Ýuşa 4:1—24

  • Ýadygärlik daşlary (1—24)

4  Bütin halk Iordan derýasyndan geçip bolanda, Ýehowa Ýuşa şeýle diýdi:  «Ysraýylyň her taýpasyndan bir adamy, jemi 12 adamy saýlap+,  olara: „Iordanyň ortasyndan, ruhanylaryň duran ýerinden+ 12 daş alyň-da, gije düşlejek ýeriňizde goýuň“+ diýip tabşyr».  Ýuşa her taýpadan bir adamy, ysraýyllardan saýlan 12 adamyny çagyryp,  olara şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygynyň öňünden geçiň-de, Iordan derýasynyň ortasyndan heriňiz bir daşy egniňize alyp gaýdyň. Şol daşlary ysraýyl taýpalarynyň sanyna görä goýuň,  olar siziň üçin ýadygärlik bolar. Çagalaryňyz: „Daşlar näme üçin goýuldy?“ diýip sorasa+,  olara: „Daşlar ysraýyl halky üçin ýadygärlik*+. Ýehowanyň äht sandygyny Iordan derýasyndan geçirenimizde, sandygyň öňünde derýanyň akymy kesilipdi“+ diýiň».  Ysraýyllar Ýuşanyň aýdyşy ýaly etdiler. Ýehowanyň Ýuşa tabşyryşy ýaly, Iordan derýasynyň ortasyndan ysraýyl taýpalarynyň sanyna görä 12 daş alyp, şol gije düşlejek ýerinde goýdular.  Ýuşa Iordan derýasynyň ortasynda, äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde-de+ 12 daşy ýadygärlik edip goýdy, şol daşlar henizem dur. 10  Ýehowanyň Ýuşa arkaly beren buýruklary we Musanyň Ýuşa tabşyran zatlary doly ýerine ýetirilýänçä, äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordanyň ortasynda durdular. Halk bolsa çalt-çalt ýöräp derýadan geçýärdi. 11  Adamlar derýadan geçip bolan badyna, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar hem halkyň gözüniň alnynda derýadan geçdi+. 12  Rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy Musanyň tabşyryşy ýaly+, ysraýyl doganlarynyň öňünde hatar-hatar bolup derýadan geçdi+. 13  Söweşe ukyply 40 000-e golaý esger Ýehowanyň öňünde derýadan geçip, Ýerihon düzlügine bardy. 14  Şol gün Ýehowa halkyň öňünde Ýuşanyň abraýyny artdyrdy+. Ysraýyllar Musa çuňňur hormat goýuşlary ýaly+, bütin ömrüne Ýuşa-da çuňňur hormat goýdular. 15  Soňra Ýehowa Ýuşa: 16  «Äht* sandygyny+ göterýän ruhanylara Iordan derýasyndan çykmagy buýur» diýdi. 17  Ýuşa ruhanylara: «Iordandan çykyň» diýdi. 18  Ýehowanyň äht sandygyny göterýän ruhanylar+ Iordandan çykyp, kenara aýak basan badyna, derýa ýene öňküsi ýaly joşup akyp başlady+. 19  Şeýlelikde, halk birinji aýyň onuna Iordandan geçip, Ýerihonyň gündogar serhedinde ýerleşýän Gilgala bardy+. 20  Ýuşa Iordan derýasyndan alnan 12 daşy Gilgalda goýdy+. 21  Soňra ysraýyllara şeýle diýdi: «Gelejekde çagalaryňyz: „Daşlar nämäni aňladýar?“ diýip sorasa+, 22  olara: „Ysraýyl halky Iordan derýasyndan geçende, gury ýerden ýöredi+. 23  Ýehowa Hudaý gözüňiziň alnynda Gyzyl deňzi guradyşy ýaly, Iordan derýasyny hem guratdy. Şeýdip, Ýehowa Hudaýyňyz tutuş halky gury ýerden geçirdi+. 24  Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Ýehowanyň gudratly güýjüni bilsin diýip etdi+. Şonuň üçin siz hem Ýehowa Hudaýyňyzdan hemişe gorkup ýaşaň“ diýip düşündiriň».

Çykgytlar

Ýa-da: ýatlatma.
Sözme-söz: Şaýatlyk.