1 Şamuwel 28:1—25

  • Şawul Endordaky jadygöý aýalyň öýünde (1—25)

28  Şol wagtlar piliştliler ysraýyllar bilen söweşmek üçin goşunlaryny ýygnadylar+. Akyş han Dawuda: «Senem adamlaryň bilen maňa goşulyp, söweşe gidersiň»+ diýdi.  Dawut: «Guluň mydama hyzmatyňa taýyndyr» diýdi. Şonda Akyş han: «Indiden beýläk meniň nökerim bolarsyň»+ diýdi.  Şamuwel eýýäm aradan çykypdy. Ysraýyllar Şamuweliň ýasyny tutup, dogduk şäheri Ramada jaýlapdylar+. Şawul bolsa jadygöýleri we bilgiçleri* ýurtdan kowupdy+.  Piliştliler ýygnanyşyp, Şunemde+ düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary ýygnap, Gilbowada+ düşelge gurdy.  Ol piliştlileriň goşunyny görüp, gorkudan ýaňa sandyrap başlady+.  Şawul Ýehowany näçe çagyrsa-da+, Ýehowa ne düýş, ne urym*+, ne-de pygamberler arkaly jogap berýärdi.  Ahyry ol hyzmatkärlerine: «Maňa bir jadygöý aýal tapyň+. Gidip, ondanam sorap göreýin» diýdi. Olaram: «Endorda+ bir jadygöý aýal-a bar» diýdiler.  Şawul özüni tanatmajak bolup, başga eşik geýdi-de, ýanyna iki adamy alyp, gije şol aýalyň öýüne gitdi. Şawul oňa: «Ruhlara ýüz tutup, pal at-da+, aýdan adamymy çagyryp ber» diýdi.  Emma jadygöý aýal: «Şawulyň jadygöýleri we bilgiçleri Ysraýyldan kowanyny bileňokmy?+ Meni duzaga düşürip, öldürtjek bolýan-a dälsiň?»+ diýdi. 10  Şonda Şawul Ýehowadan ant içip: «Ýehowa diri şaýatdyr, seni hiç kim günäkärlemez!» diýdi. 11  Jadygöý: «Kimi çagyryp bereýin?» diýip sorady. Şawul hem: «Şamuweli» diýdi. 12  Ol aýal «Şamuweli»*+ görende, çirkin gygyryp, Şawula: «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ekeniň-ä!» diýdi. 13  Patyşa: «Gorkma-da, näme görýäniňi aýt» diýdi. Jadygöý aýal: «Taňra meňzeş biri ýeriň astyndan çykyp gelýär» diýdi. 14  Şawul: «Sypaty nähili?» diýip sorady. Aýal: «Egni donly ýaşuly»+ diýip jogap berdi. Şawul onuň «Şamuweldigine» düşünip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 15  «Şamuwel» Şawula: «Meni çagyryp, näme üçin bimaza edýäň?» diýdi. Şawul: «Çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Üstüme piliştliler gelýär. Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi, ne pygamber, ne-de düýş arkaly jogap berýär+. Näme etjegimi bilmän, seni çagyrdym»+ diýdi. 16  «Şamuwel» oňa: «Ýehowa senden el çekip+, duşmanyň bolan bolsa, maňa näme üçin ýüz tutýaň? 17  Ýehowa men arkaly aýdan zatlaryny eder. Ýehowa patyşalygy eliňden sogrup alyp, ýanyňdakylaryň birine, has dogrusy, Dawuda berer+. 18  Sen Ýehowa gulak asmadyň. Onuň gazabyny tutaşdyran amalekleri bütinleý ýok etmediň+. Şonuň üçin Ýehowa seni şu güne saldy. 19  Ýehowa seni-de, Ysraýyly-da piliştlileriň eline berer+. Ertir ogullaryň bilen meniň ýanymda bolarsyň+. Ýehowa Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer»+ diýdi. 20  Şawul «Şamuweliň» aýdan zatlaryndan gaty gorkup, ýüzinligine ýere ýykyldy. Şol gün gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, halys ysgyndan gaçypdy. 21  Jadygöý aýal Şawulyň ýanyna gelip, öler ýaly gorkanyny görende: «Gyrnagyň haýyşyňy bitirdi, janyny howp astyna salyp+, aýdyşyň ýaly etdi. 22  Indi senem gyrnagyňy diňle. Saňa bir döwüm çörek bereýin. Yzyňa gaýtmaga güýjüň bolar ýaly, birki agyz iý» diýdi. 23  Emma Şawul: «Ýok, iýjek däl» diýdi. Ýöne hyzmatkärleri bilen jadygöý aýal ýalbaryp duransoň, ýerinden turdy-da, düşege geçip oturdy. 24  Jadygöý aýalyň gapysynda semiz gölesi bardy. Aýal derrew göläni soýdy-da, hamyr ýugrup, petir* bişirdi. 25  Soňra getirip, Şawul bilen hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar iýip-içip, gijäniň içinde ýola düşdüler+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Jadygöý aýal Şamuweliň keşbine giren jyn-arwahy görýär.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.