1 Şamuwel 26:1—25

  • Dawut ýene⁠-⁠de Şawuly öldürmeýär (1—25)

    • Ýehowanyň bellänine hormat goýan Dawut (11)

26  Birnäçe wagtdan Zibiň+ ýaşaýjylary Şawulyň ýanyna Gibeýa+ baryp: «Dawut Ýeşimonyň* garşysyndaky Hakyla baýyrlygynda gizlenip ýör»+ diýdiler.  Şonda Şawul Ysraýylyň 3 000 batyr ýigidini alyp, Zip çölüne Dawudyň gözlegine çykdy+.  Şawul Ýeşimonyň garşysynda ýerleşýän Hakyla baýyrlygynda, ýoluň ugrunda düşelge gurdy. Şol wagt Dawut çöldedi, ol Şawulyň yzarlap, çöle gelendigini eşitdi.  Emma Dawut munuň anygyna ýetmek üçin içaly iberdi.  Soňra Dawut Şawulyň düşelgesine bardy. Görse, Şawul we goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ uklap ýatyr. Esgerler hem Şawulyň daş-töwereginde ýatan eken.  Dawut hetlerden+ Agamälige we Seruýanyň+ ogly, Ýowabyň dogany Abyşaýa+: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň ýanyna gitjek?» diýdi. Abyşaý: «Men!» diýip jogap berdi.  Dawut bilen Abyşaý ýarygije düşelgä girdi. Şawulyň daş-töwereginde esgerler ýatyrdy, başujunda naýzasy sünjülgi durdy. Abnur bilen esgerler Şawulyň daş-töwereginde ýatan eken.  Abyşaý Dawuda: «Ine, Hudaý duşmanyňy eliňe berdi+. Rugsat berseň, ony naýza bilen bir gezekde ýere çüýläýin, ikilenç urmaly bolmaryn» diýdi.  Emma Dawut: «Ýok, degme. Ýehowanyň bellänine+ el göteren adam günäsiz galmaz»+ diýdi. 10  Soňra ol: «Ýehowa diri şaýatdyr, Şawuly ýa-ha Ýehowanyň özi heläk eder+, ýa ol öz ajalyna öler+, ýa-da uruşda wepat bolar+. 11  Ýehowanyň bellänine el galdyrsam, Ýehowa asla halamaz!+ Bar, başujunda duran naýza bilen küýzäni al, soň bärden gideli» diýdi. 12  Olar Şawulyň başujunda duran naýza bilen küýzäni alyp gaýtdylar. Muny görenem, bilenem bolmady+. Hiç kim oýanmady, hemmeler süýji ukuda ýatyrdy, sebäbi Ýehowa olary agyr uka gidiripdi. 13  Dawut beýleki tarapa geçip, dagyň depesine çykdy. Olaryň aralygy ep-esli bardy. 14  Dawut esgerlere we Nur ogly Abnura+: «Abnur, eşidýäňmi?» diýip gygyrdy. Abnur: «Gykylyklap, patyşany bimaza edýän kim?» diýdi. 15  Şonda Dawut: «Abnur, hany, seniň gaýratyň? Ysraýylda saňa taý geljek ýog-a. Näme üçin şa hezretlerini goramadyň? Esgerleriň biri baryp, patyşany tas öldüripdi+. 16  Munyň-a bolmaýar. Ýehowa diri şaýatdyr, hökümdaryňy, Ýehowanyň bellänini+ goramandygyň üçin, sen ölüme mynasyp! Hany, seret, patyşanyň başujunda duran naýza bilen küýze nirede?»+ diýdi. 17  Şawul Dawudyň sesini tanap: «Dawut, oglum, senmi?»+ diýdi. Dawut: «Hawa, patyşahym» diýip jogap berdi. 18  Soňra ol: «Hökümdarym, meni näme üçin yzarlaýaň?+ Etmişim näme? Saňa näme ýamanlyk etdim?+ 19  Patyşahym, ýalbarýaryn, aýtjak sözümi diňle. Eger seni maňa garşy çykaran Ýehowa bolsa, goý, ol galla sadakamy kabul etsin. Ýöne seni adamlar öjükdirýän bolsa+, Ýehowa olary näletlesin. Sebäbi olar: „Git-de, başga taňrylara sežde et!“ diýip, meni Ýehowanyň mirasyndan+ aýra salýarlar. 20  Ysraýyl patyşasy daga käkilik awlamaga çykan ýaly, bir büräniň+ gözlegine çykypdyr, ýöne meniň ganym Ýehowanyň huzuryndan uzakda dökülmesin» diýdi. 21  Şonda Şawul: «Men günä etdim+. Dawut, oglum, ýör, öýe gaýdaly, saňa hiç zat etmerin, sebäbi sen maňa rehim etdiň+. Men bolsa akylsyzlyk edip, juda ýalňyşypdyryn» diýdi. 22  Dawut: «Patyşahym, ine seniň naýzaň. Ýigitlerden biri gelip äkitsin. 23  Ýehowa adalatly we wepaly adamy sylaglar+. Şu gün Ýehowa seni elime berse-de, Ýehowanyň bellänine el galdyrmak islemedim+. 24  Şu gün janyňy nähili aýap saklan bolsam, goý, Ýehowa-da meniň janymy aýap saklasyn, bela-beterlerden dyndyrsyn»+ diýdi. 25  Şawul: «Dawut, oglum, Hudaý seni ýalkasyn! Sen uly işleri bitirersiň, edeniň ugruna bolar»+ diýdi. Soňra Dawut öz ýoly bilen gitdi, Şawul bolsa öýüne gaýtdy+.

Çykgytlar

Başga manysy: çölüň.