Ýuşa 5:1—15

  • Gilgalda sünnetlenmek (1—9)

  • Pasha baýramy; ýere manna düşmeýär (10—12)

  • Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi (13—15)

5  Iordanyň günbatarynda ýaşaýan amorlaryň+ we deňiz kenarynda ýaşaýan kenganlaryň+ ähli hanlary Ýehowanyň Iordan derýasyny guradyp, ysraýyl halkyny gury ýerden geçirendigini eşitdiler. Muny eşidip, olaryň ýüregi ýaryldy+, olar ysraýyllardan şeýle bir gorkdular welin, hiç birinde gaýrat galmady+.  Şonda Ýehowa Ýuşa: «Çakmakdaşdan pyçak ýasap, ysraýyl erkeklerini sünnetle*»+ diýdi.  Ýuşa çakmakdaşdan pyçak ýasap, Gibeýat-haralotda*+ ysraýyl erkeklerini sünnetledi.  Sebäbi Müsürden çykan söweşe ukyply* ähli erkekler çölde heläk bolupdy+.  Müsürden çykan erkekler sünnetlenipdi, ýöne olaryň çölde doglan ogullary sünnetlenmändi.  Ýehowa ata-babalarymyza süýt bilen bal akýan ýurdy+ berjekdigine ant içipdi+. Emma Müsürden çykan adamlar Ýehowa gulak asmadylar+, şonuň üçin ählisi gyrlyp gutarýança, ysraýyllar 40 ýyllap+ çölde sergezdan boldular. Ýehowa şol erkekleriň ýurdy görmejekdigini aýdypdy+.  Hudaý olara derek ogullaryny getirdi+. Ýöne olar çölde sünnetlenmändi. Ýuşa olaryň ählisini sünnetledi.  Şeýdip, halkyň ähli erkekleri sünnetlendi. Olar aýaga galýança, düşelgede boldular.  Ýehowa Ýuşa: «Şu gün sizi müsürlileriň gyjalatyndan* dyndardym*» diýdi. Şol ýere henizem Gilgal*+ diýilýär. 10  Ysraýyllar Gilgalda bolup, şol aýyň 14-ne agşam Ýerihon düzlüginde Pasha baýramyny bellediler+. 11  Pashanyň ertesi halk ýurduň hasylyndan iýip başlady. Şol gün olar petir*+ bilen gowurga* iýdiler. 12  Ýurduň hasylyny iýen günlerinden başlap, ýere manna düşmedi. Ysraýyllar gaýdyp manna iýmediler+, şol ýyl olar Kengan ýurdunyň hasylyny iýip başladylar+. 13  Ýuşa Ýerihonyň golaýyna barypdy. Görse, öňünde eli gylyçly+ adam dur+. Ýuşa onuň ýanyna baryp: «Sen biziňkilerdenmi ýa duşmanlardan?» diýip sorady. 14  Ol bolsa: «Men Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi»+ diýdi. Ýuşa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: «Agam, näme hyzmat?» diýdi. 15  Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi: «Aýagyňdaky çarygy çykar, sen mukaddes ýerde dursuň» diýdi. Ýuşa şol bada çarygyny çykardy+.

Çykgytlar

Sözme-söz: ýene-de, ikinji sapar sünnetle.
Manysy: Sünnet baýry.
Ýa-da: gulluk ýaşyna ýeten.
Ýa-da: kemsitmesinden.
Sözme-söz: togalap aýyrdym.
Manysy: Togalamak; togalap aýyrmak.
Ýa-da: gowrulan bugdaý.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.