky gury ýerden ýöräp+, Iordandan geçýänçä, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň ortasynda, gury ýerde durdular+.

Çykgytlar

Ýagny Öli deňzi.