Ýuşa 7:1—26

  • Ysraýyllaryň Aý şäherinde ýeňlişi (1—5)

  • Ýuşanyň dogasy (6—9)

  • Günä sebäpli ysraýyllaryň ýeňlişi (10—15)

  • Günä eden Ahanyň daşlanmagy (16—26)

7  Emma ysraýyllar Hudaýa biwepalyk edip, ýok edilmeli zatlar baradaky tabşyrygy bozdular. Ýahuda taýpasynyň zera tiresinden, Zabdynyň agtygy, Karminiň ogly Ahan+ ýok edilmeli zatlaryň+ käbirini aldy. Şonda Ýehowanyň ysraýyllara gahary geldi+.  Ýuşa Ýerihondan Aý şäherine+ adam iberip: «Gidiň-de, ýurdy gözden geçiriň» diýdi. Aý şäheri Beýtaweniň golaýynda, Beýteliň+ gündogarynda ýerleşýärdi. Olar gidip, Aý şäherini gözden geçirdiler.  Soňra Ýuşanyň ýanyna gelip: «Şäheriň ilaty az eken, iki-üç müň esger bilenem basyp alyp bolýar, tutuş goşuny ibermek gerek däl. Esgerleri kösäp, hemmesini iberip oturma» diýdiler.  Şeýlelikde, 3 000 esger söweşe gitdi. Emma olar Aý şäheriniň adamlaryndan ýeňlip gaçdylar+.  Aý şäheriniň adamlary ysraýyllary derwezeden aşaklygyna Şebarime* çenli kowaladylar. Ysraýyllaryň 36 esgeri wepat boldy. Şonda olar gorkup, howsala düşdüler*.  Ýuşa bilen halkyň ýaşululary ýakasyny ýyrtyp, agşama çenli Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde bagryny ýere berip ýatdylar, başyndan gum sowurdylar.  Ýuşa: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, halky amorlaryň eline bermek üçin Iordandan geçirdiňmi? Iordanyň aňyrsynda* galan bolsak gowy bolardy!  Ýehowa, günämi geç, başga näme diýeýin? Halk duşmandan ýeňlip gaçdy.  Indi kenganlar we ýurtdaky beýleki halklar muny eşidip, daşymyzy gabamazmy? Olar halkyňy gyrsa, beýik adyňa ysnat gelmezmi?»+ diýdi. 10  Ýehowa Ýuşa: «Ýeriňden tur! Näme ýüzüňi ýere berip ýatyrsyň? 11  Ysraýyllar günä etdiler, tabşyrygyma gulak asman, ähtimi bozdular+. Ýok edilmeli zatlardan+ ogurlap+ gizlediler+. 12  Şonuň üçin ysraýyllar duşmana garşy durup bilmez, gaýtam ýeňlip gaçarlar. Halk başyna bela satyn aldy*. Ýok edilmeli zatlary araňyzdan aýyrmasaňyz, size kömek etmerin+. 13  Tur-da, halka tämizlenmegi tabşyr+. Olara şeýle diý: „Ertire çenli özüňizi tämizläň, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Eý ysraýyl halky, araňyzda ýok edilmeli zatlar bar. Olary aýyrmasaňyz, duşmana garşy durup bilmersiňiz. 14  Ertir irden ähli taýpalar ýygnansyn. Ýehowa haýsy taýpany saýlasa+, şol taýpa öňe çyksyn. Soňra olardan Ýehowanyň saýlan tiresi öňe çyksyn. Şol tireden haýsy maşgala saýlansa, şol maşgala öňe çyksyn. Ýehowanyň saýlan maşgalasyndaky adamlar ýeke-ýekeden öňe çyksyn. 15  Ýok edilmeli zatlar kimden çyksa, şol adamy ähli zady bilen otlaň+. Sebäbi ol Ýehowanyň ähtini bozup+, Ysraýylda masgaraçylyk etdi“» diýdi. 16  Ertesi Ýuşa daň bilen turup, halky taýpa-taýpa edip öňe çykardy. Şonda ýahuda taýpasy saýlandy. 17  Ýuşa ýahuda taýpasynyň tirelerini öňe çykaranda, zera+ tiresi saýlandy. Zeralar ýeke-ýekeden öňe çykanda, Zabdy saýlandy. 18  Ýuşa Zabdynyň maşgalasyny ýeke-ýekeden öňe çykaranda, ýahuda taýpasynyň zera tiresinden, Zabdynyň agtygy, Karminiň ogly Ahan saýlandy+. 19  Ýuşa Ahana: «Hany, oglum, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň öňünde* etmişiňi boýun al. Näme eden bolsaň, hiç zady gizlemän aýt» diýdi. 20  Şonda Ahan: «Boýun alýaryn, men Ysraýyl Hudaýy Ýehowa garşy günä etdim. 21  Oljalaryň arasynda owadan Şyngar+ donuny, 200 şekel* kümşi, agramy 50 şekel bir tokga altyny görüp durup bilmedim. Olary alyp, çadyrymda gömdüm, altyn-kümşi hem aşagynda goýdum» diýdi. 22  Ýuşa dessine adam iberdi. Olar ylgap, Ahanyň çadyryna baryp görseler, hakykatdanam, don gizlengi eken, aşagynda-da altyn-kümüş bar eken. 23  Olary çadyrdan çykaryp, Ýuşa we ysraýyllara getirip berdiler, soňra Ýehowanyň öňünde goýdular. 24  Ýuşa bilen ysraýyllar Zera ogly Ahany+, onuň alan kümşüni, gymmatbaha donuny, bir tokga altynyny+, ogul-gyzlaryny, öküzlerini, eşeklerini, maýda mallaryny, çadyryny we ähli zadyny Akor jülgesine+ äkitdiler. 25  Ýuşa Ahana: «Näme üçin başymyza bela getirdiň?+ Indi Ýehowa öz başyňa bela getirer» diýdi. Soňra bütin halk olary daşlady+, jesetlerini bolsa ýakdylar+. Şeýlelikde, olaryň ählisi daşlanyp öldürildi. 26  Olaryň üstüne daş üýşürdiler, şol daş üýşmegi henizem dur. Şondan soň Ýehowanyň gahary köşeşdi+. Şol jülgäniň ady Akor* bolup galdy.

Çykgytlar

Manysy: Daş alynýan ýer.
Sözme-söz: halkyň ýüregi eräp, suw ýaly akdy.
Ýagny gündogar tarapy.
Sözme-söz: Özlerem ýok edilmeli zada öwrüldi.
Ýa-da: Ýehowa hormat goýup.
Manysy: Bela-beter; betbagtçylyk.