Birinji Ýahýa 3:1—24

  • Biz Hudaýyň çagalary (1—3)

  • Hudaýyň we Iblisiň çagalary (4—12)

    • Isa Iblisiň işlerini ýok eder (8)

  • Biri⁠-⁠biriňizi söýüň (13—18)

  • Hudaý bizi gowy tanaýar (19—24)

3  Atamyzyň söýgüsi hakda oýlanyp görüň+. Ol bizi çagalary hasaplaýar+. Dogrudan⁠-⁠da, biz onuň çagalary. Emma dünýä bizi tanamaýar+, sebäbi ol Hudaýy tanamady+.  Eziz doganlarym, biz häzir Hudaýyň çagalary+, emma gelejekde nähili boljakdygymyz+ heniz äşgär bolmady. Ýöne ol äşgär bolanda, bizem onuň ýaly bolarys, sebäbi onuň nähilidigini göreris.  Oňa umyt edýän her kişi onuň tämiz bolşy ýaly+, özüni tämizleýär.  Günä edýän adam kanuny bozýar, sebäbi günä kanuny bozmagy aňladýar.  Bilşimiz ýaly, Isa günälerimizi aýyrmak üçin geldi+, ýöne özi günäsizdi.  Isa bilen agzybir bolanlaryň hiç biri günä edýän däldir+. Günä eden adam bolsa ony ne görendir, ne⁠-⁠de tanandyr.  Balalarym, aldanmaň! Dogruçyl adam Isa ýaly dogruçyl bolýandyr.  Günä edýän adam Iblisiň golastyndadyr, sebäbi Iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär+. Hudaýyň Ogly bolsa Iblisiň işlerini ýok etmäge geldi+.  Hudaýyň çagalary günä edýän däldir+. Olarda Hudaýyň mukaddes ruhy bardyr. Olar Hudaýyň perzentleri bolandygy üçin günäli işlere baş goşmaýarlar+. 10  Hudaýyň çagalarynyň we Iblisiň çagalarynyň tapawudy bar. Dogry işleri etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýyň çagasy däldir+. 11  Siz öňden bäri birek⁠-⁠biregi söýüň diýen tabşyrygy+ eşidip gelýärsiňiz. 12  Biz Kabyl ýaly bolmaly däl. Ol Iblisiň* çagasydy, inisini öldürdi+. Kabyl inisini näme üçin öldürdi? Sebäbi öz işleri zalymdy+, inisiniňki bolsa dogrudy+. 13  Doganlar, dünýäniň sizi ýigrenýändigine geň galmaň+. 14  Biz ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris+, sebäbi doganlary söýýäris+. Doganyny söýmeýän öli ýaly bolýandyr+. 15  Doganyny ýigrenýän ganhordyr+, siz bolsa hiç bir ganhoryň ebedi ýaşamajakdygyny bilýänsiňiz+. 16  Şeýlelikde, biz söýginiň nämedigini bildik, sebäbi ol biziň üçin janyny gurban etdi+. Diýmek, biz hem doganlar üçin janymyzy gurban etmäge borçludyrys+. 17  Kimiň mümkinçiligi bolup⁠-⁠da, mätäç doganyny görüp, rehimi inmese, Hudaýy söýüp bilermi?+ 18  Balalarym, biz diňe sözde we dilde däl⁠-⁠de+, iş ýüzünde+ hem⁠-⁠de hakykatdan söýmelidiris+. 19  Şeýle edýän bolsak, diýmek, hakykat boýunça ýaşaýarys we Hudaýyň öňünde arkaýyn bolarys. 20  Käbir zatlarda ýüregimiz bizi ýazgarsa⁠-⁠da, şuny unutmalyň: Hudaý bizi ýüregimizden has gowy tanaýar* we ähli zady bilýär+. 21  Eziz balalarym, eger ýüregimiz bizi günäkärlemeýän bolsa, onda Hudaýyň öňünde çekinmän* gepläp bileris+. 22  Biz ondan näme dilesek alýarys+, sebäbi onuň tabşyryklaryny berjaý edip, göwnüne ýaraýan zatlary edýäris. 23  Hudaýyň tabşyrygy şudur: Ogly Isa Mesihe iman edip+, onuň tabşyryşy ýaly bir⁠-⁠birimizi söýmeli+. 24  Şeýle⁠-⁠de tabşyryklaryny berjaý edýän adam onuň bilen agzybirligi saklaýandyr, ol hem onuň bilen agzybirdir+. Onuň bilen agzybirdigimizi bize berýän ruhundan bilýäris+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: zalymyň.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregimizden hem uludyr.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.