1 Şamuwel 21:1—15

  • Dawut Nob galasynda hödür çöregini iýýär (1—9)

  • Dawut Getde özüni däli ýaly alyp barýar (10—15)

21  Biraz wagtdan Dawut Nob+ galasyna Agamälik ruhanynyň ýanyna bardy. Dawudy gören Agamälik gorkup: «Ýeke gelipsiň-le, ýanyňda adam ýokmy?»+ diýdi.  Dawut: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. „Näme iş bilen iberýänimi, nähili tabşyryk berýänimi hiç kime aýtma“ diýdi. Şonuň üçin nökerlerime başga ýerde görşeris diýdim.  Gaýrat edip, bäş çörek ýa-da iýere nämäň bolsa ber» diýdi.  Ruhany: «Mukaddes çörekden+ başga zad-a ýok. Nökerleriň aýala ýanaşmadyk* bolsa bereýin»+ diýdi.  Şonda Dawut: «Öňki söweşlerde bolşy ýaly, bu gezegem hiç kim aýala ýanaşmady+. Eger nökerlerim adaty söweşlerde özüni arassa saklaýan bolsa, munuň ýaly wajyp günde has arassa bolmazmy?!» diýdi.  Şonda ruhany Dawuda mukaddes çörekleri+ berdi, sebäbi başga çörek ýokdy. Şol gün Ýehowanyň huzuryndaky hödür çörekleri aýryp, ýerine gyzgyn çörekleri goýupdylar.  Şawulyň bir hyzmatkäri hem şol gün Ýehowanyň huzuryna barypdy. Ol Şawulyň baş çopany, edomly+ Döwekdi+.  Dawut Agamälige: «Bärde naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň ýumşy gyssagly bolansoň, ne gylyç, ne-de ýarag alypdyryn» diýdi.  Ruhany: «Elah jülgesinde+ öldüren piliştli Jalutyň+ gylyj-a bar. Hanha, öňlügiň*+ aňyrsynda mata dolangy dur. Gerek bolsa, şony alaý, başga ýarag ýok» diýdi. Dawudam: «Hä, ol-a gowy gylyç bolmaly, şony beräý» diýdi. 10  Şol gün Dawut Şawuldan gaçyp+, Get+ galasynyň hany Akyşyň ýanyna bardy. 11  Akyş hanyň hyzmatkärleri: «Ol Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? Gelin-gyzlar:„Şawul müňüsini öldürdi,Dawut on müňüsini“ diýip, şanyna aýdym aýdyp, tans edipdi»+ diýdiler. 12  Muny eşiden Dawut Get hany Akyşdan gorkup+, howsala düşdi. 13  Ol kemakylsyrap+, özüni däli ýaly alyp bardy. Ol agzyndan gyllygyny akdyryp, derwezä bir zatlar çyzyşdyran boldy. 14  Şonda Akyş han hyzmatkärlerine: «Serediň, ol däli ahyryn! Näme üçin getirdiňiz? 15  Öňem-ä dälimiz ýetik, indi muňa-da tomaşa et diýýäňizmi? Heý, beýle adamy öýe salyp bolarmy?» diýdi.

Çykgytlar

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.