Ýunus 3:1—10

  • Ýunus Ninewiýa barýar (1—4)

  • Ninewiýanyň halky toba edýär (5—9)

  • Alla şähere betbagtçylyk indermeýär (10)

3  Ýehowa ikinji sapar Ýunusa şeýle diýdi+:  «Bar, beýik şäher Ninewiýa+ ýola düş. Meniň aýtjak habarymy olara yglan et».  Ýunus Ýehowa gulak asyp+, ýerinden turdy⁠-⁠da, Ninewiýa+ gitdi. Ninewiýa örän uly şäherdi*. Şäheri aýlanyp çykmak üçin üç gün gerekdi.  Ýunus şähere bardy. Ol: «Ninewiýa 40 günden weýran bolar!» diýip, bir günlük ýol ýöräp jar çekdi.  Ninewiýanyň halkynyň ýaşy⁠-⁠garrysy, baýy⁠-⁠garyby Alla iman etdiler+, agyz bekläp, jul* geýdiler.  Habar Ninewiýanyň patyşasyna baryp ýetende, ol hem tagtyndan düşüp, şa lybasyny egninden çykardy⁠-⁠da, jul geýip, kül üstünde oturdy.  Soňra ol Ninewiýanyň halkyna şeýle buýruk berdi:«Patyşanyň we töre⁠-⁠begleriň permany bilen: adamlar, haýwanlar, mal⁠-⁠garalar hiç zat iýmesin, agzyna hiç zat almasyn, suw⁠-⁠da içmesin.  Ynsan⁠-⁠da, haýwan⁠-⁠da jul geýsin. Goý, her kes Alla ýalbarsyn, erbet ýolundan dönsün, zalym işlerinden el çeksin.  Kim bilýär, belki, hak Hudaý pikirini üýtgedip*, gaharyny saklar, şonda biz heläk bolmarys». 10  Hak Hudaý olaryň edenlerini, erbet ýolundan dönendiklerini görüp+, pikirini üýtgetdi*. Olaryň başyna betbagtçylyk indermedi+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýyň nazarynda uly şäherdi.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ökünip.
Ýa⁠-⁠da: ökündi.