Ýuşa 9:1—27

  • Ätiýaçly hereket eden gibgonlylar (1—15)

  • Gibgonlylaryň eden işiniň üsti açylýar (16—21)

  • Gibgonlylar odun çöpläp, suw daşamaly (22—27)

9  Iordanyň günbatarynda+ — daglykda, Şepelada, Beýik deňziň*+ ýakasynda, Liwanyň garşysynda ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ hanlary bolan zatlary eşidip,  Ýuşa bilen ysraýyllara garşy söweşmek üçin dil düwüşdiler*+.  Ýuşanyň Ýerihon+ bilen Aý şäherini+ derbi-dagyn edendigini gibgonlylar+ hem eşitdi.  Olar ätiýaçly hereket edip, köne horjunlara iýmit, köne meşiklere şerap guýup, eşeklere ýüklediler.  Köne-küşül we ýyrtyk çaryklary, sal-sal eşikleri geýdiler. Horjunlaryna gatap giden, heňlän çörekleri saldylar.  Soňra Ýuşanyň ýanyna, Gilgaldaky+ düşelgä baryp, Ýuşa we ysraýyllara: «Biz äht baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler.  Emma ysraýyllar hiwilere+: «Belki, siz golaýda ýaşaýansyňyz, näme üçin äht baglaşaly?»+ diýdiler.  Olar Ýuşa: «Seniň guluň bolaly» diýdiler. Şonda Ýuşa: «Siz haýsy halkdan, nireden geldiňiz?» diýip sorady.  Olar: «Biz uzak ýurtdan geldik+. Ýehowa Hudaýyňyzyň ady, şan-şöhraty, Müsürde eden işleri hakda eşidip gaýtdyk+. 10  Iordanyň aňyrsynda* ýaşaýan amorlaryň iki hany — Heşbon hany Sihona+ we Aştarotdaky Başan hany Oga+ näme edendigini hem eşitdik. 11  Şonuň üçin halkymyz we ýaşulularymyz bize: „Gerek zadyňyzy alyň-da, ýola düşüň. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Biz bilen äht baglaşaýyň+, size gul bolaly“+ diýiň“ diýip tabşyrdylar. 12  Öýden çykan wagtymyz şu çörekler gyzgynjakdy, indi serediň, heňläp, gatap gidipdir+. 13  Şerap guýan meşiklerimiz täzejedi, olar hem deşilipdir+. Ýoluň uzaklygyndan ýaňa eşiklerimiz, çaryklarymyz hem ýyrtyldy» diýdiler. 14  Şonda ysraýyllar olaryň ähli zadyny barlap gördüler. Emma Ýehowadan maslahat soramadylar+. 15  Ýuşa gibgonlylar bilen ylalaşyk baglaşdy+, olary öldürmejegine ant içip, äht baglaşdy. Ysraýyl baştutanlary hem ant içdiler+. 16  Emma äht baglaşanlaryna üç gün bolanda, ysraýyllar olaryň golaýda ýaşaýandygyny bildiler. 17  Ysraýyllar ýola düşüp, üç günden gibgonlylaryň ýaşaýan şäherlerine bardylar. Olar Gibgon+, Kepira, Beýerot we Kirýat-ýegarim+ şäherlerinde ýaşaýardy. 18  Emma ysraýyllar gibgonlylaryň üstüne çozmadylar, sebäbi halkyň baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyndan ant içipdi+. Şonuň üçin tutuş halk baştutanlara hüňürdäp başlady. 19  Baştutanlar bolsa: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyndan ant içdik, indi olara hiç zat edip bilmeris. 20  Olara degmäliň, ýogsam Hudaýyň gahary geler»+ diýdiler. 21  Soňra baştutanlar: «Olary öldürmäliň, goý, halka odun çöpläp, suw daşap bersinler» diýdiler. Sebäbi baştutanlar gibgonlylara söz beripdi. 22  Ýuşa gibgonlylary çagyryp: «Bizi näme üçin aldadyňyz? Golaýda ýaşaýan ekeniňiz-ä! „Uzakdan geldik“ diýmäňiz näme?!+ 23  Size nälet bolsun+, indiden beýläk gul bolup, Hudaýymyň öýi üçin odun çöplärsiňiz, suw daşarsyňyz» diýdi. 24  Şonda gibgonlylar: «Ýehowa Hudaý Musa pygambere tutuş ýurdy size bermegi, ilatyny bolsa gyrmagy tabşyrypdyr+. Muny eşidip, gaty gorkduk+, ölmejek bolup şeýtdik+. 25  Indi bize näme etseňiz edäýiň» diýdiler. 26  Ýuşa gibgonlylar bilen ylalaşyp, olary ysraýyllaryň elinden halas etdi, halk olary öldürmedi. 27  Ýuşa olara halk üçin we Ýehowanyň saýlan ýerinde+ goýuljak gurbanlyk ojagy* üçin odun çöplemegi, suw daşamagy tabşyrdy+. Gibgonlylar häzirem şol işleri edýärler+.

Çykgytlar

Ýagny Ortaýer deňzi.
Ýa-da: ylalaşyk baglaşdylar.
Ýagny gündogar tarapy.
Sözlüge serediň.