1 Şamuwel 29:1—11

  • Piliştlileriň Dawuda ynanmazçylygy (1—11)

29  Piliştliler+ goşunlaryny Apege ýygnadylar, ysraýyllar bolsa Ýizregeldäki+ çeşmäniň boýunda düşelge gurdular.  Piliştli hanlar esgerlerini ýüze, müňe bölüp, topar-topar bolup çykdylar. Yzlaryndan bolsa Akyş+ han, Dawut bilen adamlary gelýärdi.  Piliştli han-begler: «Ýewreýler bärde näme işläp ýör?» diýdiler. Akyş han: «Ol Ysraýyl patyşasy Şawulyň hyzmatkäri Dawut. Ol bir ýyldan gowrak meniň ýanymda bolup ýör+. Geleli bäri ondan ýamanlyk görmedim» diýip jogap berdi.  Emma piliştli han-begler gaharlanyp, şeýle diýdiler: «Dawudy yzyna ugrat+, beren şäheriňe gaýtsyn. Ol urşa gitmesin, ýogsam bize garşy söweşer+. Hojaýynyna ýaranjak bolup, biziň kellämizi kesmekden hem gaýtmaz. Ol şeýle pursada garaşyp ýörendir.  Onsoňam, halky aýdym aýdyp, tans edip, ony taryplap şeýle diýdiler: „Şawul müňüsini öldürdi,Dawut on müňüsini“»+.  Şonda Akyş+ han Dawudy çagyryp: «Ýehowa diri şaýatdyr, sen ynamdar adam. Ýanyma geleliň bäri senden ýamanlyk görmedim+. Maňa galsa-ha, seni goşunym bilen söweşe äkitjek+, ýöne hanlaryň saňa ynamy ýok+.  Gowusy, yzyňa gaýt, hanlaryň gaharyny getirme» diýdi.  Emma Dawut: «Han aga, etmişim näme? Ýanyňa gelelim bäri menden näme ýamanlyk gördüň? Hökümdarym, indi seniň bilen gidip, duşmanlaryňa garşy söweşip bilmerinmi?» diýdi.  Şonda Akyş han: «Meniň üçin-ä sen edil Hudaýyň perişdesi ýaly+. Ýöne piliştli han-begler: „Ol biz bilen urşa gitmesin“ diýip durlar-da. 10  Daňdan adamlaryň bilen ýola düş. Jahan ýagtylmanka, bärden gitseň gowy bolar» diýdi. 11  Dawut daň bilen turup, adamlary bilen Pilişt ýurduna dolandy. Piliştliler bolsa Ýizregele+ gitdi.

Çykgytlar