1 Şamuwel 27:1—12

  • Piliştlileriň Ziklag şäheri Dawuda berilýär (1—12)

27  Emma Dawut: «Şawul meni ahyry bir gün öldürer. Gowusy, piliştlileriň ýurduna gaçaýyn+. Meni Ysraýyldan tapmasa, gözlemekden ýadap, yzarlamagyny goýar+. Şeýdip, Şawulyň elinden gutularyn» diýip pikir etdi.  Dawut 600 adamy+ bilen Getiň hany Magoh ogly Akyşyň ýanyna gitdi+.  Ol adamlary bilen Getde Akyş hanyň ýanynda ýaşady, hersiniň öz hojalygy bardy. Dawudyň iki aýaly: ýizregelli Aganogam+ bilen Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl+ hem ýanyndady.  Şawul Dawudyň Get galasyna gaçyp gidenini eşidip, ony gözlemegini bes etdi+.  Dawut Akyş hana: «Göwnüňden turan bolsam, gaýrat edip, ýurduň kiçiräk şäherlerinden ýaşar ýaly ýer ber. Beýdip patyşanyň şäherinde ýaşap ýörmäýin» diýdi.  Şol gün Akyş han Dawuda Ziklag+ şäherini berdi. Şonuň üçin Ziklag şu wagta çenli Ýahuda patyşalarynyňky hasaplanýar.  Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady+.  Ol adamlary bilen Telamdan Şura+ we Müsüre çenli aralykda ýaşaýan geşurlylaryň+, girzitleriň hem-de amalekleriň+ üstüne çozardy.  Dawut olara hüjüm edip, aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy+. Egin-eşikleri, maýda mallary, öküzleri, sygyrlary, düýeleri, eşekleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna barardy. 10  Akyş han: «Bu gün nirä çozduňyz?» diýip sorardy. Dawut: «Ýahudanyň+ günortasyna*, ýerehmilleriň+ günortasyna, kenleriň+ günortasyna» diýip jogap bererdi. 11  Dawut ähli erkekleri we aýallary öldürip, Get galasyna ýesir getirmezdi, sebäbi: «Olary diri galdyrsak: „Ine Dawudyň edip ýören zady“ diýip, bizi ýamanlar» diýýärdi. Dawut piliştlileriň ýurdunda ýaşaýarka, hemişe şeýderdi. 12  Akyş han Dawuda ynanýardy. Ol: «Dawut öz halkyna duşman boldy, indi hemişe maňa gulluk eder» diýip pikir edýärdi.

Çykgytlar

Ýa-da: Ýahudadaky Negebe.