1 Şamuwel 11:1—15

  • Şawul ammonlary gyrýar (1—11)

  • Şawulyň gaýtadan patyşa bellenmegi (12—15)

11  Soňra ammonlaryň+ patyşasy Nahaş goşuny bilen gelip, Gileadda ýerleşýän Ýabeş+ şäheriniň daşyny gabady. Ýabeşiň ilaty oňa: «Biz bilen ylalaşyk baglaş, guluň bolaly» diýdiler.  Ammon patyşasy Nahaş: «Bolýar, ýöne bir şertim bar. Hemmäňiz sag gözüňizi oýduryň. Şeýdip, Ysraýyly masgaralajak» diýdi.  Ýabeşiň ýaşululary: «Bize ýedi gün wagt ber, tutuş Ysraýyla habar ýollaly. Eger bizi halas etjek adam tapylmasa, saňa boýun egeris» diýdiler.  Biraz wagtdan habarçylar Şawulyň şäheri Gibeýa*+ baryp, ähli zady halka gürrüň berdiler. Muny eşiden adamlar ses edip aglaşdylar.  Şawul öri meýdandan sürini alyp gelýärdi. Ol: «Adamlara näme boldy? Näme üçin aglaşýarlar?» diýip sorady. Şonda Şawula ýabeşlileriň aýdan zatlaryny gürrüň berdiler.  Muny eşiden Şawulyň üstüne Hudaýyň ruhy indi+. Ol gahar-gazaba münüp,  iki öküzi bölek-bölek etdi-de, olary habarçylara berip, tutuş Ysraýylda: «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, maly şeýle ediljekdir» diýip jar çekdirdi. Şonda halky Ýehowadan gorky gaplap aldy, olaryň bary bir adam ýaly bolup ýygnandy.  Şawul olary Bezekde sanady. Görse, ysraýyllardan 300 000, ýahudalardan 30 000 adam bar eken.  Olar ýabeşli habarçylara şeýle diýdiler: «Gileaddaky Ýabeş ilatyna: „Ertir günortan* halas bolarsyňyz“ diýiň». Habarçylar gidip, ähli zady ýabeşlilere gürrüň berdiler. Olar muňa begendiler. 10  Ýabeşliler ammonlara: «Ertir size boýun egeris. Onsoň, näme etseňiz, edäýiň»+ diýdiler. 11  Ertesi Şawul esgerleri üç topara böldi. Olar daň atmanka*, duşman düşelgesine girip, ammonlary+ günortana çenli gyrdylar. Diri galanlary bolsa aýagaldygyna gaçyp, dyr-pytrak boldy. 12  Adamlar Şamuwele: «„Şawuldanam bir patyşa bolarmy?“+ diýenler nirede? Olary elimize ber, ýoguna ýanaly!» diýdiler. 13  Emma Şawul: «Ýok, bu gün gan döküp bolmaz+, sebäbi Ýehowa Ysraýyly halas etdi» diýdi. 14  Soňra Şamuwel: «Ýörüň, Gilgala+ gidip, Şawuly täzeden patyşa belläliň»+ diýdi. 15  Tutuş halk Gilgala baryp, Şawuly Ýehowanyň huzurynda patyşa edip belledi. Soňra Ýehowanyň huzurynda parahatlyk gurbanlyklary berdiler+. Şawul bilen ysraýyllar şatlyk-şagalaň etdiler+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Şawulyň Gibeýasyna.
Sözme-söz: Günüň gyzan wagty.
Sözme-söz: säher çagynda. Gije sagat 2:00-dan daňdan 6:00-a çenli aralyk.