1 Şamuwel 18:1—30

  • Dawut bilen Ýonatanyň dostlugy (1—4)

  • Şawulyň Dawuda göripçiligi (5—9)

  • Şawul Dawudy öldürjek bolýar (10—19)

  • Dawut Şawulyň gyzy Mihala öýlenýär (20—30)

18  Dawudyň Şawula aýdan sözlerini eşidip, Ýonatan+ ony juda gowy gördi. Ýonatan Dawut bilen jana-jan dost boldy+.  Şawul hem Dawudy öýüne goýbermän, ýanynda alyp galdy+.  Ýonatan Dawudy janyndan hem eziz görüp+, onuň bilen äht baglaşdy+.  Ol egnindäki donuny* çykaryp, Dawuda berdi, ýaraglaryny, gylyjyny, ýaýyny, guşagyny-da berdi.  Dawut söweşlere gatnaşyp başlady. Şawul nirä iberse-de, Dawudyň edeni ugruna bolýardy*+. Şonuň üçin Şawul ony batyr ýigitlerine baş edip goýdy+. Şawulyň nökerleri-de, tutuş halk-da muny halady.  Dawut esgerleri bilen piliştlileri derbi-dagyn edip gelende, Ysraýylyň ähli şäherlerinden gelin-gyzlar çykyp, deprek+, tanbur* çalyp, aýdym aýdyp+, tans edip, şatlyk-şowhun bilen Şawul patyşany garşylardylar.  Olar ýeňşiň şanyna aýdym aýdyp: «Şawul müňüsini öldürdi,Dawut on müňüsini»+ diýerdiler.  Şawul aýdymy halaman, gaty gaharlandy+. Ol içinden: «Görsene, men bary-ýogy müňüsini, Dawut bolsa on müňüsini ýeňipmiş. Indi Dawuda diňe tagty beräýmek galdy!»+ diýdi.  Şondan soň Şawul Dawuda müňkürlik edip başlady. 10  Ertesi gün Hudaý Şawuly ynjalykdan gaçyrdy*+. Ol öýde özüni birhili alyp barýardy*. Şol wagt Dawut hemişekisi ýaly, arfada saz çalyp otyrdy+. Şawulyň elinde naýza bardy+. 11  Ol içinden: «Dawudy diwara çüýläýin-le!» diýip, iki gezek naýza zyňdy+. Emma Dawut sowlup ýetişdi. 12  Ýehowa Dawudy goldaýardy+, Şawuldan bolsa ýüz öwrüpdi+, şonuň üçin Şawul Dawutdan gorkýardy. 13  Şawul Dawudy ýanyndan aýryp, müňbaşy etdi. Dawut goşuna baş bolup, söweşe çykardy+. 14  Ýehowa Dawudy goldaýardy+, şonuň üçin edeni ugruna bolýardy+. 15  Şawul Dawudyň ähli işiniň oňuna bolýanyny görüp, has-da gorkdy. 16  Tutuş Ysraýyl we Ýahuda ilaty Dawudy gowy görýärdi, sebäbi ol söweşlerde goşunyň öňüni çekerdi. 17  Şawul Dawuda: «Saňa uly gyzym Meýraby bereýin+. Hyzmatymda durup, Ýehowa üçin mertlerçe söweşseň bolýar»+ diýdi. Sebäbi Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün»+ diýip pikir edýärdi. 18  Dawut bolsa: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kimmişim? Dogan-garyndaşlarym, atamyň hojalygy Ysraýylda kim bolupdyr?»+ diýdi. 19  Emma Meýraby Dawuda bermeli wagty gelende, Şawul gyzyny eýýäm meholaly Adryýele+ durmuşa çykaran eken. 20  Şawulyň Mihal+ atly gyzy Dawudy gowy görýärdi. Şawul muny eşidip, juda begendi. 21  Ol: «Şu gyzymy bersem, Dawudy duzaga düşürip, piliştlileriň elinden öldürerin»+ diýip pikir etdi. Şawul Dawuda ýene-de: «Gel, garyndaşlyk açaly» diýdi. 22  Soňra ol hyzmatkärlerine: «Bilmediksirän bolup, Dawut bilen gepleşiň-de: „Patyşanyň saňa göwni ýetýär, emeldarlary hem seni gowy görýär. Patyşanyň gyzyna öýlenseň gowy bolar“ diýiň» diýip tabşyrdy. 23  Hyzmatkärler muny Dawuda aýdanlarynda, ol: «Şa gyzyna öýlenmek aňsatdyr öýdýäňizmi? Meniň üýşüp ýatan baýlygym ýok, özümem at-abraýly däl»+ diýdi. 24  Olar hem Dawudyň aýdanlaryny Şawula ýetirdiler. 25  Muny eşiden Şawul şeýle buýruk berdi: «Gidiň-de, Dawuda: „Patyşa senden galyň soranok+. Ol duşmanlaryndan ar almak üçin, 100 piliştlini sünnetläp+, pürçügini getirmegiňi isleýär“ diýiň». Aslynda, Şawul Dawudy piliştlileriň elinden öldürjek bolýardy. 26  Hyzmatkärler patyşanyň aýdanlaryny Dawuda habar berdiler. Dawut hem şanyň giýewsi+ bolanyny kem görmedi. Şonuň üçin ol heniz berlen möhlet dolmanka, 27  esgerleri bilen gidip, 200 piliştlini öldürdi. Şa gyzyna öýlenmek üçin, pürçükleri patyşa getirip berdi. Şawul hem gyzy Mihaly Dawuda durmuşa çykardy+. 28  Şawul Ýehowanyň Dawudy goldaýandygyna+, gyzy Mihalyň hem ony juda gowy görýändigine düşündi+. 29  Şonda ol Dawutdan has-da gorkup başlady. Şawul bütin ömrüne Dawuda duşman boldy+. 30  Piliştli hanlar Ysraýyla häli-şindi çozardy. Her gezek Şawulyň beýleki hyzmatkärlerine garanyňda, Dawut köp üstünlik gazanardy+. Il içinde Dawudyň abraýy gitdigiçe artýardy+.

Çykgytlar

Ýa-da: ýeňsiz donuny.
Ýa-da: ol paýhasly hereket edýärdi.
Gitara meňzeş gadymy saz guraly.
Sözme-söz: Şawulyň üstüne Hudaýdan gelen zalym ruh indi.
Ýa-da: Ol özüni pygamber ýaly alyp baryp başlady.