Ýuşa 8:1—35

  • Ýuşa Aý şäherini gabaýar (1—13)

  • Aý şäheriniň basylyp alynmagy (14—29)

  • Gewal dagynda Kanun okalýar (30—35)

8  Ýehowa Ýuşa: «Gorkma, howsala düşme+. Tutuş goşuny al-da, Aý şäherine çoz. Aý şäherini, hanyny, halkyny we ýerlerini eliňe berýärin+.  Ýerihony we hanyny edişiň ýaly, Aý şäherini-de, hanyny-da ýok et+. Şäherdäki zatlary we mallary olja alyp bilersiňiz. Esgerler şäheriň arka tarapynda bukuda ýatsyn» diýdi.  Ýuşa tutuş goşuny alyp, Aý şäherine çozmaga gitdi. Ol 30 000 batyr esgeri saýlady-da, olary gije şähere ugradyp,  şeýle buýruk berdi: «Şäheriň arkasynda bukuda ýatyň. Şäherden uzaklaşmaň, ähliňiz taýyn boluň.  Men ýanymdaky esgerler bilen şäheriň golaýyna bararyn. Duşmanlar öňki ýaly üstümize hüjüm eder welin, biz gaçarys+.  Olar ýene-de gaçýandyrys öýdüp, yzymyzdan kowalar. Biz bolsa gaçan kişi bolup, olary şäherden uzaklaşdyrarys+.  Şonda siz bukudan çykyň-da, şähere çozuň, Ýehowa Hudaý şäheri eliňize berer.  Şäheri basyp alyp, ony otlaň+. Ähli zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly ediň. Menden buýruk şeýledir».  Ýuşa esgerleri iberdi. Olar gidip, Beýtel bilen Aý şäheriniň arasynda, Aý şäheriniň günbatarynda bukuda ýatdylar. Ýuşa şol gije beýleki esgerleriň ýanynda galdy. 10  Ýuşa daň bilen turup, esgerleri ýygnady. Ol halkyň ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý şäherine gitdi. 11  Goşun+ şäheriň öňünden baryp, Aý şäheriniň demirgazygynda düşelge gurdy. Şäher bilen goşunyň arasynda jülge bardy. 12  Şol wagt 5 000-e golaý esger Ýuşanyň tabşyryşy ýaly, Beýtel+ bilen Aýyň aralygynda, şäheriň günbatarynda bukuda ýatyrdy+. 13  Goşunyň köp bölegi şäheriň demirgazygynda+, galany bolsa günbataryndady+. Ýuşa şol gije jülgä bardy. 14  Aý şäheriniň hany muny gören badyna, daň bilen şäheriň adamlaryny ýygnap, düzlügiň golaýynda ysraýyllaryň garşysyna çykdy. Emma ol şäheriň arkasynda esgerleriň bukuda ýatandygyny bilmeýärdi. 15  Aý şäheriniň adamlary çozanda, Ýuşa esgerleri bilen çöle tarap gaçyp başlady+. 16  Şonda şäheriň ähli adamlary üýşüp, ysraýyllary kowalamaga gitdiler. Olar Ýuşanyň yzyndan kowalap, şäherden uzaklaşdylar. 17  Aý şäherinde we Beýtelde ýekeje erkek adam hem galmady, ählisi ysraýyllaryň yzyndan gitdi. Olar şäheriň derwezesini-de ýapman, ysraýyllary kowalamaga gitdiler. 18  Ýehowa Ýuşa: «Naýzaňy Aý şäherine uzat+, şäheri eliňe bererin»+ diýdi. Ýuşa naýzasyny şähere uzatdy. 19  Ol elini uzadan badyna, bukuda ýatan esgerler çykyp, şähere çozdular. Olar şäheri basyp aldylar-da, dessine otladylar+. 20  Aý şäheriniň adamlary yzyna seredip, şäherden çykýan gap-gara tüssäni gördüler. Olar aljyrap, nirä gaçjagyny bilmediler. Sebäbi çöle gaçan ysraýyllar yzyna öwrülip, olaryň üstüne gelýärdi. 21  Bukuda ýatan esgerler şäheri basyp alypdy, şäher tüsseläp durdy. Ýuşa bilen ysraýyllar muny görüp, yzyna öwrüldiler-de, Aý şäheriniň adamlaryna hüjüm etdiler. 22  Şäheri basyp alan esgerler hem şäherden çykyp, olaryň üstüne çozdular. Şeýlelikde, Aý şäheriniň adamlary ortada galdy, ysraýyllar olary iki tarapdan gabadylar. Olar duşmanyň ýekejesini-de goýman, ählisini gyrdylar+. 23  Aý şäheriniň hanyny+ bolsa diri ele salyp, Ýuşanyň ýanyna getirdiler. 24  Ysraýyllar yzlaryndan kowalan adamlary çölde gyrdylar, soňra Aý şäherine dolanyp, galan ilatyny hem gylyçdan geçirdiler. 25  Şol gün Aý şäheriniň 12 000 ilaty, aýal-erkekleriň ählisi gyryldy. 26  Aý şäheriniň ilaty bütinleý ýok edilýänçä+, Ýuşa naýzaly elini aşak goýbermedi+. 27  Ýehowanyň Ýuşa tabşyryşy ýaly, ysraýyllar şäherdäki zatlary we mallary olja aldylar+. 28  Ýuşa Aý şäherini otlap, harabaçylyga öwürdi+. Şäher häzirem haraba bolup ýatyr. 29  Ol Aý şäheriniň hanyny öldürip, agşama çenli pürsden* asyp goýdy. Gün ýaşyp barýarka, Ýuşa onuň jesedini pürsden düşürmegi buýurdy+. Jesedi şäher derwezesiniň agzyna taşlap, üstüne daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi henizem dur. 30  Şonda Ýuşa Gewal dagynda+ Ysraýyl Hudaýy Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gurdy. 31  Ol gurbanlyk ojagyny Ýehowanyň guly Musanyň ysraýyllara tabşyryşy ýaly, Musanyň kanunynda+ ýazylyşy ýaly, hiç hili demir degmedik, ýonulmadyk daşlardan gurdy+. Gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berdiler+. 32  Soňra Ýuşa Musanyň ysraýyl halkynyň öňünde ýazan Kanunyny daşlara göçürip aldy+. 33  Ähli ysraýyllar, halkyň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary äht sandygynyň iki tarapynda, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewi ruhanylara seredip durdylar. Olaryň arasynda gelmişeklerem bardy+. Ysraýyllara ak pata bermek üçin, halkyň ýarysy Gerizim dagynyň, ýarysy bolsa Gewal dagynyň+ öňünde durdy. Sebäbi Ýehowanyň guly Musa şeýle etmegi tabşyrypdy+. 34  Ýuşa tutuş Kanuny+, Kanunda ýazylan alkyşlary*+ we gargyşlary+ sesli okap berdi. 35  Ol ýekeje sözi hem goýman+, Musanyň ähli tabşyryklaryny bütin ysraýyl halkyna+, aýallara, çagalara we gelmişeklere+ okap berdi.

Çykgytlar

Ýa-da: agaçdan.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: bereketleri.